COVID-19 döwründe maşgalaňyz bilen syýahat etmeklik

Makala
COVID-19 döwründe maşgalaňyz bilen syýahat etmeklik
Syýahat edýän wagtyňyz maşgalaňyzy goramak üçin maslahatlar we nesihatlar.
ÝUNISEF
COVID-19 döwründe maşgalaňyz bilen syýahat etmeklik
ÝUNISEF
Dil:
English
русский
türkmençe
05 Oktýabr 2020
Isle ol zerurlyk bolsun, isle-de dynç almak, syýahat etmek dünýädäki maşgalalar üçin durmuşyň bir bölegi bolup durýar. Emma koronowirusyň gelmegi bilen gündelik durmuşymyzyň bu bölegi örän töwekgelçilikli bir zada öwrüldi. Siziň we ýakynlaryňyzyň COVID-19 pandemiýasy döwründe syýahat etmegini zerur hasaplasaňyz, onda yhna siziň syýahadyňyzyň has howpsuz bolmagy üçin kömek etjek käbir maslahatlar şulardan ybaratdyr.



COVID-19 pandemiýasy döwründe syýahat etmek bolýarmy?
Tutuş syýahatçylyk COVID-19-ň ýokuşmagy ýa-da ýaýramagy bilen baglanşykly käbir töwekgelçiligi döredýär. Syýahada çykmazdan ozal, siziň ýaşaýan ýeriňizde we siziň gitmekçi bolýan islendik ýeriňizde COVID-19 ýaýraýanlygyny öwreniň. Özüňiz ýa-da maşgalaňyz ýarawsyz bolsa, COVID-19-ň islendik alamatlary bar bolsa, ýa-da soňky 14 günüň içinde COVID-19 bilen kesellän adamyň golaýynda bolan bolsaňyz, syýahada çykmaň. Ýiti hassalyga eltjek uly töwekgelçiligi bolan maşgala agzalary (ýaşuly maşgala agzalary, öňden näsag adamlar) ähli syýahatlaryny, şol sanda, ýokary töwekgelçiligi bolan ýerlere bolan zerur syýahatlary soňa goýmagy göz öňünde tutsunlar. Şeýle-de, COVID-19 sebäpli agyr hassalap biljek maşgala ýa-da dostlaryňyza myhmançylyga gitmegi hem soňa goýmagy göz öňünde tutuň.



Maşgala bolup biz bilelikde syýahat etmäge nähili taýýarlyk görmeli?
Eger barybir syýahat etmeli diýen karara gelen bolsaňyz, onda ýaşaýan ýeriňizde we barmagy meýilleşdirýän ähli ýerleriňizdäki (Sagylygy goraýyş ministrlileriň, Daşary işler ministrlikleriň we ýerli saglygy goraýyş edaralaryň websahypalaryndaky maglumatlary) syýahat etmek bilen baglanşykly çäklendirmeleri, öýde galmak boýunça görkezmeleri, karantin we lukmançylyk barlagy boýunça edilýän talaplary öwreniň. Bu düzgünleriň sähelçe watg öň duýdurmalar arkaly üýtgemeginiň we syýahatçylyk meýilnamalaryňyzyň ýatyrylmagynyň mümkinligini ýatdan çykarmaň. Syýahadyň dowamynda siz ýa-da siziň maşgalaňyz syrkawlasa ýa-da COVID-19 bilen kesellän adama duçar bolsa, siziň aýratyn saklanmagyňyz ýa-da karantin astyna alynmagyňyz we yzyňyza dolanmagyňyzyň gijikdirilmegi mümkindir. Käbir saglygy goraýyş ulgamlary juda başagaý we eger syýahadyň dowamynda siz ýa-da maşgalaňyz syrkawlasa ýa-da şikes alsa keseliň ýaýran ýerlerinde talabalaýyk lukmançylyk hyzmatlary çäkli bolup biler.

Barjak ýeriňizde ulag, azyk we ýatakjaý boýunça nähili mümkinçilikleriň barlygyny öňünden öwreniň. Keseliň ýaýran ýerinde käbir edaralaryň we hyzmatlaryň, şol sanda, jemgyýetçilik ulaglaryň, dükanlaryň we restoranlaryň, şeýle-de meşhur syýahatçylyk ýerleriniň işiniň doly ýa-da bölekleýin togtadylan bolmagy hem mümkin, şonuň üçin, hyzmatlar we düzgünler boýunça bolup geçen soňky üýtgeşmeler hakyndaky maglumatlary öwreniň.

