HAÝRANYÑY HEKGERDÝÄN TIKTOK


TikTok-a bildirilýän nägilelikleriñ sebäpleri birmeñzeş däl. Käbir ýurtlar protestlere goşant goşýandyryn öýdýär, käbirleri-de munuñ oñaýsyz täsiriniñ bardygyny we "ýaşlaryñ arasynda medeni çagşaýyşlyga" sebäp bolýandygyny öñe sürýär.

Köp sanly möhüm zat TikTok platformasyny ulgamy ugrukdyrmagyñ, düzgün bozmagyñ, içalyçylyk etmegiñ serişdesi hökmünde ulanmakda aýyplanan hytaýly ygtyýarlylaryñ özem birnäçe adam üçin uly howpa öwrülip biler.
Islendik aragatnaşyk serişdesiniñ täsiri nähili uly bolsa, howpy-da şolar ýaly uly bolýar. Bu ýagdaý ony öndürijiler, operatorlar, işläp düzüjiler üçinem şeýleligine galýar. Şu ýyl ABŞ TikTok howpuny we ony boýkot etme zerurlygyny ýatlatmazdan soñlanmady.
19 ştatda resmi enjamlara TikTok gadagançylygy girizilenden soñ ABŞ-nyñ Wekiller Palatasy agzalary we işgärleri tarapyndan ulanylýan ähli enjamlarda TikTok ulgamyna girmegiñ gadagan edilendigini mälim etdi. ABŞ her edip-hesip edip, uruş başlamanka Hytaýa dahylly siñegiñem öz üstüne gonmagyny islänok.
Emma heniz Facebook-yñ ýeten meşhurlygyna ýeterden kän bärdekä TikTok-a garşy duşmançylyk nämäniñ alamaty? Dürli görnüşdäki maglumatlary paýlaşýan sosial platformalaryñ köpüsi ABŞ-na degişli, bularyñ agza sany 2022-nji ýylda 4,6 milliarda ýetendigi çaklanýar.
Bulam dünýä ilatynyñ 60%-ne barabar bolýar. Bu görkezijiniñ ýene bäş ýyldan soñ - 2027-nji ýylda 6 milliarda ýetmegine garaşylýar.
Sosial mediýa platformalarynyñ "patyşasy" Mark Zukerbergiñ 100 milliardlarça dollar zyýan çekmegi we işgärleriniñ ýarysyny işden çykarmagy hiç zady üýtgedenok. Facebook 2,6 milliarddan gowrak aktiw hasap bilen iñ uly sosial platforma bolmagyna dowam etdirýär we bir ýylyñ dowamynda agza sanynyñ 3 milliarda çykmagyna garaşylýar.
ABŞ-nyñ Twitter, Amazon, Google ulgamlarynyñ agza sany hakda toplan maglumatlary bilen birlikde Zukerbergiñ eýelik edýän "Meta" şereketiniñem Instagramda 1,5 milliard agzasy bar. Beýleki bir ýandan ähli görkezijiler güýçli formada bidüzgünçilikleriñ bardygyny we syýasy häkimiýetleriñ tehnologiki kompaniýalaryñ hyzmatyndan peýdalanýandygyny we maglumatlary käte kanun arkaly, käte-de kanunlardaky boşlañlyklar bilen kanunylaşdyrýandygyny görkezýär.
Hytaý merkezli TikTok-a garşy dörän bimazalygyñ sebäplerinden biri-de şindize çenli o diýen çalt bolmasa-da, iñ köp ösýän platformalardan birine öwrülmegidir.
Eýse bu gabanjañlykmy ýa-da içerik täsir etme gorkusymy?
Ikisi-de. Eýýämden ýylda 70% giñeýän jadylaýjy ulgamyñ ýakyn wagtda 2 milliarda golaý agzasynyñ bolmagyna garaşylýar. Emma mesele bu däl.
Bizi TikTok agzalarynyñ aglaba köpçüliginiñ, ýagny 80%-niñ 16-24 ýaş aralygyndaky ýaşlardygy gyzyklandyrýar.
Başgaça aýdanda, TikTok geljegiñ şekillendiren ýerine öwrülmek bilen Facebook-daky ýaşlaryñ märekesi ep-esli azalyp, ýerini gartaşan ýaşlylara berýär, bulam ýagdaýy hasam aladalandyrýar.
Tapawutlanýan ýene bir ýagdaý bolsa, hytaý platformasyndaky algoritmleriñ beýleki ulgamlardan az-owlak üýtgeşik we ulanmaga başlap-başlamankañ sizi özüne çekýän aýratynlyklarynyñ bolmagydyr.
Giñ gatlaklary özüñe çekmek üçin Facebook-daky ýaly müñlerçe tanyşa, birnäçe aýlyk zähmete we hasabyñyzy hasabyna goşmak üçin el uzatmagyñyza hajat ýok. TikTok-da o diýen köp yzarlaýjyñyz ýa-da tanşyñyz ýokdugyna garamazdan, ikinji ýa-da dördünji wideodan soñ müñlerçe ýükleme, laýk, paýlaşma toplanyñyzy görüp, özüñizem añk bolup galarsyñyz.
Paýlaşan maglumatyñyzy görenleriñ sany, wideonyñ hili we temasy, wideoñyz bilen gyzyklananlaryñ sany, kategoriýasy, ulanýan etiketleriñi we dolulygyna siziñ tomaşa eden we gyzyklanan wideolaryñyzyñ gurluşy bilen baglanyşyklydyr.
Belki-de, algoritmleriñ düzülişinde Gündogar aklynyñ ulanylmagy TikTok-y tapawutlandyran we Günbatar algoritmlerinden başgaça görkezýän zatdyr.

