22:2

Haj süresi 2-nji aýat.
Ony görjek günüňizde her bir çaga
emdirýän zenan emdirýän çagasyny
unudar, göwresinde çagasy bolan her
bir zenan göwresindäkini düşürer we
ynsanlary şerhoş ýagdaýda görersiňiz.
Aslynda, olar serhoş däldirler, emma
Allanyň azaby gazaplydyr.

Meň bir ýakyn dostum bar, ol günleriň birinde diýseň köp arak içdi we meni geň galdyrdy: —Men asla Hudaýa ynanamok, —diýdi ol. —Men ynanan syraýan, ýöne ýüregimde Hudaýyň bardygyna asla ynanmok. Eýsem men dostym näme üçin beýle zatlary diňe çenden aşa içgili wagty gürleýär? Sebäbi adam içgili wagty, oň aňy gowşaýar, we adamyň hakyky sypaty daşyna çykýar. Narkotik serişdeleri hem edil arak ýaly täsir edýär, käbir ýurtlarda, ýörüte howupsyzlyk edaralary, adamy gürletmek (sorag etmek) üçin, ýörüte narkotik serişdeleri ulanýarlar. Adamyň içki dünýäsi iki sany bölekden durýar, öl bölekleriň biri adamyň aňy, ikinji bölegi bolsa adamyň ruhy. Eger adama çende aşa köp arak içirseň, adamyň aňy öçýär we adamyň ruhy ýalňyz galýar. Adamyň ruhy bolsa diýseň kesir zat. Adamyň ruhy bilen oň aňy, bir birine gapma-garşy hem bolup biler. Düşnikli bolar ýaly, mysaly özümden getireýin: Mysal üçin aýdaly, Allahyň buýrygy esasynda, her bir adam, öz ene-atasyna seretmeli. Men öz aňym bilen Hudaýyň buýrygyny kabul edýän, emma meň ruhymda beýle zatlar ýok. Meň zandymda öz enem bilen atamy idemeli diýen pikir ýok. Ýöne aňym bilen welin men nämäň dogrydygyna, we nämäň ýalňyşdygyna düşünýän. Adamzat ilki başda ýaradylanda, onda aň diýen zat ýokdy. Adamda diňe ruh bardy. Şol sebäpden Adam ata bilen, Höw ene, Erem bagyndaky gadagan agaçdan miwäni ýoldylar we ony iýdiler. Adamda isleg döredin we şol bada amala aşyryldy. Näme üçin iýmeli däl, eger iýäýsek näme bolar, Hudaýyň sözinden çyksaň ol näme eder we şuňa meňzeş soraglary öziňe bermek üçin adama aň gerek. Ýöne gynansakda aň diýen zat adamdan giç döredi. Ölümden soň her bir adam, öz aňy bilen hoşlaşýar. Ölümden soň ýeriň aşagynda bize iki sany soragçy Perişde garaşyp dur, olar Müňkir bilen Nekir. Ol perişdeler bary ýogy 3 sany ýönekeý sorag berýärler. Diniň näme, Pygamberiň kim we Hudaýyň kim. Göräýmäne ýönekeý soraglar, ol soraglara adamlaryň köpüsi jogaby bilýär. Emma ol perişdeler bilen ikiçäk galaňda sende eýýäm aň diýen zat bolmaýar we sen edil içgili ýaly, diňe kalbyňda näme bolsa şony gürlemeli bolýaň. Men ýene özümden mysal getireýin, men öz kalbymda ýatan zatlardan habardar. Men özümi musulman hasap edýän, Allah meň Hudaýym, emma Muhammet Pygamberden meň kalbym diýseň daşda ýerleşýär. Diýmek pygamberiň kim diýip sorasalar, men näme diýip jogap bersemde, Muhammet diýip jogap bermejegimi bilýän. Kyýamat güni hem bar zat şeýle bolup geçer. Ähli adamlar "ol dünýäň" ýalan däldigine düşünerler we kyýmat barada iň köp gürlän adamlary gözläp başlarlar, elbetde şeýle adamlar Pygamberler bolup çykarlar. Hristýanlar Ysany gözlär, belli bir halk, Musany. Tutuş musulman halky bolsa, Muhammediň ýanyna ylgar, elbetde kimde kim Oňa öz kalby bilen ýakyn bolsa, men ýaly bagty ýatanlaryň bolsa, asla şeýdip bolýandyr öýdüp pikir hem etmezler. Sebäbi kyýamat güni, hiç bir adamda aň diýen zat bolanok, diýmek her bir adam, öz ruhyna görä ýöremeli bolýar, hiç kim iki ýüzlilik edip bilenok, hiç kim aldap bilenok, hiç kim bir zat pikir edip, ikinji zat gürläp bilenok. Biziň ählimiz, Allahyň öňünde, oň ilkinji ýaradan güni ýaly sypatda çykyş etmeli bolýas. Adamyň ruhy akyp ýatan suw bolsa, adamyň aňy şol suwy saklaýan bulgur.

