Hany onda diňläň (okaň)

Menem käwagt kellä niredendir bir ýerlerden soň ýada düşmejek sözler gelýär. Şolardan ýadyma düşenini aýdaýyn.

- Ouff öňki söýgülim ýadyma düşdi
+ Haýsysy?
- Blä, ana şony ýadyma salyp bilemokda

***

Ýitirjek zadyň ýok bolsa, ine muňa erkinlik diýip bilersiň. Ýöne muny kim oňarar, ana şony soramaň menden...

***

Ölümiň bar ýerinde, has möhüm näme bolup biler?

***

Jogaby bolmadyk lýuboý zadyň soragy hem bolmaz hormatlym. Soraglar diňe jogabyny eşidesiň gelende bir ýerden çykar.

***

Aşyk bolmak nähili diýsene bratok, pursatda bolýan zat. Birden hemme zadyň beter ýagty görünmegi, iň öli reňkli zatlaryň hem gözüňi gamaşdyrmagy,birden hemme naharlaryň (nahar sözüni ýazamda söýen gyzymyň maňa bir zat bişirip bermek isleginiň höwesiniň bardygyny eşidemdäki duýgular ýada düşýär) şeýle bir tagamly bolan pursady.

***

Şol bir gaýtalanýan zat hemişe içgysgynçdyr. Şonuň üçin goňşymyzyň oty özümiziňkiden hemişe ýaşyl görünýär.

***

- Arada juma namazyna gitdim
+ Haçan?
- Sişenbede, men hemişe sişenbede gitýän. Adam az bolýar.

***

- Hiç hili satyn alynmaýan kitaplary çykaryp, hiçhili diňlenilmeýän radio programmasyny ýöretýän bro
+ Bu gaty gowa bro

***

Köplenç şol zatlar (adamam bolup biler, islendik jansyz predmetem) üçin kösendim, emma isleýşim ýaly ýaşadym.

***

????????????????
1 лайков 160 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
205161
Автор 23 авг 2023, 15:20
Adamyň ýüreginiň nähilidigini ýüzüne seredeňde tanap bolýar. Käbir adamlary görenimde (suratynam bolup biler) turşy zat iýeniňde ýüz keşbiň nähili bolsa şolar ýaly bolýanda.
205161
Автор 23 авг 2023, 15:22
Mundan 8-18 ýyl ozal bolan aralykda özümi görýän adamlarymdan 6 aý yzda barýan diýip pikir etýän. Häzir şolary gaýtadan görsem şolardan 2 ýyl öňde barýanlygymy görüp nädip beýle bolandygyna düşünjek bolýan.
OrazMuhammet Aşyrow
24 авг 2023, 23:53
Sözler nähilidir täsin ýöne näme üçindir duýgy ýok ýaly ..
205161
Автор 25 авг 2023, 00:03
mrokas
Sözler nähilidir täsin ýöne näme üçindir duýgy ýok ýaly ..

Duýgy diýip kösenýä adam. Duýgusyz ýaşanyň gowumyka diýýän