Size hökman peýdaly boljak käbir YouTube kanallary

Internet örän uly maglumat älemi. Internetda her-hili kategoriýalara (ylym-bilim, degişme, täsinlikler, habarlar) degişli millionlarça zada ýetip bilmek mümkin. Internet ulanyşyňa görä peýdaly ýa-da zyýanlydyr. Eger-de sen gije-gündiz şol bir (peýdasy bolmadyk) kategoriýadaky zatlara seredip dursaň, bellibir wagtdan soňra senem şolaryň derejesine düşersiň, zehiniň küteler ýagny. Soňam "internet peýdasyz" diýýärler, aklyňy dogry ulanmasaň saňa hiç zadyňam peýdasy bolmaz. Şol sebäpli, size käbir kanallary maslahat bermekçi. Bu kanallary ondan-mundan "copy-paste" edip goýup, ýa-da ogurlap alýanlaryň edişi ýaly edip tapmadym, meniň mydama yzarlap ýören kanallarym. Dogrusyny aýtsam, maňa örän uly peýdalary degdi, kämilleşmek ýolumda maňa täze zatlary öwretdiler. Size-de peýdasy deger diýip pikir edýärin, şol sebäpli şu makalany paýlaşmagy makul gördüm.

1. Bariş Özcan.
Ilki bilen aýtsam, paýlaşjak kanallarymyň hemmesi Türk kanallary. Türk YouTube bilim kanallarynyň statistikasynda hem birinji orunda elbetde Bariş Özcan bar. Örän peýdaly kanal, käbir wideolary adamlary haýrana goýmagy başardýar. Bariş Özjany yzarlaýanlaryň hemmesi bu teswirime goşulýandyr meniň pikirimçe. Käbir wideolaryndan soňra haýran galyp, pikirlere çümüp oturan wagtlarymam boldy. Wideolary esasy bilim bilen baglanyşykly, we wideolarynda grafikany gowy ulanyşy bilenem hiç içiň gysmaýar, we düşündirişi hem aňsat.
1/2. Evrim Agaci.
"Evrim Agaci" atly kanal, meniň pikirimçe Bariş Özjandan soň iň gowy kanal, sebäbi düşündirişi biraz agyr, ylmy dilde. Ýöne maglumaty boýunça Barişdan 10 gat uly. Örän gowy kanaldyr, hökman seretmeli.
1/3. Bebar bilim.
Bebar bilim kanaly meniň pikirimçe hemmesinden aňsat düşündirýär. Gaty gowy kanal, hökman maslahat berýärin. Psihologiýa barada, psihologik derňewler barada-da gowy wideolary bar, soňky wideolarynda ýüzüni hem görkezip başlady.

2. Ruhi Çenet.
Ruhi Çenet gaty geň kanallaryň biridir. Soňky ýyllarda kän yzygiderli wideo goýanok. Ýöne adamda uly gyzyklanma döreden ajaýyp wideolary bardyr. Wideolary uzyn däl, keltejik wideolary hem adamlary haýrana goýmaga ýetýär.

