Korkut ata - kinofestivali

Azerbeýjan Respublikasynyň paýtagt şäheri Bakuda geçirilýän «KorkutAta» türki dünýäsiniň halkara film festiwalynda Türkmenistanyň wekili Ahmet Amandurdyýew «Gyzyl alma» filminde Mergeniň keşbine ýerine ýetirendigi üçin «Iň gowy aktýor» ugry boýunça baýraga mynasyp boldy.Film sýužet taýdan gündogar edebiýatynda meşhur bolan gyzyl almanyňrowaýatyna esaslanýar. Filmiň režissiýory Hekim Alow gahrymanlaryň üsti bilen türkmen halkynyň haýyr-sahawat, sahylyk ýaly ynsanperwer häsiýetlerini ussatlyk bilen açmagy başarypdyr.
Bakuwda geçirilýän «Korkut Ata» festiwalyna bu ýyl Türkmenistandan,Azerbaýjandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we Russiýa Federasiýasyndan çeper, dokumental we animasiýa filmleriniň 32-si hödürlendi.
Ahmet Amandurdyýewiň ýerine ýetiren keşbiniň «Korkut Ata» festiwalynyň eminleri tarapyndan ýokary baha mynasyp bolandygyny bellemelidir. Aktýoryň «Gyzyl alma» filminden başga-da, «Esger», «Durmuş kyssalary», «Binýat» ýaly filmlerde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Gopbam towşan», «Ynam! Umyt! Söýgi», «Talyp söýgüsi» ýaly sahnalarda keşp janlandyrypdy.
6 лайков 95 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Jacksparro
10 янв 2024, 17:25
Gutlaýarys, üstünlik dileýäs.
Jacksparro
10 янв 2024, 17:25
Gutlaýarys, üstünlik dileýäs.
TtDžumaýewa
10 янв 2024, 17:48
gowy aktyor
Oglan
13 янв 2024, 20:50
Tüweleme höwri köp bolsun