Geliň tanyşalyň! Şadyýan @Nairobi bilen...

Salam arzylylar! Sag salamatmysyňyz?! Siziň nurana ýüzüňizden hiç haçan ýylgyryş, mähir, sylaşyk aýrylmazlygyny diläp, mowzuga başlaýas. Bu gün saýtymyzyň iň şadyýan, käwagty dagy iň aktiw, iň gyzykly we lälik agzasy hanym @Nairobi bilen ýakyndan tanyşarys. Düzgünlerimiz şol öňki.
Mugallym taýyn bolsa başlaly:
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Näme üçin @Nairobi. @Janita, @Angeloçka, @Prinsessa ýa-da @Babulýa däl?
3. Durmuşyňyzdaky iň bagtly günüňiz barada gürrüň beräýiň. (Okuwa näçe bilen girdiňiz?).
4. @Nairobi iň şadyýan agzalaryň biri, ýöne, onuňam gynanýan, strese düşýän wagtlary bolýandyr, beýle ýagdaýdan nähili çykyp gidýärsiňiz?
5. Şahsy durmuşyňyz barada gürrüň beräýiň. (Size öýlenesi gelýän ýigitde bolmaly aýratynlyklar haýsylar).
6. Söýýän bagtlymy ýa söýülýän? Näme üçin?
7. Aýdaly, okuwda gowy görüşýän joraňyz bar. Elbetde o ýerde men ýaly görmegeý oglanlaram bar diýeli. Joraňyz ikiňiz bir oglany haladyňyz, olam suw meýilli gurbaga ikiňizden biriňizi saýlap bilenok. Söýgüni saýlardyňyzmy ýa dostlugy?
8. Eliňizde mikrofon, iň ýigrenýän adamyňyz Sizi diňleýär, näme diýerdiňiz?
9. Gyzlardaky iň esasy zat owadanlyk däl diýýän erkekler owadan gyzlary yryp bilmeýän erkeklerdir. Öz owadanlygyňyza 100 bally sistemada näçe bal goýardyňyz?
10. Özüňizi ertekilerdäki haýsy gahrymana meňzedýärsiňiz?
11. Durmuşda ýitirenleriňiz we tapanlaryňyz hakynda iki agyz...
12. Erkekler aşgazany bilen söýýär diýen nakyly bir çişik daýy oýlan tapanmyş. Haýsy naharlary gowy bişirip bilýäňiz?
13. Men owadan, menden maýmyn owadan. Şu sözlemdäki iki sany ýalňyşy tapyň?
14. Öň zenan mugallymlara mugallyma diýilýärdi. Häzir ýene mugallym diýip üýtgedipdirler. Näme üçin? (Ýa erkeklerden bir harpam bolsa artyk bolmasyn diýdilermikä?)
15. Agzalara başga-da hökman aýtmaly diýip hasaplaýan zatlaryňyz barmy?
16. Goý Siziň janyňyz sag, başyňyz dik bolsun, ata Watanymyzyň iň şadyýan, bagtly zenanlarynyň biri boluň.
17. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz, sag boluň!
9 лайков 391 просмотров
16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gauzen
28 июн 2023, 09:37
Jogaplara garaşýan...
Anna
28 июн 2023, 10:55
bular bilenok ikimizin aramyzda name bar...
Massimus
Автор 28 июн 2023, 11:55
Dudu,
Ikimiziň aramyzdamy?
backsp
28 июн 2023, 12:54
hawa name ucin Nayrobi, name ucin Kinşasa, Njamena yada Abuja dal?
Anna
28 июн 2023, 13:06
name ucin bulary dal, dine meni sayladyn?
Gauzen
28 июн 2023, 13:11
Dudu
name ucin bulary dal, dine meni sayladyn?