3. Diamond Tema.
Indi geleliň iň esasy kanala. Eger bu kanala öň duşmadyk bolsaň, çyndanam gynanýaryn. Meniň pikirimçe hökman yzarlanmaly ajaýyp kanal. Wideolary esasy pelsepe (filosofiýa), taryh, mifologiýa we bilime degişli, her bir wideosy ullakan bir azabyň netijesi. Men ilkinji filosofiýa gyzyklanyp başlamda bir wodeosyna gabat gelipdim, interwýu wideosydy bu. Size dogrymy aýtsam, wideony görüp 10 minut haýran galyp oturandyryn. Bir zatlar öwrenmek üçin içimde dörän uly gyzyklanmanyň ilkinji sebäbidi bu. Täze şahsyýetde gözümi açýardym, ýagny bolgusyz zatlar bilen gyzyklanmaýan, bolgusyz zatlara wagt sarp etmeýän, boş sözleri durmuş maslahaty hasaplamaýan, öwrenmäge aç bolan, başga kişilere meňzemeýän täze bir şahsyýet. Elbetde ol wideosyny şol wagt göremde geň zatdy meniň üçin, ýöne şuwagt görsem geň galmaryn, sebäbi ol wagtlar hiç zat bilemokdym, ýöne köp zady öwrenenden soň, adam pahyra hiç zat geň gelmän başlaýar. Soňra "kimkä bu adam" diýip kanalyndaky ençeme wideolary gördüm. Umuman bu kanalyň esasy ugry filosofiýa bolany üçin, islese-islemese din pelsepesine-de girmeli bolýar. Şol sebäpli eger ynanjyňyz şerigat derejesinde bolsa, käbir wideolary sizi birahat edip biler. Sebäbi bu ýerde arassa filosofiýany öwrenýäň, adamzadyň geçmişini, olaryň mifologiýalaryny we ýaşaýyş durmuşlaryny, dürli halklaryň ynançlaryny, diniň düýp häsiýetlerini, filosoflary we olaryň taglymatlaryny, adamzadyň içki we ruhy dünýäsini, jemgyýetiň maddy we ruhy gymmatlyklaryny, bilimi, taryhy öwrenýärsiň. Ýagny, hakykaty öwrenýärsiň. Ýöne obýektiw göz bilen seretseň, aslynda hiç bir ulaldyljak zat ýok, sebäbi ol diňe okan zatlaryny paýlaşýar, hemme ynanja hormat goýýar, onuň iň gowy häsiýetem ine şu. Bu kanaly yzarlap başlanymdan soň, başga filosofik kanallara hem duş geldim we köp zatlara düşünendirin diýip pikir edýärin. Indi kän bir geň galyp duramok, köp zat boş we manysyz gelýär. Arkaýyn boluň, nigilist däl. Diňe köp zatlaryň aslynda manysynyň ýokdugyny pikir edýärin, sebäbi çyndanam manysyz. Meselem imo-da we başga sosial programmalarda paýlaşylýan sözleriň hemmesi diýen ýaly maňa manysyz gelýär. Ýöne köp kişi bu sözleri durmuş maslahaty hasaplaýar, "beýbä gaty manyly" diýýärler, seretsem bolgusyz bir söýgi sözi ýa-da wideosy. Şu ýere üns beriň, toplumyň aglaba bölegi bolgusyz zatlary "manyly" diýip hasaplaýar, nähili gynandyryjy. Umuman bu kanal bilen tanyşanymdan soňra ençeme kitaplary okandyryn. Özüniň okan kitaplary hem örän köp, özüni gödeklik bilen tankytlanlara-da aýdýar "diňe din barada okan kitaplarymyň sany bularyň 7 arkasynyň ýaşyndan köpdir" diýip. Özüni gaty gowy beýan edip, düşündirip bilýär. Wideolary uzakdyr, uzak wagtlyk wideolary halamaýan bolsaňyz öwrenişip bilmersiňiz. Öň 1-2 sagatlyk wideolaryny görýärdim, indi şolar az gelip ugrapdyr, 4-5 sagatlyk wideolaryny görýärin. Meselem 45 minutlyk bolsa az hasaplaýaryn. Esasanam çeşmesi doly, her wideosy çeşmelerden dolup ýatyr, arkaýyn okap bilýäň, ýagny sözde düşündirenok, hökman birtopar çeşme ýazýar. Kitaby hem çykdy, "Agnostisizm ve Ilahi Tragedya" diýip, ýöne pdf-i ýok eken. Elbetde her-kimde täsiri üýtgeşikdir, emma şonda-da size ullakan peýdasy deger diýip pikir edýärin.

4. Haluk Tatar.
Ýene-de bir iň gowy kanallaryň biri. Haluk Tataryň bir gowy tarapy, hemme tarapdan wideo goýýar. Meselem psihologiýamy, şahsyýeti ösdürmekmi, bilimmi, taryhmy, tehnologiýamy, habarlarmy, iňlisçe dil dersimi, haýsy gerek bolsa girip arkaýyn görüp bilýäň. Üstesine käbir wideolaryny degişgen görnüşde beýan edýär, gülüp hezil edersiňiz. Taryham gaty gowy düşündirýär. Hatda "Dünýä Taryhy" seriýasy bar, başdan aýak dünýäniň döreýşinden başlap, ikinji jahan urşuna çenli gürrüň berýär. Ajaýyp bölümlerdir hersi. Ýa-da şahsyýeti kämilleşdirmek babatynda "Kişisel Gelişim" wideolary bar, gaty gowy, öz ýalňyşlaryňy, kem taraplaryňy, halanmaýan häsiýetleri, halanmaýan adamlary, nädip gowy öwrenmelidigi, nädip başarjaň bolmalydygy, ejiz adamlaryň aýratynlyklaryny, umuman köp zady öwrenýärsiň. Ýazan kitaplary hem bar, "Zafer Sizlanarak Kazanilmaz" atly kitaby gowy, okadym.