Eýsem nädip adam ruhyny düzetmeli, nädip adam ruhy iň soňky gün, Allahyň ýanyna arrassa ýagdaýda barmaly? Bu soragyň jogaby ýönekeý. Adamyň aňynda uzak wagtlap eglenen pikir, şol adamyň ruhyna siňýär we ruhy üýtgedýär. Mysal üçin soňky 10 ýyl meň aňymda "jaýsyzlyk erbet" diýen pikir ýaşady. Şu wagtky ýagdaýyma men öz ruhym bilen jaýsyzlygyň ýaramaz zatdygyny bilýän. Eger kyýamatda Beýik Ýaradyjy menden adamlary öz öýünden kowsak bolýamy diýip soraýsa, meň ruhym awtomatik ýagdaýda, beýle etmek bolanok diýip jogap berer. A eger Allah maňa rehimi inip, meň ruhymy 10 ýyllap arassalamadyk bolsa, men belkem adamy öýden kowsaň bolýa diýip jogap bererdim. Adam entek diri wagty, her bir adamyň aňynda uzak eglenen pikir, oň ruhyna ýazylýar we iň soňunda şol ruh, Allahyň öňünde çykyş etmeli bolýar. Adamyň aňynda eglenen diňe bir gowy pikirler oň ruhyna ýazylanok. Eýsem ýaramaz pikirler hem adamyň ruhyna ýazylýar. Mysal üçin aýdaly gürüplik ýaly duýgy adamyň aňynda uzak eglense, şeýle adamyň zandy hem görüp bolýar. Şeýle adamyň Allahyň rehimi inse, ol adama Hudaý kesel ugradýar we oň aňyndan ýaramaz pikirleri itip aýyrýar. Adam eýýäm hiç kime görüplik etmek barada pikir edenok we diňe öz jan saglygy barada pikir edip başlaýar. Diýmek adam öz ruhyny görüplik ýaly duýgy bilen hapalanok we kyýamatda şeýle adama ýeňil bolýar. Ýokardaky agzalanlara azda kände düşünen bolsaňyz, temany has çüňleşdireliň.

Kuranyň 22-nji süresiniň 2-nji aýatynda, adamlaryň kyýamat güninde içgili ýaly boljakdyklaryny, emma olaryň içgili däldigi barada agzalýar. Eger meň çakym çak bolsa, gürrüň ýokarda agzalan zatlar barada gidýär. Kyýamat güni barada diňe bir musulmanlar habarly däl, eýsem başga bir güýçler hem habarly. Ol güýçleriň kimdigi barada men anyk aýdyp biljek däl, emma olar, kyýamatyň boljakdygyna ynanýarlar, we tutuş adamzadyň ruhyny hapalajak bolup elinden gelenini edýärler. Eýsem tutuş adamzada nädip täsir etmeli, elbetde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň üsti bilen. Tutuş adamzat, awtomatik ýagdaýda dowzaha girip gider ýaly, adamlarda nähili dünýägaraýşy ýetişdirmeli? Biziň bilşiňize görä, iň agyr günä köphudaýyllyk. Eger adamlaryň aňynda köphudaýyllyk barada pikiri, uzak wagtlap saklamak başartsa, diýmek adamlaryň ruhy hem köphudaýyllyga ýykgyn bolmaly. Köphudaýly adam iň soňunda (kyýamatda) Allaha sataşsa näme bolar, elbetde Allaha köp sanly hudaýlaryň biridir öýder. Özem çyzykdan çykyp, zemini basyp alan hudaýdyr öýder. Kurany Kerimde şeýle dünýägaraýyşly adamlaryň dowzahda edýän gürrüňleri barada süre bar. Köphudaýyllygy bolsa, adamlara kinomatograf we çeper edebiýat ilteşdirýär. Super gahrymanlar we şoňa meňzeş kinolaryň iň esasy ideýasy, adamlarda köphudaýlygyň tohumyny ekmek. Başga planetadan gelenler baradaky paradigmaň esasy makasy hem, adamzadyň ruhyny hapalap, adamlary kyýamat güni agyr güne salmak. Başga planetadan gelen basypalyjylar barada biz näçe çeper filimlere tomaşa etdik? Bu teme ýöne ýere gyzgyn halda saklananok. Adamzadyň aňynda uzak wagtlap saklanan bu teme, iň soňunda adamyň ruhyna siňýär. Başga planetadan gelenleriň täsirine düşen adamlar, kyýamat güni, asmandan Beýik Ýaradyjyň ýere inip gelýän tagtyny görüp, oňa başga planetadan gelen basyp aljy diýip pikir etmeli bolýarlar. Golliwudyň we Disneý studiýaň düşürýän eserleriniň hiç biri ýöne ýere däl. Biziň şu gün öz görýän we çagalarymyza görkezýän zatlarymyzyň köpüsi, diňe kyýamatda öz hasylyny bermeli. Zombi baradaky teme hem ýöne ýere gyzgyn ýagdaýda saklananok. Sebäbi her bir adam öz ömründe ölümden soň direlmeli diýen sözler bilen gabat gelmeli bolýar, ähli dinleriň mukaddes kitaplary şol hakykaty nygtaýar. Zombi ideýasy bolsa, şol hakykata garşy işlemäge synanşýar. Sen mukaddes kitap okap, men ölümden soň direlerinmi diýip öziňe sorag berýäň, seň kelläňde bolsa direlen zombiler barada görülen kinolar janlanýar, hamala sen täzeden direlseň hem, sende öňkiler ýaly aň düşünje bolmajak ýaly, diýmek täzeden direlmek gorkuly däl. Garaz telewizoryň görkezýän hiç bir zady ýöne ýere däl, bu zatlar öz hasylyny diňe kyýamat güni bermeli, ondan öň dal. Dogrysy Namaz diýen zat hem öz esasy hasylyny diňe kyýamat güni bermeli. Sebäbi adam ömür boýy öz aňynda namaz baradaky pikirleri saklaýar, şeýle adamyň ruhy hem namaza ýugurlan bolýar. Şeýle adam kyýamatda Allaha sataşaýsa, awtomatik ýagdaýda maňlaýyny ýere goýup başlaýar, bu bolsa Allahyň gazabyndan sypmagyň iň gowy usuly.

©Rahman Zülfikarow
5 лайков 141 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýgül
24 авг 2023, 20:37
dogry bu dunya bizi Alla geti bizi Alla yaratdi inni bizem Alla dp yasamaly