Hakykata tarap ýol
Käbir ruhanylar dindar adamlara şeýle diýip hem aýdýarlar: alymlaryň özleri ylmy bilimiň ösüşiniň taryhynda azaşmalaryň, ýalňyş netijeleriň köpdügi hakynda aýtmaýarlarmy eýsem! Düýnki günde ylymda hakykat diýlip hasap edilen zat bu gün eýýäm doly talyk zat däl diýlip hasap edilýär. Bu zatlaryň hemmesi ylymda takyk belli edilen, anyk hiç bir zadyň ýoklugyna şaýatlyk etmeýärmi eýsem?
Dini ynanjalary goraýjylaryň birentegi hut şunuň ýaly ýa-da takmynan şunuň ýaly diýip aýdýar. Hakykat diňe dindedir, ylmyň bütin taryhy bolsa - azaşmalaryň taryhydyr diýip, olar aýdýarlar. Bu barada birneme jikme-jik gürrüň ediläýse-de boljak.
Ozaly bilen, ylmy bilimiň ösüş taryhyny dürli ýalňyşlaryň we azaşmalaryň taryhy hökmünde görkezmek bolmaz. Şeýle pikir edýän adamlar ýa-ha biziň bilimlerimiziň nähili ösýändigine düşünmeýärler, ýa-da onun hakyky boluşyny bilgeşländen ýoýjak bolýarlar. Hakykatdan-da, alymlar könelişen düzgünleri zyňyp taşlaýarlar we barha hakykata ýakynlaşýarlar. Emma şunda ähli köne bilimler tutuşlygyna inkär edilenok. Köne bilimde diňe ýalňyş, onçakly takyk bolmadyk zatlar zyňylyp taşlanylýar.
Ylym arkaly gazanylan bilimler üznüksiz takyklanylýar, giňeldilýär,çuňlaşdyrylýar. Köne bilimler täze bilimler arkaly köp baralarda tassyklanylýar, kämilleşdirilýär, olar has doly, has takyk bolýarlar.
Ylmyň ösüş ýoly şeýledir. Muny görkezmek üçin gaty köp mysal getirmek bolar.
2500 ýyl töweregi mundan ozal Gadymy Gresiýada" älemiň-jahanyň kerpiçjikleri" hökmünde atomlar hakyndaky materialistik taglymat emele geldi. Tebigatdaky ähli jisimler iňňän owunjak bölejiklerden ybaratdyr. Atomlar bakydyr, üýtgewsizdir, bölünýän däldir. Olar biri-birlerinden öz möçberleri we formalary bilen tapawutlanýarlar. Geçmişiň alymlary, ine şeýle diýip aýdypdyrlar.
Ylmyň ösmegi bilen atom hakdaky taglymat barha ýaýbaň, barha esaslandyrylan taglymata öwrülýärdi. Geçen asyrda dünýäde atomlaryň ençeme onlarça (ýüze golaý) dürli görnüşleriniň bardygy belli edildi; atomlar diňe bir öz agramlary, möçberleri bilen däl, eýsem himiki häsiýetleri, ýagny beýleki bölejikler bilen dürli himiki birleşmelere gatnaşmaga bolan ukyby bilen hem tapawutlanýarlar.
Soňra XIX asyryň ahyrlarynda be XX asyryň başlarynda ylym tarapyndan atomlaryň, ozal pikir edilişi ýaly, şeýle bir üýtgewsiz hem däldigi açyldy. Wagtyň geçmegi bilen weýran bolýan radioaktiwli atomlar diýilýänleriň üsti açyldy. Atomlary bölmek hem bolýar eken, çünki olar jisimiň başga, has-da ownuk bölejiklerinden - elektronlardan, protonlardan, neýtronlardan ybarat ekenler.