5. Beyhan Budak.
Beýhan Budak bir psiholog. Ýagny wideolary bir psihologyň wideosy, arassa psihologyň maslahatyny diňleýärsiňiz. Wideolary gaty gowudyr, meselem nädip özüňe ynamly bolmaly, nädip özüňe bolan ynamy gazanmaly, nädip başarjaň we güýçli bolmaly, haýsy häsiýetler halanýar we haýsylary halanmaýar, gowy gatnaşyk nädip ýöretmeli, nädip söhbetdeşligi ýöretmeli, gürleşer ýaly tema nädip tapmaly, ýalňyş düşünjeler, hormaty nädip gazanmaly we ş.m birtopar wideolary bar. Gaty gowy kanal.
5/2. Gürkan Kecici.
Gürkanyňam wideolary gaty gowy meniň pikirimçe. Bulam edil bir psiholog ýaly, ýöne wideolary esasy gatnaşyklar barada. Meselem öňki söýgülini nädip gazanmaly, nädip öňki söýgülini puşman etdirmeli, nädip birini özüňe aşyk etmeli, birini nädip täsirlemeli, özüňden üstün hasaplaýan kişiňi nädip täsirlemeli, haçan söz aýtmaly, söýgüli bolanyňdan soň näme etmeli, nähili sözler diýmeli, nähili sözler diýmeli däl, nähili kişileri söýmeli, söýgüliň durmuşynda nädip gowy yz goýmaly, söýýän kişiňi nädip özüňe baglamaly ýaly birtopar zady öwrenip bilersiňiz. Umuman, gatnaşyklar barada örän köp zada göz ýetirýärsiňiz, eden ýalňyşlaryňyzy görüp utanmagyňyzam ahmal. We iň esasy zadam, bolgusyz "söýgi sözleriň" nähili boşdugyny aňýarsyňyz, käbir kişileriňem nähili düşünjesizdigini. Meselem Harasat ýalylara gowy düşünýäň. "Cepte Olmadan Aşk" atly kitabam ýazdy, okasym geldi ýöne pdf-ini tapmadym.

