ÝAŞ ÖLÜM. (Bolan waka ).

Şol gün agşam aralardy, iñrik ýañy garalyp ugrapdy,
howlymyza Döwlet belgisi Mary welaýatyna degişli bolan bir maşyn gelip girdi, menem,
----Kimkä bu maşyn,
diýip, maşyna tarap ýöräp ugradym, ynha maşynyñ içinden Mukam düşüp, olam maña tarap ýöräp ýanyma geldi, menem oña,
----Mukamjan eýgilikmi, duşuşmadyñyzmy?!
diýsem,
----Çary, men-ä, etmesiz iş edendirin, ol gyzy alyp gaçyp geldim,
diýip, öñümde ýylgyryp durdy, menem,
----Aý borla Mukamjan, boljak iş bolansoñ näme etjek, düşür gyzy maşyndan, getir öýe sal,
diýip, ikisinem öýe salyp, getiren şofýorada ýol puluny berip ugratdyk, şeýdip ikisini öýe salyp, ejeme bolan işleri düşündirdim, ejemem gyzyñ kellesine ýaglyk atyp içki otaga ýerleşdirdi.
Indi habary kimden al, Mukamyñ kakasy bilen enesinden al, bulara nähili duýdyrmaly, şu alada meñ beýnimde höküm sürýärdi, sebäbi Mukamyñ kakasy, öñden bäri Mukama tabşyryp ýördi,
----Kimiñ gyzy bilen halaşsañ aýt, guda baryp alyp berjek, özüñe ýakmajak zady başga kişä etme, eger biriniñ gyzyny alyp gaçaýsañ, ikiñizem öýe salman,
diýip, kän gezek aýdypdy, menem şoñ üçin bu habary Mukamyñ kakasyna baryp aýtmaga az hem bolsa çekinmän durmadym, onda-da ýüregmi daşa baglap Mukamyñ kakasynyñ ýanyna baryp, bolan işleri bolşy ýaly aýtdym, aýdanymam şoldy welin, birhili ýüzüni küşşerdip, gaharlanyp, haýbat bilen,
----Bäh, her zat etdi, meñ diýenimi etmedow, aýt şol bigaýrada, galan ömrüne şu howla "Kakam bar" diýip, aýagyny ädäýmesin,
diýip, gahar-gazaba gaplanypdy, menem,
----Ýazgytdyr-da daýy, Allam mañlaýña näme ýazan bolsa, şonam görmeli borsuñda,
diýsem,
----Siz Allany nä bilýäñiz, zady nä bilýäñiz, barhow, senem indi işiñ bilen bol,
diýip, menem çykaryp kowup goýberdi.
Şeýlelik bilen, men Mukamyñ kakasynyñ ýanyndan dolanyp öýe gelsem, öýde bolýan zatlara düşünip bilmän galdym, öýe girenimem şoldy, Mukam iki elini ýüzüne tutup, aglap, ylgap daşaryk çykyp gitdi, men Mukamyñ kakasynyñ ýanyna aýtmaga gidemde, ejemem baryp enesine aýdyp, enesini öýe alyp gelen eken, ynha enesem öýde özünden gidip ýatyr, ejem aldygyndan ýüzüne suw sepip otyr, içki otagda gyzyñ aglaýan sesi eşdilip dur, bu bolýan zatlara geñ galyp, düşünip bilmän ejemiñ ýüzüne seretsem, ejemiñ ýüzünde-de gan-pet galmandyr, ak tam ýaly ap-ak bolupdyr, ahyr durup bilmän ejeme bakyp,
----Eje, nämeler bolup ýör, düşünip bilmän galdym-la,
diýsem,
----Bar oglum, maşyn tutup gelde, gyzy öýlerne ugrat,
----Näme üçin ugratmaly eje?!