Siz @Nairobi'mi?!
DonMaxx
28 июн 2023, 14:32
nairobi bu wagt zanit dograma iyip otyr
noname
28 июн 2023, 16:23
Nairobi aşa düşüpdir açylşan soñ jogaplap gider hokman
Perhat Sabirovv
28 июн 2023, 21:41
Gelmedi
RelaX
29 июн 2023, 00:29
Jañ edip biriñiz duýdyraýyñ
Serdar
29 июн 2023, 02:08
1. Eliñde 30 manadyñ bar, nähili 3 zat alarsyñ magazyndan (ählisi 10 manatdan)?
2.Eger bir günlik erkek bolan bolsañ näme ederdiñ?
3.Eger señ durmuşyñ serial bolsa sen ony näme diýip atlandyrardyñ?
4.Seniñ bilen gyz maşgala tanyşmaga gelse öziñi nähili alyp barardyñ?
5. Haçanda bolsa gören iñ gorkunç filmiñ?
6. Arwahlara ynanýañmy?
7. Nämesiz oñup bileñok?
8. Öý haýwanlary bilen gürleşmegi halaýañmy?
9. Mydama öz ýanyñda bolan 5 zady sana.
10. Çyn ýürekden isleýäñmi, aýaz babañ hakyky bolmagyny?
11. Iñ özune çekiji hemde iñ halanylmaýan ady aýt.
12. Hotdog bu sendwiçmi?
13. Öziñdäki iñ peýdasyz talandy aýt.
14. Men seni agşamlyga çagyryp bilernmi irdenligi bilen?
15. Meniñ söýgili mamama men ullakan oglandygymy, nädip düşündireýin?
16. Zenan maşgalañ sumkasyndan näme tapyp bolanok?
Leyli Amanowa
29 июн 2023, 05:03
Salam agzalar
Ahyry menem ýadyňyza düşdüm ?.
1. Men Leýli Amanowa. 2003-nji ýylyň aprel aýynyň 7sine doguldym. Daşoguz wel, Gubadag etrapda. 2010-2015 nji ýyllarda Gubadag etr 9-njy orta mekdepde, 2016-2021nji ýyllarda Daşoguz şäherde ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdepde okadym.
Şu wagt S. Seýdi adyndaky TDMI-niň Taryh hünäriniň talyby men. ( Kän zat aýtmaýyn gözüňiz degmegi ahmal).
2. Bumažnyý dom serialyndaky bir gahryman gyzyň kodly ady, häsiýetlerini halaýan hem owadan eşidilýä.
3. 10-njy synpda Täze ýylda kakam özüm bilelim bäri birinji gezek gujaklap maňlaýymdan öpdi. Şowagty bagtly duýdum özümi.
4. Soňunyň gowy boljagyna ynanýan.
5. Hemişe üstünliklere kowlaşýan, hemmäň üns merkezinde bolmagy halaýan gyz men, durmuşymam şolara kowlaşmak bn geçip barýa. ( Men ony öň saýtda ýazypdym, @Belki'ň blogynda bar).
6. Söýýän bagtly. Köp zat ýazmaly ýaltanýan.
7. Joramy. Iki meýilliden erkek bolmaz.
8. Bagtlylygym hakda şowly durmuş ýaşan ýaly bolup gürrüň eden bolardym. Sebäbi, meň her gülkimiň oňa ok bolup degjegini bilýän. Gülkim tutmasada gülerdim.
9. 95
10. Zoluşka
11. Kakamy ýitirdim.
Yhlas etseň almajak galaň ýok eken. Şoňa göz ýetirdim.
12. Hemme naharam ?
13. Maýmyn owadan.
14 bilemok
15. Okaň, diňe okaň boş wagtlaryňyz. Özüňize bolan ynamyňyzy we söýgiňizi ýitirmäň. Sag boluň mowzuk üçin. ?❤️?
Leyli Amanowa
29 июн 2023, 05:15
Seri, 1. Şokoladyň 3 görnüşinden)))
2. Gowsy bolmaýyn bir günlügem bolsa, abat gyz goýmaryn. Soň size kyn bolar.
3. Türme
4. Özümi hil bir zat ýaly alyp barardym. Sustyny basardym.
5. Безумная озера
6. Ýok
7. Pulsyz
8. Halaýan
9. Äýnegim telefonym gözüm gulagym nauşnigim
10. Isleýän
11. Blmk
12. Sendwiç däl ol
13. Gowy sögünip bilýän
14. Bileňok irdenlikli boljak bolsa.
15. Köwşüniň içine käşir salyp
16. Tertip ýok
DonMaxx
29 июн 2023, 05:21
biza adam sanynada gosmansyn malades leyli?
Massimus
Автор 29 июн 2023, 08:44
Nairobi,
Jogaplaryňyz üçin minnetdar. Gönümel gyzyň gönümel jogaplary, şu häsiýetiňize hormat goýýan, janyňyz sag bolsun!
Menem özümi şo serialdaky Berline meňzedýän näme üçindir. Ikinji sezonda ölenem bolsa meň üçin iň ýarkiý personaž şol
Gauzen
29 июн 2023, 09:08
Nairobi
1. Şokoladyň 3 görnüşinden)))
2. Gowsy bolmaýyn bir günlügem bolsa, abat gyz goýmaryn. Soň size kyn bolar.

Toba, toba ufff