6. Neo & Toprak.
Indi tankyt kanallaryna geldik. Tankyt mydama wajypdyr, çekeleşik bolmasa tankyt ýok, tankyt bolmasa ösüş ýok. Neo Toprak bir tankyt kanaly, gaty peýdaly kanal. Eger gowy kämilleşeýin, hakykatlary göreýin, durmuşyň ajy taraplaryny öwreneýin, adamlaryň nähili derejede akylsyzdygyny öwreneýin, düşünjelerim kämilleşsin diýýän bolsaň hökman yzarlanmaly kanal. Diamond Temadan öň şu kanaly yzarlaýardym, bu kanaly hem ilkinji göremde ilki haýran galyp durandygymy aýdaýyn. Ýöne dogrymy aýtsam, tankyt kanallaryny görýän bolsaňyz bellibir wagtdan soňra kem-kemden, birhili, psihologiýa ýaramaz täsirem edýär. Sebäbi öz-özüňe soraýaň "çyndanam şular ýaly adamlar barmy", "beýle-de bir akmak düşünje bolarmy", "şular ýaly howply adamlaram bar eken", "dünýä çyndanam şular ýaly boş düşünjelilerden dolumy" diýip. Elbetde wideolary Türkiýe bilen baglanyşykly, ýöne düşünjeleri we temalary toplum meselesine degişli. Meselem ahlak, namys, gowy bolmak, ýalňyş düşünjeler, toplum meseleleri ýaly, ýöne gaty gynandyryjy wideolary hem bar. Meselem kiçijek çagalara jynsy taýdan ýanaşjak bolýanlar, aýallary ejiz jandarlar hökmünde görýänler we ş.m. Şol sebäpli psihologiýany bozmagy, aňa erbet täsir edip bilmegi ahmal, ýöne hakykatlary görýärsiňiz, düşünjeleriňiz kämilleşýär, adamlary tanaýarsyňyz, gowy jedelleşmegi we düşündirmegi başarýarsyňyz. Neo Topragyň başdaky wideolary gaty agyrdy, ýagny örän agyr tankytlaýardy, görüp içiň sowap gidýärdi. Ýöne indi edil olar ýaly agyr däl, sebäbi özem aýdýar "her hepde öýüňe kazyýetden hat gelse..." diýip. Şonda-da gaty gowy, hökman görmeli.
6/2. Sadece Enes.
Heniz ýaş bolmagyna (2002) garamazdan özüni sosial taýdan kämilleşdirip jemgyýetde gowy tarapdan ornuny tapyp, adamlaryň hem kämilleşmegine ýardam edýän bir YouTube kanaly. Özi aşa liberal. Ýagny, paýyşyň hem söz azatlygyna girýändigini goldaýan liberallaryň tarapdary. Bu meselede Neo Toprak bilen çekeleşigi boldy.  Ýagny Enes, LGBT garşy protest edenleriňem muny etmäge hakynyň bardygyny aýtdy. Neo Toprak bolsa ýigrenç bilen beslenýän halk herektleriniň ýa-da islendik zadyň söz azatlygyna ýa-da erkinlige girmeli däldigini beýan etdi. (Sebäbi bir adamyň erkinligi başga bir adamyň erkinligi bilen baglanyşykly). Muňa mysal getirip, faşizmi görkezdi, şuwagt Ýewropada nasi propagandasy etmek (ony öwmek, öwgüleri ýaýratmak, goldaw bermek, nasi salamy bermek, baýdagy ulanmak) gadagan. Eger söz erkinligi diýlip propaganda edilse (öwülse), we muňa başga toparlar "bu söz erkinligi" diýip goşulmasa, täze bir nasizm döräp biler diýip düşündirdi. Ýagny ýigrenç ýigrenji oýandyrýar. Şol sebäpli bir zada garşy ýigrenç hereketlerini etdirmeli däl, bir bün protest bolsa bir gün çekeleşik, soňra gan döküşlik we uruşa öwrülmegi ahmal, öňüni alyp bolmaz. LGBT-lylar öz haklary üçin hereket edýär, garşy tarap bolsa olaryň basdyrylyp, ýok edilmegi üçin diýip düşündirdi, soňam Türk halkyndan nähili bozgak düşünjeli adamlaryň bardygyny aýtdy. Soň Enes jogap bermedi.
Umuman men, hemmetaraplaýyn erkinligiň, ýagny maksimum erkinligiň ýalňyşdygyny pikir edýärin, köp zatlara ýol bermeli däl, gysmaly.
6/3. Beyaz Kurt.
Bu hem bir tankyt kanaly. Erbet däl, gaty gowy. Her tankyt kanalynyň özboluşly stili bar. Bu kanalyň hem üýtgeşik, gowy stili bar. Eýleki tankyt kanallaryndan biraz tapawutly, ýagny düşünjelerini has aýdyň, düşnükli we kesgitli beýan edýär, iň halan zadymam şol.