diýsem,
----Oglum, şu wagt soragyñy bes etde, meñ diýenimi et,
diýip, ýüzüme erbet gaharly seretdi, men henize çenli ejemiñ beýle gaharly seredenini görmändim,
----Bor eje, häzir,
diýip, öýden çykyp gitdim, iki jaý añrymyzda, Tejen-Mary aralygynda ýolagçy gatnadyp ýören taksi maşyn sürýän goñşym bardy, şulara baryp, myhmanymyñ barlygyny, şony Mary şäherine äkitmelidigini aýtsam,
----Bor Çary, taýyn bolsa häzir ýigrim minutdan barýan,
diýensoñ, menem ýene öýe dolanyp geldim, ejem ýüzüme seredip,
----Maşyn gördüñmi oglum,
----Howa eje, häzir gelýär,
diýsem, ejem gyzyñ oturan içki otagyna girip, gyza birzatlar diýýärdi, men doly eştmedim.
Mukamyñ enesem özüne gelipdir, olam gyzyñ ýanynda eken, ynha-da maşyn geldi, ejem gyzy maşyna mündirip, şofýorada ýol puluny berip, Mary şäherine äkitmegini haýyşt etdi, şofýoram,
----Bor goñşy, arkaýyn bol, diýen ýerine eltip düşürerin,
diýip, hoşlaşyp, howlydan çykyp gitdi.
Şeýdip gyzy ugradanymyzdan soñ, men ejemden bu bolýan zatlaryñ sebäbini soradym, ejem bu zatlaryñ sebäbini maña aýdanam şoldy, ejem heniz sözüni soñlamanka, üstümden gaýnan suw guýulan ýaly bolup, gözlem garañkylap, essim aýylyp, özümden gidere geldim, asyl ol gyz bir wagtky, gundakda bäbek wagty giden, Mukamjanyñ öz jigisi bolup çyksa nätjek.
Gör bu bolýan zatlary, adam pahyr ölmese her-hili zatlar bilen garşylaşjak eken, şol bolan zatlara häzir-häzirem ynanyp bilemok, şol gije Mukamjanyñ aglap öýden çykyp gidişi, Mukamjany iñ soñky gezek görüşim boldy, gyzy öýlerine ugradanymyzdan soñ, Mukamjan ýadyma düşüp, Mukamjany gözlemäge başladym, obañ içinde uzak gije gözledim, dost-ýarlarmyzyñ ählisiniñ öýüne baryp sorap çykdym, obañ içinde baryp biläýjek ýeri bolsa soraşdyrdym,"Gördüm-bildim"diýen ýok, näme etjegimi bilmän, daña golaý öýe dolanyp geldim, ejem bilen Mukamjanyñ enesi, ýatman maña garaşyp oturan ekenler, öýe girsem, ikisem meñ ýüzüme seredip durşyna, ejem söze başlady,
----Oglum, Mukamy tapmadyñmy?
----Ýok eje, men-ä, hiç ýerden tapmadym, obañ içinde baraýjak ýeri bolsa sorap çykdym, hiç ýerde ýok,
----Beh, nirä gitdikä oglum, belki bu gün özi bir ýerlerden çykaýsady-da,
----Çykar eje,
diýip, sözümi soñlap daş çykdym, Mukamjanyñ aladasy gitdigiçe üstümden basyp ýere siñdirip barýardy.
Howa gowy agaryp gün dogup ugrapdy, mal-garalañ ot-iýmini berip, ertirlik edinip, ýene köçä çykdym, Mukamjan bir ýerlerden çykyp geläýjek ýalydy, köçäñ gyrasynda şol pikir edip oturşyma, gün al-asmana galypdy, agşam ýatmamsoñ, kelläm agyryp ýarylara gelipdi, ol barmana"Öýe gireýin"diýip, ýerimden turanymam şoldy,
----Aý inim, biraz aýak çeksene,
diýip, ses geldi, seretsem, obamyzyñ çekene sygyrlarny bakýan Aman agady, oñ bolup gelşini birhili halamadym.