Fizikler materiýanyň diňe bir iňňän ownuk bölejikler - atomlar, molekulalar, protonlar , elektronlar we başgalar görnüşinde dowam etmek bilen çäklenmeýändigini hem subut etdiler. Materiýa dürli-dürli görnüşdäki meýdanlar formasynda hem dowam edýär. Olardan biri - hereket edýän elektrik zarýadlary tarapyndan döredilýän elektrik magnit meýdanydyr. Şol meýdanyň wagtal-wagtal üýtgemegi giňişlige ýaýrap gidýän elektrik magnit tolkunlaryny döredýär. Mysal üçin, ýagtylyk we rentgen şöhleleri şolara degişlidir. Diymek, biziň üçin adaty bolan bigiden zatlaryň we hadysalaryň bolşy ýaly, şöhle hem materiýalaýyndyr.
Şeýlelik bilen, ylmyň ösüşiniň uzak asyrlary içinde atonlar hakyndaky taglymat köp özgerişlere sezewar boldy. Emma bu özgerişler tagkymatyň özüni ret etmediler, diňe barha taze we täze bilimler bilen onuň üstüni ýetirdiler, çuňlaşdyrdylar, ozalky bilimler durmuşyň, ylmyň we tehnikanyň ösüş derejesine laýyk gekýärdi. Geçmiş asyrlaryň alymlary, aýdaly, gadymybatomçy alymlar, atomlaryň içki gurluşyny belli eder ýaly atomlaryň jümmüşini barlap bilmändirler. Munuň üçin olaryň ne ylmy, ne tehniki müňkinçilikleri bardy. Gadymy dünýäniň alymlary at baradaky ylmyň diňe esaslaryny goýupdylar, şol esaslar bolsa jisimiň gurluşy hakyndaky bütin ylmyň ösüşine ummasyz täsir etdi.
Her bir ylym hem, edil şunuň ýaly bolup ösýär. Ilkinji, entäk asla doly bolmadyk we takyk bolmadyk bilimlerden ol kem-kemden biziň tebigatyn ol ýa-da beýleki hadysasy hakyndaky bilimlerimiziň barha çuňňur, barha dürs, barha giň bolmagyna tarap barýar. Munda bolsa ylmyň mejalsyzlygy däl-de, eýsem onuň güýçlidigi aňladylýar. Ylym könelişen garaýyşlaey zyňyp taşlamakdan heder etmeýär. Köne zatlara, bir wagt ýalana çykarylan zatlara ýapyşyp ýatmagy adamlara teklip edýän - dindir.
Ylmyn güýji - onuň bütin adamzadyň praktikasyna daýanýanlygyndan, şol praktika arkaly barlanýanlygyndan ybaratdyr, ine, şoňa görä-de onuň bilimleri esasan dogrudyr. "Keramatly" kitaplarda ýazylan we subut edilip bilinmejek zatlara köre-körlik bilen ynanmagy özüne esas edinip alýan dinden tapawutlylyjda ylym faktlara, tejribä, gözegçilik etmelere, tebigatyň we jemgyýetçilik durmuşynyň hadysalarynyň hemme taraplaýyn öwrenmeklige daýanýar. Her bir ylmy netije pugta barlanylýar we subut edilýär.
Ylym bize: ine, size dünýäniň doly, gutarnykly görnüşi, munda bolsa hemme zat aýdyňdyr we indi oňa hiç zady goşmak we üýtgetmek bolmaz, tebigaty mundan beýläk öwrenmek gerek däl diýip aýtmaýar. Adam taraoyndan dünýä akyl ýetirmegini togtatmak isleýän din welin, hut şeýke diýip aýdýar. Ylym bolsa ýok diýýär, tebigatda entäk köp zatlara akyl ýetirilenok, köp zatlary entäk ýeterlik derejede doly bilmeýäris diýýär. Akyl ýetiriş prosesi tükeniksizdir.
Her bilim asla birbada däl-de, eýsem bölek-bölekleýin ele alynýar - bizi gurşap alan dünýä ylmy taýdan akyl ýetirmegiň häsiýeti şeýledir. Emma olar hakykaty barha köp, barha takyk aňladýarlar, şeýlelik bilen-de, bizi gurşap alan dünýä hakyndaky dini garaýyşlary paş edýärler.

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.