7. DFT Tarih.
DFT Tarih, adyndan hem bolşy ýaly tatyh kanalydyr. Taryh okalyp öwrenilende şeýle bir mesele ýüze çykýar, ol hem okan zatlaryň barada dowamly gözleg we deňeşdirme geçirip durmak zerurlygy. We bulam biraz kyn iş. Şol sebäpli taryhy diňlemek we olary dürli görnüşler (kartalar, suratlar, dürli görnüşli aňlatmalar) bilen öwrenmegiň uly peýdasy bar. DFT Tarih kanaly şol sebäpli iň gowy kanallaryň biridir. Esasy aýratynlygy, kartalaryň üstünde düşündirýär, ýagny animasiýa görnüşinde düşündirýär. Bu hem öwrenen zatlaryň has gowy ýatda galmagyna we gowy düşünmegiňe ýardam berýär. Taryh barada şuwagt köp kişi gyzyklananok. Sebäbi gyzyklandyryjy, höweslendiriji ýok. Elbetde akademiklara degişli däl bu sözüm, emma ýönekeý raýatyň taryhy öwrenmeklige bolan höwesi juda pes. Şuny aňdym, kartanyň üsti bilen taryhy öwrenmeklik gaty aňsat düşýär, netijede nämäniň nämedigini bilmän, kelläňde ýyllary, adamlary, şäherleri belläp durmak gerek däl, ol gury öwrenmek, hatda öwrenmek hem däl, ol ýat tutmak. DFT Tatih kanaly animasiýaly görnüşde taryhy gaty gowy düşündirýär. Şeýlebir gyzyklanýaň welin edil şol taryhy döwrüň we agzalýan hadysalaryň içinde ýaly duýýaň özüňi. Şol sebäpli hökman DFT Tarih kanalyndan peýdalanmak gaty gowy bolar. Edil çaý-kofe içip tomaşa edilip oturylmaly kanal.
7/2. Harp Tarihi.
Harp Tarihi kanaly hem animasiýaly düşündirýär. DFT Tarih-dan soň iň gowy taryh kanalydyr. Bu kanal esasy uruşlar barada gürrüň berýär. Şeýlebir gowy gürrüň berýär welin her-hili duýgulary başdan geçirip, uly höwes bilen görmäge dowam edýäň. Meselem haçly çozuşlary barada wideolary bardyr, başdan aýak birinji, ikinji, üçünji, dördünji, bäşinji haçly çozuşlaryny gürrüň berýär. Goşunlaryň toplanyp, üýşüp, soňam çozuş edişlerini, uruşlaryny, alyp baran syýasatlaryny, umuman hemme zady kartanyň üstünde ajaýyp düşündirýär. Ýa-da Seljukly wideosy bardyr, her soltanyň döwrüni aýry-aýry gürrüň berýär.
7/3. Anime Tarih.
Bu taryh kanaly hem animasiýaly. Hemme döwür barada wideolary bar. Bu kanalyň aýratynlygy, wideolary gaty uzak däl we aňsatjak düşündirýär, ýagny doly jikme-jik maglumaty däl-de, umumy gürrüň berýär we umumy görnüşde gowy ýatda galýar.
7/4. Yusuf Kayaalp.
Yusuf Kayaalp agza sany boýunça iň ulusydyr. Bu kanalyň aýratynlygy degişme äheňinde gürrüň bermegi, we örän gowy düşündirýär. Içinde tankydy degişmeler, taryhy äheňde degişmeler, dürli-dürli aňlatmalar bar. Içiňiziň gysmagy mümkin däl. Wagtyň nädip geçenini hem duýman galýaňyz. Sizem içim gysmasyn we gysgaça bir zatlar öwreneýin diýýän bolsaňyz gaty gowy kanaldyr.
Taryh kitaplaryndan daşary şu kanallaryň size gowy peýdasy deger. Meselem kitapda bir tema gabat gelseňiz (mysal üçin Teýmirleň) ony kartadan animasiýaly görnüşde öwrenjek bolsaňyz şu kanallar bilen şol temany ýazaýmaly.

8. Güldür Güldür Show.
Mydama ylym-bilim bolup durmaly däl, arasynda gülmelem, degişmelem. Gaty halaýan bu programmany. Oýunçylarynyň ukybymy, saýlanyp alynan temalarymy umuman hemme zady gaty ajaýyp. Güldür Güldür Show diňe bir gury degişme görkezenok. Degişmelerinde toplum meselesine degişli tankytlary bar, ýagny degişme äheňinde tankytlaýarlar, we bu degişmä ajaýyp bir zat goşýar. Arasynda gülüp hezil edeýin diýseňiz iň gowy kanallaryň biri.

Eger mundan başga-da kanallary barlaýyn diýseňiz, üýtgeşik mazmunly kanallar bar. Meselem Nygma, Tuncer Gizem Avcisi, Işil Işik ýaly içi boş kanallar hem bar. Bu kanallar teoriýa, gizlin güýçler, syrlar, hekaýalar we ş.m zatlara degişli wideolar paýlaşýarlar. Gorkaýyn diýseňiz Murat Evegü bar. Ýöne bu ýerde hakykatlary görmersiňiz, hany käwagt "kellämi durlap, birazajyk güleýin" diýseňiz gyzykly meniň pikirimçe, esasy Nygma biraz gowurak. Hekaýa gürrüň berýärler umuman, dürli şahsyýetleriň, başga zatlaryň hekaýasyny.

