Adam hiç wagt dünýewi baýlyklardan doýmaýar. Materiýalizm we içki göreş

Bir gün tokaýda bir adam ýekeje özi gaýgy-hasrata gark bolup otyr eken. Ähli haýwanlar ol adama ýakynlaşyp:
— Seni beýle gamgyn halda görmegi islämizok. Näme isleseň şony getireli, diýipdirler.
Adam: — Gözümiň gowy görmegini isleýän.
Guşlaryň biri: — Meniň görüş ukybymy alyp bilersiň.
Adam: — Güýçli bolmak isleýän.
Ýaguar: — Meň güýjümi al, güýçli bolarsyň.
Adam: — Dünýäniň syrlaryny bilmek isleýän.
Ýylan: —Saňa olary görkezerin.
Beýleki haýwanlaram dürli-dürli ukyplar beripdirler. Adam olaryň beren ähli "sowgatlaryndan" soňra, tokaýdan gaýdypdyr.
Şol ýerde duran baýguş beýleki haýwanlara:
— Adam indi köp zady bilýär we birnäçe zatlary etmäge ukyby bar.
Keýik: — Adam mätäç bolan zatlarynyň hemmesine eýe boldy. Indi gaýgy-gamdan uzak dursa gerek.
Baýguş: — Ýok. Adamyň içinde bir tegmil gördüm. Hiçwagt doýrup bolmajak açlyk ýaly çuň. Bu gara tegmil ony gaýgyly etmäge we mydam talap etmäge iterýär. Näçe berilse-de almaga we çöplemäge dowam etjekdir. Hat-da günlerde bir gün dünýä adama şeý diýýänçä: — "Dyndym (tükendim) saňa berere hiç zadym galmady"

Halk döredijiliginden
3 лайков 106 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kerbaba
08 авг 2023, 22:23
Апокалипсис киносы ядыма душди. Шу эртекини айдып берйарди индей гожасы..
Mährishka
31 авг 2023, 12:03
/Perhat+Sabirovv/gyzykly gyzykly hekayalar degismeler yazyanyz!!!???