Ylym Ynanç Sungat
✓Ylym-Ynanç-Sungat
Makala ýazylan wagty islendik maglumat/ylym/ynanç barada dogry ýa-da ýalňyş diýmezden we tapawutlandyrmazdan ýazylandygyny belläp geçýärin. Herkim öz maglumatlary/tejribeleri we ş.m dogry ýa ýalňyş hasaplap makalany okamana dowam edip biler, bu ýagdaý siziň makaladan aljak netijäňize täsir etmeli däl.
Adam adamlyk ýolundaky birinji ädimi ädeninden, belkem ene garnyndan başlap maglumat ýygnap başlaýar. Göz, gulak, ten — islendik ýol arkaly maglumat çöpleme prosesimiz dowam edýär. Soň? Soň däl, edil şol wagt maglumat gelen wagty käbir süzgüçlerden (filterlerden) geçýär. Süzgüçden geçmegi başaran maglumatyň özem süzgüjiň bir bölegi bolýar. Ýagny her täze gelen maglumat özünden öň gelen maglumatlaryň täsirinde galýar, olara täsir edýär, özüne ýer gözleýär we süzgüjiň bir bölegi bolup öz ýerini tapýar. Soňam indiki geljek maglumatlara täsir edýär.
Dogry maglumatlaryň, dogry süzgüçden, dogry şekilde geçmeginde ylym döreýär. Süzgüjiň düzüminde diňe bir öňki gelen maglumatlar bolmaýar, onuň düzüminde wyždan, rehim, gazap, ýigrenç, mähir ýaly duýgularam bolýar. Käbir adamlar akyly üstün görkezmek üçin özlerini duýgudan näçe saplajak bolsalaram, saplaýansyrasalaram, duýgular hemişe maglumat süzgüjine täsir edip durýar. Diýmek maglumaty süzgüçden dogry geçirip dogry ylyma ýetmek üçin duýgusyzsyrajak bolmak ýaly manysyz we nämümkin bir zady etjek bolmak, edýändirn öýtmek ýerine maglumaty dogry duýgularyň täsirinden geçirmeli. Şeýle ýagdaýda köplenç dogry dogryny, ýalňyşam ýalňyşy dogurýar. Her gelen täze maglumat öňki maglumatlaryň we duýgularyň süzgüjinden geçip täze duýgularyň emele gelmegine sebäp bolýar. Şeýlelikde bu ýagdaý aýlawa(loopa) girýär. Edil şu nukdaýnazardan seretsek adam hiç haçan öňküsi ýaly bolmaýar we üýtgemekden gaçyp bilmeýär.
Süzgüçden geçen maglumat (geçiş ýagdaýyna we beýleki faktorlara görä dogry ýa-da ýalňyş) ylma öwrülýär. Ylym haçan ynanja öwrülýär? Adam ylmy özüne siňdirip ylym onuň hemme hereketine täsir edip başlan wagty ynanç bolýar. Elbetde bu iş ylmy siňdirip ynanja öwürme prosesiniň tizligi we basgançaklary adamdan adama, ylymdan ylyma üýtgeýär. Käbir adamlar has çalt ynanýar, käbir adamlar has kyn ynanýar. Käbir maglumatlar çalt ynanylýar we ş.m. Bärde iň esasy üns bermeli zat — hemme zat hemme zada hemişe täsir edýär. Şonuň üçinem bu temada haýsy maglumatyň nähili ynanja sebäp boljakdygy barada hiç zat aýdyp, çaklap bolmaýar. Meňzeş wakalardan meňzeş maglumatlary çöpleýän adamlar käbir faktorlaryň çalaja üýtgemegi sebäpli üýtgeşik ylma şeýlelikde düýbinden üýtgeşik ynanja gelip bilýär. Bu ýagdaýda esasy faktorlaryň biri hem maglumatyň çeşmesi bolup durýar. Maglumat çeşmesiniň tapawutlylygy maglumatyň mazmunyna garamazdan hiline zeper ýetirip bilýär. Baryp ýatan çilimkeşiň çilimiň zyýany baradaky ündewi bilen hiç çilim çekmedigiňki deň täsir etmeýär. Ýa-da baryp ýatan çilimkeş bolup şondan ýaňa rak bolanyň ündewi düýbinden başgaça täsir edýär. Bu faktorlaryň täsirinden saplanyp diňe maglumaty gözden geçirmek köplenç başartmaýar. Sebäbi maglumatyň çeşmesi we ýetiriliş usuly hem ýene bir maglumat hökmünde sistema täsir edýär.
YLMYŇ YNANJA ÖWRÜLMEGI
Çöplenen maglumatyň süzgüçde tassyklanmagy we ylym bolmagy, tassyklanan ylmyň geljekki herekete täsir etmegi üçin ynanja öwrülýändigini aýdypdym. Adamlar köplenç ynanç bilen ylmy bulaşdyrýarlar. Kellelerinde ýöne maglumat hökmünde göterip ýören (süzgüçden geçmedik) zatlaryna hem ynançdyr öýdüp bilýärler. Bu mesela dogry düşünmek ylym ojaklarynda berilýän maglumatlaryň beýinde berk ornamagy üçin hem möhüm bolup durýar. Meselem diýeli çaga grawitasiýa kanuny öwredilýär. Ýeriň, üstündäki hemme zady çekýändigi, hatda hemme zadyň biri-birini çekýändigi öwredilýär. Ine şu — maglumat. Soňra ol çaganyň öňki tejribeleri bilen deňeşdirilýär, täze pikirler, subutnamalar, formulalar bilen berkidilýär. Indi maglumat ylym boldy. Çaga herhili zatlaryň gaçýandygyny görýär kabul edýär we 6-njy gatdaky penjiräniň ýanyna barýar we ýüregi hopugýar. Bökmek islemeýär, gorky emele gelýär. Ylym erkiňe, duýgulara, hereketlere täsir edýär. Ine bu — ynanç.