Şu kanallaryň size hökman uly peýdasy deger diýip pikir edýärin. Sizem yzarlaýan we peýdasy deger diýip pikir edýän kanallaryňyzy paýlaşyp bilersiňiz.
6 лайков 317 просмотров
18комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
04 июл 2023, 18:42
Daýmond Tema görýäňmeý ?????‍♂️ blyaaa. Ewrim Agajam biderek...
Beraber Bilim, Märiş Mözjän, Sadece Enes gowy! Brawo.
"Umuman men, hemmetaraplaýyn erkinligiň, ýagny maksimum erkinligiň ýalňyşdygyny pikir edýärin, köp zatlara ýol bermeli däl, gysmaly."
? MEŇZEŞ PIKIRLERMIZ BAR! ÝA W ŞOKEEEEE
#B.S
04 июл 2023, 18:46
Ors Kanallardan Toples, Geo, Utopiya Show. Shularam maslahat beryan. Esasy mana garshy kanallar bolany ucin :D
Pegas
04 июл 2023, 19:09
Bolýar. A YouTube'a nädip girmeli?)
#B.S
04 июл 2023, 19:22
Pegas,
VPN, TOR, PROKSI, DNS üýtgetmek, Aýna websaýtlary, I2P we bashgada munlerce usullar...
DonMaxx
04 июл 2023, 19:52
pufff
#B.S
04 июл 2023, 19:59
DonMaxx,
Nammoldy?
Saparmyrat Gürgençli
04 июл 2023, 22:19
Wah, Youtube maňa ýat boldy, vpn ýok, wpn bolaýan ýagdaýynda hem çäksiz internet (wifi) ýok.
Saparmyrat Gürgençli
04 июл 2023, 22:20
Nesibäm daş ýaryp günlerde bir gün çäksiz internetli bolsam şu kanallara hökman abuna bolaryn diýip belläp goýdum, minnetdar:)
#B.S
04 июл 2023, 22:26
S_Gurgenchli,
VPNden bashga yollary bar...
SypaýyS
04 июл 2023, 23:31
Khanture
VPN den basga yollarynam barlap bizar boldum.Olanam hicisini islar yaly etmandirler(dereginde isletse bolyar).In gowysy yanky yollary isletjek bolandan VPN satyn alanyn gowy.Yone olam hazir kan bir ugry yok.Beryan kotlary bugun islese ertir islanok
Onson SUNY ulanyber diyip taze kot beryaler.Telecomdakylaryn yadawsyz zahmeti netijesinde kotly VPN lerem bloklanypdur(basga islera beydip yaltanman etmezdiler)
Mena vidmate girip baslanymdan bari gulagym dynjady.Intra gyzyl bolup islesede vidmate isleyar.Youtubedaki wideolary vidmate alyp beryar.Yone sondada YouTube yaly dal.
Ayna saytlary nirden tapyp bolarkan?
#B.S
04 июл 2023, 23:45
Sypayy,
Ayna saytlaram uzak ishlemeya bilinse reski yapyalar. Yone shol ayna saytlar Invidious diyip cykya...
#B.S
04 июл 2023, 23:46
Sypayy,
Vidmate diyeninem bilseler ertir biyirgun yaparlar. Bilyan zadyny onarsan paylashmadygyn gowy bolyp dur. Birilerinin intelligent bolmasy kabirlerine ýokmaya
DonMaxx
05 июл 2023, 02:26
Khanture,
ay suny gorsem yensam gatap baslaya
Yusup
05 июл 2023, 06:25
Youtubedaki peydaly kanallary goymazdan ozal Youtube girmek un peydaly wpnleri yazanda has peydaly bolardy
Sapar aga
Автор 05 июл 2023, 09:38
Anil Kapur,
Men saňa kanal maslahat berdim, "vpn" gözläp beremok, onam biraz sen gözle.
Dowsypat
05 июл 2023, 10:20
Behişdiň Wi-fi-li we youtube-li yerinden has uzakda yasayarys.
Dowsypat
05 июл 2023, 11:07
VPN, TOR, PROKSI, DNS üýtgetmek, Aýna websaýtlary, I2P we bashgada munlerce usullar...

TOR-a girip balyklar näme görüp ýör?
Seoul
06 июл 2023, 17:25
Turkleri, turk dilini halamok