Birje ädim öňe
Adalat düşünjesi adamlarda hemişede bolan. Adalata bolan garaýyşyň
hemişe bolandygyna göz ýetirmek üçin köne döwüiň kitplaryny
okasaň ýeterlik. Irki döwüriň adalatçy şahyrlarynyň iň ulusy
Saady bolsa gerek.
Ýakyn döwüriň iň güýçli adalatçysy Magtymguly. Örän
köp adam adalat barada ýazan. Daşary ýurtlarda hem adalatçylar ýeterlik.
Adalatçylar ýeterlik emma adalat ýok diýjek bolýaňmy? Ylalaşmaýan.
Döwrümizde adalat ýokdan däl. Adalat bar. Emma ýeterlik däl.
Onsoňam bar bolan adalatymyz tagaşyksyz, gyşyk, köne.Adalatymyzyň
könedigini nazarda tutyp ony täzelemegimiz gerek. Häzirki zaman
türkmen adalat düşünjesinde ruslaryň dünýägaraýyşy ýatyr. Ruslar
bu ýerleri basyp alandan soň zoruja öz adalat düşünjesini biziň
aňymyza siňdirdiler.
Biziň häzirki zaman adalat düşünjämizde maddy baýlyk ýatyr ýagny
eger bize eliň bilen tutyp bolmaýan baýlygy bermeseler
adalat diýilmeýär.Bu nädogry. Adalat dogry gepden, ejize söz
goldawyny bermekden başlanýar we dowam ediberýär tä men
adalatsyzlyga uçradym diýýän öz arzasyny gaýdyp alýança.Ol razy
bolýança.
Eger şu aýydanymy nazarda tutsaň ýurdymyzda adalat ýeterlik.
Emma magtanarlyk däl. Örän köp maýda-çüýde hasaplanýan
nägile bolmaklyklyga baha berilende olar adalatsyzlygyň nyşany
hökmünde kabul edilmeýär.Tapawudy ýok nägilik haýsy görnüşde
bolsun ony adalatsyzlyk diýip at berip adalaty galdyrmaga
ymtylmaly. Adalaty diňe hökümet etmeli diýmek özüňi adalaysyzlyga
ýykgyn edýän hasaplasaň dogry bolar. Hemme adalatly bolmaly.
Gepiňde. sözüňde, işiňde, bir zady paýlamaly bolanda. Adamy razy etmek
hemmäniň borjy. Bu borç. Öz erkiňe görä däl islänimi edýän diýmek.
Adalatsyzlygyň soňky nokady hem bar. Adalaty goldamasaň uzak
gitmän adalatsyzlyga uçraýaň. Bu halat seniň üçin örän agyr geçmegi
mümkin. Şonuň üçin adalat ilki bilen özüňe gerek. Onsoň beýleki zatlar
üçin. Adalat sözi hemme zada ýaýraýar. Adamlar bilen birlikde tebigata
hem. Tebigat hem adalata mätäç. Çünki adamlar tebigat bilen iş
salyşýar. Tebigatdan zat alýarlar. Tebigaty üýütgedýärler. Ine şu
gatnaşykda hem adalat düşünjesinden gelip çykmaly. Tebigatdan
alynýan zat çendenaşa bolmaly däl.Tebigatdan alynan zatlardan awy,
partlaýjy maddalar öndermeli däl.Haýwanlary pul üçin öldürmeli däl.
Ösümliklere gerbisid sepmeli däl.Suwy tygşytly hem arassa saklamay.
Şularyň hemmesi adalat düşünjesiniň esasynda ýatýar.
Hawa, men diňe güýjümiň ýetenini etdim.Üstüňize baryp sen adalatsyz
diýip çäre görmäne mende erk-ygtyýar ýok. Men diňe sizden haýyş edip
bilýärin. Adalatly boluň.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.