Bu mowzuk elhenç ýalňyzlyk barada
Ýalňyzlyk näme? Näme üçin ynsan ömür ýolunda käte özüni ýalňyz duýýar? Ýalňyzlyk bu ýagdaýa şertine görä atlandyrmamy ýa haýsydyr bir duýgymy? Meniň pikrimçe ýalňyzlyk bu jemgyýet köpçüliginden, ynsanlardan uzakda galmak dälde ruhy taýdan tenha galmak, göwniň kimdir birini küýsemegi. Ýalňyzlygy her hili taryplap bolar:
Ýalňyzlyk bu ynsanyň öz özi bilen söhbet etmegi üçin asuda ýer.
Ýalňyzlyk bu pikirler ummanyna çümmek üçin ajaýyp pursat.
Ýalňyzlyk bu eden ýagşy we ýaman amallaryň hakynda wyždanyň bilen iki çak söhbet gurmaga berlen wagt.
Ýalňyzlyk bu heýjana gelýän duýgularyň gurşawynda galmak.
Ýalňyzlyk bu geçmiş ýatlamalary bilen paşmadyk söýgiň hijranyna ýene bir gezek gowrulmak.
Ýalňyzlyk bu gaýgy, hasrat we geçmiş barada ýazýan ýazyjynyň iş stoly.
Ýalňyzlyk bu bir stolyň başynda kofedir, süýji kökeler bilen garşyňdaky adam bilen dälde diwanda, krowatda, ýerde, üçekde umuman nirede tenhalykda galsaň ana şol ýerde kalbyň bilen edilen içgin gürrüň.
Ýalňyzlyk bu eden haýsydyr ýalňyşlyklaryň belki-de durmuş adalatsyzlygy sebäpli ýitiren bir wagtlar kämil hasaplan şol garagöz söýgiňi, ýakyn ynsanyňy küýsemek.
Ýalňyzlyk bu bedeniňi dälde kalbyňy iýýän zombiler üýşip ýören şäherçe zombilend ýaly ejir berýän duýgular.
Ýalňyzlyk barada ýokardaky sanawy ýene-de dowam etdirse bolar. Bu ýazyjynyň näçe wagt ýalňyz galmagyna bagly. Dogry ene-atasy, maşgalasy bar adamyň özüni ýalňyz duýmesi onçakly dogram däldir welin, ynsan ogly ýigrimi ýaşyndan geçenden soň haýsydyr ýat duýgulara teşne nähilidir ruhy goldawa mätäç bolýan eken. Belki "Ruhy goldawy mähirli maşgalaňdanam alyp bolar" diýýänlerem bardyr we ol pikrem dogry emma diýmekçi bolýan zadym ynsan ogly haýsydyr ýaşyna ýetýänçä maşgalasyndan alýan ruhy goldawy, mähiri bilenem oňňyt edip biler. Ýöne ýaş ulaldygyça ol mähir ynsana azlyk edip başlar, soňra dos ýarlaryň barlygam göwnüni gandyrmaz ana şol döwürde hem adam kalby gapdaldan gelýän ruhy goldawa ýagny söýgä mätäçlik duýar. Ana şol mätäçlik sebäpli döreýän duýgularyň netijesinde hem ynsan özüni ruhy taýdan ýalňyz duýar. Diwanda oturanda gapdalymyzdaky boş beri dolduryp oturýan dälde, esasy kalbymyzdaky boşlugy dolduryp biläýjek adama mätäçligimiz bar...
Talyplar.com-yñ agzasy @MrOkas-yñ ýazgylaryndan

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.