Ilkibaşda gysga wideonyñ düşürilişiniñ çakdanaşa özüneçekijiliginiñ bardygy aýdyldy. Hut şu tizlik ýüz millionlary TikTok-a çekdi. Şonuñ üçin Zukerberg agzalary gyzyklandyrmak üçin Instagramdaky wideolaryñ aýratynlyklaryny tizara güýçlendirdi we beýtmek bilen uly utuş gazandy.
Emma indi wideonyñ, aýdym-sazyñ ýeke-täk möhüm faktor bolman, bularyñ barsyny ugrukdyryp oturan añyýetiñ, bir zatlaryñ mantygynyñ we platformasynyñ ahyrky maksadyny dolandyrýan perspektiwanyñam derwaýysdygyna düşünýär.
Ýaşlaryñ aglaba köpçüliginiñ TikTok-a tarap gönükmegi ABŞ-ny bu ulgama garşy görlüp-eşdilmedik hüjüme geçmäge we her dürli aýyplamalary ýöñkemäge mejbur edýär.
Bularyñ arasynda "etmişi ýaýratmak, ýalan habarlaryñ öñüni almazlyk, howply hereketleri öz içine alýan wideolary paýlaşmak, milletparazçylykly maglumatlary ýaýratmak, agzalary yzarlap şahsy maglumatlaryny ýygnamak, ýolbaşçylaryñ elýeterindäki maglumatlary ulanmak, Hytaý döwletine baglylykda duşman ýurda hyzmat etmek" ýaly aýyplamalar bar. Bärde biziñ maksadymyz TikTok-y aklamak däl, emma ähli sosial ulgamlaryñ şahsy we beýleki maglumatlarymyzy alyp-satýandygyny, bulary añ-düşünjämizi we duýgularymyzy manipulirlemek üçin ulanýandygyny, hatda iñ pynhan şahsy maglumatlarymyza çenli ulanýandygyny subut etjek bolup oturmagyñ zerurlygy ýok.
Bir zat anyk: sosial ulgamlar diñe öz geografiýasyna görä resmi gulluklara bagly bolmak bilen çäklenmän, iñ kiçi işgäri-de kämahal bize ummasyz uly zyýan berip bilýär.
TikTok-a bildirilýän nägilelikleriñ sebäpleri birmeñzeş däl. Käbir ýurtlar protestlere goşant goşýandyryn öýdýär, käbirleri-de munuñ oñaýsyz täsiriniñ bardygyny we "ýaşlaryñ arasynda medeni çagşaýyşlyga" sebäp bolýandygyny öñe sürýär.
Hindistan muña mysal. Ol medeni çagşaýyşlyk üçin şikaýat etmek bilenem çäklenmän, aýratynam şu ulgama aýda 120 milliondan gowrak raýatynyñ aktiw gorýändigi ýüze çykanean soñ bular ýaly ulgamlaryñ "Hindistanyñ döwlet gurluşyna we bitewiligine zyýan bermek bilen birlikde döwlet howpsuzlygyna we jemgyýetçilik tertip-düzgüniniñ goralyp saklanmagyna zyýan ýetirýändigini" mälim etdi.
Ony aýtsañ, Pekin hökümetiniñ özem TikTok-dan, onuñ zyýanly täsirinden we ýaşlara ýetirýän zyýanyndan howatyrlanman duranok. Ol paýlaşylýan maglumatlaryñ mazmun trendlerini we adamlaryñ nämä has köp meýillidigini yzarlamak üçin hiç bir tagalladan gaça durmaýar.
Görlüşi ýaly, şindi pozitiw energiýa ýaýmaga has ýakyn bolmak, daşky görnüşiñ ähmiýetini azaltmak, añrybaş ýaşaýşyñ we bisowutlygyñ öñe çykarylmagyny çäklendirmek üçin algoritmleri türgenleşdirmäge ýönelýär.
Amerikan kompaniýalary öz hökümetleriniñ bular ýaly zatlara burnuny sokmagyna garşydyklaryny aýtsalaram, bular üstünde aýratyn durlup geçilmeli we nämäni halap nämäni islejegimize, hatda nämäni hyýalymyzda aýlajagymyza çenli öñünden kesgitleýänlere garşy gorkyny möçükdirýän maglumatlardyr.

Sewsen EBTAH,
1 лайков 91 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.