Dostyň pul sorasa näme bolar?

Waka meniň bilen bolup geçmedi. Wakany internet sahypasyndan alyp terjime edip size hödürläýerin. Terjimäni bolsa öz ellerim bilen etdim.

Köp ýyldan bäri kosmetika salonymda işleýän. Gelin boljak gyzlary toýa taýynlaýan, olary geýindirýän, kraskalaýan, saçyny türmekleýän, surata düşürýän. Dürli hili obrazlar etmäni bilýärin. Kosmetika bilen çagalykdan bari gyzyklanýan.Kem-kemden kosmetika bilen meşgullanmak üçin zerur enjamlary satyn aldym, dürli hili kraskalarym, daraklarym bar. Internetde bu ugurdan okuw alyp barýan. Ýanymda okuwçylarym bar.Umuman hemme ugurdan işim oňunady. Emma bu gowy durmuşyma öz dostum diýip hasaplap ýören joram awy gatdy. Ikimiz gepleşip otyrardyk, gatnaşrdyk, syrlarymyzy adardyk. Ol hemişe dostluk barada aýdardy. Dost dosta kömek etmeli, dostlaryň arasynda pul diýen zat bolmaly däl diýerdi. Men bolsa oňa ynanardym. Şeýdip ýörkäm joramyň durmuşy bozulyp galdy. Adamyndan aýryldy. Joram bu düşen ýagdaýyna örän gynandy. Aglady, saçyny ýoldy, şermendelik etdi. Men oňa köp göwünlik berdim. Gynanma, häli sen ýaş. Durmuşyň oňuna bolup gider diýdim. Onsoň joram bilen ikimiz maslahat etdik. Näme edende ol täzeden durmuşa çykyp biljegi barada. Elbetde, hemme aýal owadanlygyna üns bermeli. Owadan aýal erkeklere göze görüngiç bolýar. Onda joram özüni iň soňky moda bilen bezemegini sorady. Men elimden gelenini edip bir topar gymmat çykdaýjylary edip joramy aý ýaly edip bezedim. Onuň bu suratyny tanyşlyk açylýan saýtlara goýduk. Uzak gitmän jorama bir topar erkek aşyk boldy. Joram täzeden özüne üns berilenine begenip yzly-yzyna özüni bezemegimi sorady. Özäm her gezek gymmat kosmetikalar bilen. Bejerenimiň sany üçden-dörtden geçip gitdi. Men joramy bezeýärkäm köp adam garaşmaly boldy, çünki ol meniň joram bolansoň nobata goýmany birhili gördüm. Ýöne bolmady. Joram özüni bezäp orta çykmany hasam köpeltdi ýöne meniň bu edenlerim üçin bir gezegem hak tölemedi. Meniň üçin bolsa pul zerurdy. Hemme zat üçin tölemelidim. Bu gezek joramy bezedimde oňa öz halymy aýytdym.- Joram diýdim, maňa pul gerek, men indi seni mugt bezemäne ýagdaýym ýok. Salonyma seret, kosmetika ýok seniň gymmat mäkiýajlaryň üçin diýdim. Şeý diýsem joram ýüzüni turşardyp otyrdy. Ikimiz jora ahyry, sen nähili menden pul sorap bilýäň diýdi. Onda men oňa, iň bolmanda öz bezegiň üçin gerekli kosmetikany özüň getir men senden el haky almaýyn diýdim. Şundan soň joram menden öýkelän ýaly boldy emma gatnaşgygy goýmadyk. Bir gezek internete girip joramyň internetde açan sahypasyna dogry gelip galdym. Görsem joram özüne tort,peçenýe bişirmekden zakaz alýan bolup çykdy. Özäm örän ökde bolup gidipdir. Bişirip bilýän zatlarynyň suratlaryny görüp agzym açylyp galdy. Öňde baýramçylyk bardy. Özümem şu baýramçylygyň aladasynda gezip ýördüm. Gaýyn atama we gaýyn eneme baýramçylykda orta näme goýarkam diýip ýören halymda joramyň elinden gelýän bu işe zakaz edeýin diýip jaň etdim. Ol bolýar diýdi. Iki sany tort zakaz edip garaşyp geziberdim. Baýramçylyk bolsa ýetip geldi. Jaň etdim. Joram zakazyň taýyn diýdi. Baryp alyp gaýytdym. Ol ýerde sesini çykarmady emma öýe gelenimden joram jaň etdi. –Alyp gaýydan tortlaryň pulyny häzir töleseň gowy bolardy diýdi. Onyň pul diýen sözüni eşideip agzym açylyp galdy. Zordan samyrdyklap özüme geldim. Joram diýdim oňa- Özüň näçe gezek tekrarladyň maňa dostlaryň arasynda pul bolmaly däl diýip. Men seni bu eden hyzmatyň üçin pul sorar diýmedim. Çünki ikimiz dost. Haçan seniň durmuşyň bozulanda men seniň ýanyňda otyrdym, seniň bilen deň aglap. Bu gün bolsa iki sany tortyňy maňa rowa görmeýäň. Üstesine seniň tortlaryň bahasy bilen meniň saňa sarp eden kosmetikam bilen deňeşdirseň bu aý bilen gün ýaly. Men senden beýle zada garaşmandym. Meniň kömegim bilen sen özüňe geldiň. Men seni äleme meşhur etdim diýdim. Joram bolsa gepe düşünmedi. Eger sen diýdi puly şolwagt soranyňda beredim diýdi. Men bolsa senden häzir wagt geçirmän soraýaryn diýdi. Deregi meniň joram bilen dostlygymyzy dowam etdirmek üçin eden hereketlerim boşa gitdi. Ol şol birsyhly pulumy ber diýdi durdy. Meniň gahrym gelip gitdi. Özümi tutyp bilmän gygyryp başladym. –Gümüňi çek tortyň bilen! Gaýdyp men tarapa ädimiňi ätleme. Äriň seni ýöne ýere taşlan däl eken. Geregiň şu ekeni diýip gygyryp telefony zyňyp göýberdim. Ellerim we aýaklarym sandyr-sandyr etdi. Ynha, meniň dostumyň maňa edeni. Meni nähili akmak etdi dostum.
0 лайков 50 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
noname
28 май 2024, 19:05
,,Hasaply dost uzaga gider"