----Salawmaleýkim Aman aga!!!
----Waleýkim inim, gowumy ýagdaýlarñyz?
----Hudaýa şükür Aman aga, gowy, özüñem gowumy?
----Wah men gowula inim, men-ä, bir habar bilen geldim, kynam bolsa aýtmasam-a, bolmaz.
----Näme habar Aman aga, eýgilikmi?
----Eýgiligä däl inim, ýañy sygyrlary sürüp obañ ilersindäki şor kanalyñ köpürsine bardym welin, köpriñ aşagynda sallanyp duran adam jesedini gördüm,"Kimk-ä bu bende"diýip, ýanyna barsam, bu goñşyñ Myradyñ ogly,
diýenini bilýän, şondan soñ, duran ýerimde ýykylyp özümden gidipdirin, sygyr çopan Aman aga göterip öýe salypdyr, ejem daga hemme zady bolşy ýaly aýdypdyr, gidip Mukamjanyñ jesedini getiripdirler, Mukamlañ öýüne goñşy-golamlañ bary üýşüpdir, menem özüme gelip çete geçip otyryn, ýüregim doñup gidipdir, näçe aglajak bolýan, aglap bilemok, Mukamjan meñ çagalykdan bile önüp-ösen dostumdy, biz diñe dost däl, dogan ýaly bolup gidipdik.
Şol gün dogan-garyndaş, dost-ýar, gelmeli adamlañ bary gelipdi.
Şeýdip Mukamjany, soñky ýoluna salyp jaýlap geldik, şondan soñ ejem meni bir gyra çagyryp,
----Oglum, Mukamjanyñ Marydäki gullukdaşyna jañ etsene, ol gyzdan habar tutsynla, ol bir öýüne bardymyka,
----Bor eje, häzir jañ edip soraýaryn,
diýip, telefonymdan Mukamjanyñ Marydäki gullukdaşynyñ telefon belgisini tapyp, jañ edip sorasam, ol gyzam geçen agşam özüni otlap ýogalypdyr.
Şeýdip iki sany ýaş ömri ýok eden bu zalym pelek, gör näçe ýaş ömürleñ soñuna çykdy.
Mukamjanyn olmezinden on yazan goshgysy:
Dostlar ölmezimden owal
Aýdaýyn tutup ýakamy
Ýañy iki ýaşymdekäm
Bolup geçen bir wakany.
Enem-atam durmuş ýoly
Sebäp bilen azaşypdyr
Gizlemäýin men sizden
Bir-birinden aýrylşypdyr.
Kakam meni alyp galsa
Ejem uýamy alypdyr
Şeýdip ejem Mara gidip
Atasy öýünde bolupdyr.
Ondan bäri aý-aýlanyp
Ýyllar geçipdir ädimläp
Iki ýyllyk Watanymyñ
Geldim gullugyn tamamlap.
Bir gün öýde ýatan çagym
Mary ilinden gullukdaşym
Geldi diýdi"Toý tutýan
Bargyn mähriban ýoldaşym."
Toý sähedi ýetip geldi
Höwes bilen Mara bardym
Täze gelne şaýat boljak
Gözel gyza göwün berdim.
Dura bilmän söz iberdim
Toýun tutýan ýoldaşymdan
Ol perizat añan eken
Söýýänimi meñ bolşumdan.
Şondan bäri ýüreklermiz
Wadalaşyp-halaşyp
Gezip ýörüs pynhan ýerde
Bäş-üç günden duşuşyp.
Alyp gaçdym ahyrynda
Söýgümiziñ wagty doldy
Bilmezlikde edenlerme
Ýaş ömürim ahyr boldy.
Töwellaçy ibermäge
Gyz añyrsyn sorap ýekän
Aýdyp berdi ýedi arkasyn
Dostlarym öz uýam eken.
Eý Allajan bu ahwalyñ
Bendelerñe neneñ dözýäñ
Ýalbarýaryn geçir günäm
Günäm üçin janym berýän.