ÖÝKÜNME YNANÇ
Eger bir adamynyň ynanjy bilen hereketleri biri-birine gabat gelmeýän bolsa onda diýmek şol adamyň beýnisine kabul eden maglumaty prosesi doly tamamlan däldir, ynanç bolan däldir. Ynanç adamynyň erkine täsir edýär diýipdik. Onda bu adam doly prosesi tamamlanan ynanja eýe däl bolsa, ýöne hereket edip ýören bolsa onda nämä görä hereket edýär? Ine şu ýagdaýy düşündirmek üçin öýkünme dadymyza ýetişýär. Özbaşdak ylma we ynanja eýe bolmadyk adam bu boşlugy doldurmak isleýär we birine öýkünmelidigine ynanýar. Birine öýkünmelidigi ynanjy haýsy maglumatdan gelip çykýar? “Pylan kişi has gowy ýagdaýda ýaşaýar, has rahat ýaşaýar”, “pylany gaty akylly hemme edýän hereketi dogry ol sylanýar” ýaly maglumatlar olary yzarlamalydygy, olara öýkünmelidigi baradaky ynanjy döredýär. Bu öýkünme ynanç hakyky ynanja bolan mätäçligiň ýerine geçip bilýär.
 Sag bolsyn aýdyldy: 2
Bilim, Nirvana tarapyndan Düýn, 20:03
 Nirvana  off № 1Düýn, 20:04
YNANÇSYZLYK YNANJY
Ynanç diýilen wagty köplenç din kellä gelýär. Makalanyň şu ýerine çenli ynanç diýenimde umumy ynanç düşünjesini göz öňüne tutup gelýärdim we muňa din hem degişlidi. Ýöne käbir adamlar ynanç diýilen wagty diňe dini göz öňüne tutýarlar. Şeýlelikde dine ýa-da hudaýa ynanmaýanlara ynançsyz diýilýär. Olar çyndanam ynançsyzmy? Onda olary näme hereket etdirýär. Olaryň süzgüjinden geçýän maglumatlar ylymdan soň ynanja öwrülmeýärmi? Adamlar köplenç şu meselede bulaşýarlar. Hatda leriň özleri hem juda köp bulaşýar. Olar ynançsyz däl. Olar hudaýyň we diniň ýokdugyna ynanýar. Bir dindar adamyň dine ynanmagy haýsy proseslerden we täsirlerden geçýän bolsa iň hem hudaýyň ýoklugyna bolan ynanjy şol proseslerden geçýär. Adamynyň şol bir maglumatyň esasynda hudaýyň barlygy ýa-da ýoklugy barada netije çykarmana ygtyýary bar. Şol bir biologiýa ýa fizika ylmyny okan adamlar hudaýa ýa-da onuň ýoklugyna ynanyp bilýärler. Dindar adamlaryň dinden çykaryn öýdüp ylymdan gorkmagynyň, leriň hemme dindarlara bilimsiz jahyldyr öýtmeginiň esasy sebäbi şu prosese düşünip bilmezlik. , çöplän maglumatlary arkaly hudaýyň ýoklugy barada ynanja eýe bolýar. Ýagny ol ynançsyzlyga ynanýar. Şonuň täsirinde hereket edýär. Agnostikler bolsa hudaýyň barlygynyň subut edip bolmajakdygyna ynanýar, ahyrynda bu hem bir ynanç. Herkim birzatlara ynanýar. Hereket etmek üçin ynanaýmaly ýa-da öýkünmeli.
Jogap
2
0
 Nirvana  off № 2Düýn, 20:06
SUNGAT WE YNANÇ
Her çöplenen maglumat filterden geçip barýarka dürli duýgylary oýarýar. Bu duýgy oýanmasyna başdan geçirmelerimiz, öňki maglumatlarymyz, ynanjymyz täsir edýär. Islendik bir obýektdan alnan maglumatyň filterden geçip öz ýerini tapmagy netijesinde adamda oýarýan reaksiýasyna sungat diýilýär. Islendik adam islendik zada sereden wagty şol zat baradaky maglumatlary ynanjynyň süzgüjinden geçirýär we olaryň öz ynanjy bilen nähili gatnaşykdadygyna görä obýektiň sungatlygyna baha berýär. Şonuň üçin her adamynyň her sungat eserine seredişi deň bolmaýar. Şonuň üçin filterini ussat ulanmagy başarýan adam sereden islendik zadynda öz ynanjyna degişli ýerleri görüp hemmesine sungat eseri hökmünde garamagy başaryp bilýär. Edil şol bir ýoldan yza gaýtsak, islendik bir adam eden hereketinde şeýlelikde döreden eserlerinde öz ynanjyny serpikdirýär. Ýagny sungat düşünjesi bilen hiç hili baglanşygy bolmadyk adamlara çenli öz hereketleri arkaly öz ynançlarynyň portretini çekýärler. Islendik adamynyň edýän hereketlerine seredeniňizde sungata sereden ýaly duýýan bolsaňyz onda ol adam bilen ynançlaryňyzyň kesişýän ýerleri bardyr. Sungat adamynyň kerpiç-kerpiç ören içki dünýäsiniň daşky dünýäsi bilen birleşmeginiň netijesidir.
Galamkeş
Nirvana

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.