Şaolinde okamana taýynmysyňyz

Budda dinine ynanýan halklar hytaýlar, ýaponlar, koreýler adamyň tenini berkitmeklige uly üns beren. Olaryň ynamyna görä adam teniň berk, çydamly we güýçli bolmagy adamyň aňynyň boýun egmezekligine getirýär. Bu halklar çagalaryny, ulalanda tutanýerli bolup jemgyýetde abraýly we mertebeli bolup ýetişmegi üçin häzirki harby sungat diýilýan ugur bolan karate, kunfu, aýkido, dzudo ýaly ten we aň berkidýän mekdeplere okuwa goýberipdir.
Aýratynam, bu ugurda hytaýyň Şaolin harby we dini mekdebi uly abraýa eýe bolan. Bu mekdebe çagalar irteden okuwa alynan. Okuwyň möhleti on iki ýyl. On iki ýyl türgenleşikden geçip mekdepden rugsat almak üçin ekzamen tabşyrmaly bolupdyr. Mekdebi gutarýan budda dininiň taglymatyny ýatdan bilmeli eken, diniň kada-kaýymlaryny berjaý etmäni bilmeli hem bolupdyr. Nahar bişirmäni, kir ýuwmany, tikin tikmäni, derman oty taýýarlamany, ýaralananda özüni bejermäniň usulyny we başgada örän köp zady berjaý etmäni bilmeli edilipdir. Iň agyry harby sungat boýunça ekzamen bolup talyp ýörite harby gurallar bolan galanyň içine goýberilipdir. Çurallar adamyň agramyna görä her hili hereket edip adamy uryp öldürmäne bejerilen bolupdyr. Sähel ahmal galan şu gurallaryň urgylaryndan ýaradar bolupdyr. Emma ekzamen tabşyrmak üçin hiç zat bahana bolmandyr. Ekzameni tabşyryp bilmeseň ýene on iki ýyl okamaly bolupdyr. Bu ýerde okamak örän kyn bolup talyplar bar güýjini jemläp Şaolinden gitmek isläpdirler. Emma Şaolin mekdebi gutardym diýene uly perspektiwa garaşypdyr. Olar patyşanyň köşgünde harby ugyrlardan dürli ýokary wezipeleri eýeläpdir. Gurallar bilen uruşmak käbir talyplar üçin iki güne çekipdir. Haçan ahli gurallardan sag-aman geçip çykmaly gapa geleniňde we iki ýüz kile gyzdyrylan daşy gujaklanyňda, gyzgyna talybyň her egninde bir tegmil ajdarha bilen gaplaň suraty peçat bolupdyr. Şaolini gutaran urşyjy uniwersal urşujy hasaplanyp olaryň käbiri bütün bir goşun bilen uryşmana ukyply bolan. Olar gorkyny, ölümi, açlygy, suwsyzlygy, ody ýada galany bilmändirler. Olar edil robot terminator ýaly hereket edipdirler.
Men bu aýydanymy hytaýlylary magtamak üçin aýytmadym. Biziň nalaçedeýinligimiz, gorkaklygymyz biziň özümizde. Bizde durmuşa bişme ýok. Bizde taglymat ýok. Biziň ata-enelerimiz näme edýär. Çagalaryny örän lälik saklaýarlar we eýýäm olar ýigit ýetenlerinde elinden hiç zat gelmeýän çagajyklar bolýarlar. Enesiniň synyndan asylyp durýarlar, atasynyň arkasynda gizlenýärler. Şeýle nalajedeýin we ejiz perzentleriň bolmagyna elbetde ata-eneler günäkär. Mekdepde olaryň arkasy alynýar. Mugallym olara hiç zat diýmeli däl.Mekdebi zordan gutardyp ýene olaryň yzyna düşüp okuwa girizmeli. Institutda okaýan wagty hem olary höre-köşe edip okatmaly. Armiýa gitse yzyndan baryp goltgy bermeli. Telefonyna pul salyp durmaly. Onsoň otuz ýaşa golýalanda ony işe salmaly. Onsoň öýlendirmeli. Jaý salyp bermeli. Hany onsoň bu perzentlerde mertlik, çydamlylyk er edermenlik. Ýok olarda bu häsiýetler. Olaryň aglabasy gorkak. Hemme zatdan gorkýarlar. Gorkýan adam bolsa öziniň janyny aýap para berýär. Gördüňizmi parahorluk nireden geliip çykýar. Häzirlikçe şu. Ýatdan çykarmaň. Öňümizde täze okuw ýyly. Ekzamenlere mäkäm taýynlanyň we öz güýjiňize giriň instituta!
0 лайков 45 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
noname
17 июл 2024, 23:18
Sayt yene yapylypdyr oytyan