Iki metrjik ýüp bilen
Mukamjan janyna dözdi
Ol uýasy şol gijede
Öz-özüni otlap öldi.
4 лайков 302 просмотров
33комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Diamante
09 окт 2023, 18:03
eger bolam waka bolmadyk bolsa munýaly gynanmazdym
Sahedowa
Автор 09 окт 2023, 20:19
su waka boldy diyip gynanyanmy
hhGenial
09 окт 2023, 20:55
Sagbol ýetirenine
Sahedowa
Автор 09 окт 2023, 20:59
ozim su wakany basga yerden alyp paylasdym dine awtory G. Batyrowa
hhGenial
09 окт 2023, 21:03
Hmm mlds
Sahedowa
Автор 09 окт 2023, 21:23
Genial sn bln tanysyp bolyamy
Sahedowa
Автор 09 окт 2023, 21:25
mn Nabat, Bn, t-bashy, 08
Diamante
09 окт 2023, 21:35
Sahedowa,
Aytdarow onda aşagyndan yazaymala G. Batyrowynky diyip
Sahedowa
Автор 09 окт 2023, 21:37
mn aytdyma
Sahedowa
Автор 09 окт 2023, 21:38
biraz gic aytdym yone hic bolandan gic bolany yagshy
Diamante
09 окт 2023, 21:44
Yöne hekaya çözyä
Sahedowa
Автор 09 окт 2023, 21:58
Sag bol Khanture mowzuklaryma goyan laykin ucin
hhGenial
09 окт 2023, 22:25
Sahedowa men bln tanyşjakmyn?
Sahedowa
Автор 09 окт 2023, 22:26
Genial,
hovva
hhGenial
09 окт 2023, 22:27
Men Dinara 08 Dz
Sahedowa
Автор 09 окт 2023, 22:32
haysy mekdep
hhGenial
09 окт 2023, 22:35
40 njy mekdep ha nm üçin soradyn
Sahedowa
Автор 09 окт 2023, 22:46
yo yone, senden basga bir zat sorajak su saytyn agzalarynyn hemmesi dz my
Azasdym.
10 окт 2023, 14:47
Sahedowa
yo yone, senden basga bir zat sorajak su saytyn agzalarynyn hemmesi dz my

Ay yok hemme dal hemme welayatdanam bar sana haysy wlyt gerek.
Azasdym.
10 окт 2023, 14:51
Hekeyan gowy eken yetirenini sag bol.
Sahedowa
Автор 10 окт 2023, 14:55
yo dine mn bn mikam diydim agzalaryn kopsi dz eken bir diamont mn ahal diydi bndan adam barmika diyip gyzyklandym dineje
Sahedowa
Автор 10 окт 2023, 14:56
Su wakany basga yerden alyp paylasdym awtory G. Batyrowa
Sahedowa
Автор 10 окт 2023, 14:57
Azasdym.,
Siz bln tanysyp bolyamy mn nabat 08 bn
Azasdym.
10 окт 2023, 15:02
Sahedowa,
Bolya men Nurjahan dz 04
Sahedowa
Автор 10 окт 2023, 15:04
Azasdym.,
yokary okuwda okayanmy ya-da
Azasdym.
10 окт 2023, 15:18
Sahedowa,
Yok magazinda isleyan kassada otyryan okuw indiki yyl synansaymasam.
Sahedowa
Автор 10 окт 2023, 15:20
haysy ugurdan gidesin gelya howasli
Azasdym.
10 окт 2023, 16:11
Sahedowa
haysy ugurdan gidesin gelya howasli

Dogtar.
Sahedowa
Автор 10 окт 2023, 16:15
Arzuwlaryn hemmesi hasyl bolsun menem su durmusda in kop isleyan zadym sona yetip bilsem basga armanym yok
Azasdym.
10 окт 2023, 16:22
Sahedowa,
Sag bol name arzuwyn bar.