Goşmaça göz öňünde tutulmaly zatlar:

Syýahada çykmazdan ozal özüňiziň we maşgalaňyzyň meýilnamalaýyn alynýan waksinalary, şol sanda, gyzamyk- hapgyrtma- gyzylja (GHG) we möwsümleýin dümew üçin waksinalary alandygyňyza göz ýetiriň.
Derman ulanýan islendik maşgala agzaňyzyň ýanynda syýahadyň bütin dowamynda oňa ýetjek ýeterlik derman serişdeleriniň barlygyna göz ýetiriň.
Ulagyň iň howpsuz görnüşini saýlap alyň. Uzak wagtlap adamlaryň bir-biri bilen howpsuz araçägi saklamagy kyn bolmagy mümkinligi sebäpli uçar we gämi arkaly syýahat etmekden gaça duruň. Jemgyýetçilik ulagyny ulanýan bolsaňyz, şu esasy seresaplylyk çärelerini berjaý ediň- bir-biriň bilen howpsuz araçägi saklamak, ýygy-ýygydan ellenilýän ýerleri ellemegi çäklendirmek, ýygy-ýygydan elleriňi sabynlap ýuwmak ýa-da antiseptik ulanmak. Mümkin bolsa, özüňiz bilen beýleki syýahatçylaryň arasynda oturgyçlaryň bir hatary araçägini saklaň. Hususy ulagda syýahat edýän bolsaňyz, öňünden ýeterlik azyk we suw almak, ulagyňyzy ýangyç guýmak arkaly duralgalarda köp saklanmajak boluň.
Ýolda ulaglaryň köp bolýan wagty syýahada çykmazlygy meýilleşdiriň we mümkin bolan ýerinde az gatnawly ýollary saýlap alyň.
Syýahadyň dowamynda köp adamly, ýaramaz ýelejiredilýän üsti ýapyk ýerlere, şeýle-de konsertler, çäreler we dabaralar ýaly islendik köpçülik we adamlaryň köp üýşýän ýerlerine barmakdan gaça duruň.
Mümkin bolsa, ýanyňyz bilen öz azygyňyzy we suwuňyzy alyp gidiň.


Eger gijäni öýden başga ýerde geçirmeli bolsak näme etmeli?
Myhmanhanada ýa-da başga bir ýerde galmagy meýilleşdirýän bolsaňyz, ol ýerde nähili öňüni alyş çäreleriniň barlygyny öňünden öwreniň:

Iş ýerinde işgärler agyz-burun örtüklerini dakynýarlarmy, bir-biri bilen howpsuz araçägi saklaýarlarmy we ellerini ýygy-ýygydan ýuwýarlarmy?
Hasaba alyş bölüminde organik aýnadan germewler, işgärler bilen myhmanlaryň we gelýän adamlaryň arasynda westibýulde, liftlerde we umumy zolaklarda howpsuz araçägi saklamaga mümkinçilik berjek üýtgedilen taslamalar ýa-da germewler ýaly goşmaça seresaplylyk çäreleri barmy?
Talabalaýyk ýelejiredilme ulgamy barmy?
Myhmanhana arassalama we zyýansyzlandyrma boýunça döwrebap çäreleri durmuşa geçirýärmi?
Geleniňizde otagyňyzdaky islendik köp ellenilýän ýerleriň ýüzüni, şol sanda, açarlary, gapynyň tutawaçlaryny, uzakdan dolandyrýan enjamlary we ş.m. zyýansyzlandyryň, mümkin bolsa, gelen badyňyza otagy ýelejiretmek üçin penjireleri açyň. Bolýan wagtyňyzda otagda maşgalaňyzdan başga adamlaryň sanynyň az bolmagy üçin hiç hili arassalama ýa-da beýleki otag hyzmatlarynyň zerur dälligini haýyş etmegi göz öňünde tutuň.



Syýahat edýän wagtymyzda nähili howpsuzlyk çärelerini görmeli?
Syýahat edýän wagtymyz, ähli ene-atalar we hossarlar özleri we çagalary üçin adaty seresaplylyk çärelerini görmelidirler:

Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň ýa-da düzüminde spirt saklaýan
Ýüzüňizi (gözleriňizi, burnuňyzy, agzyňyzy) ellemekden gaça duruň
Köp adamly, dar we ýapyk ýaramaz ýelejiredilýän ýerlerden gaça duruň
Köpçülik ýerlerinde beýleki adamlardan azyndan bir metr howpsuz araçägi saklaň
COVID-19-ň giňden ýaýran we howpsuz araçägi saklamanyň mümkin däl bolan köpçülik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini dakynyň
Telefonlar, açarlar, gapynyň tutawaçlary, çyrany öçürijiler we ş.m. ýaly köp ellenilýän ýerleriň ýüzüni yzygiderli arassalaň we zyýansyzlandyryň
Eger başga ýerde naharlanmaçky bolsaňyz, ýanyňyz bilen öz azygyňyzy we gabyňyzy alyp gidiň. Eger bu mümkin däl bolsa, içerde iýilýän däl-de, ýanyň bilen alnyp gidilýän has howpsuz azygy saýlap alyň. Nahardan ozal elleriňizi ýuwmagy ýa-da dezinfisirlemegi unutmaň
Özüňiz ýa-da çagaňyz gyzdyrsaňyz, üsgürseňiz, demiňiz gyssa ýa-da COVID-19-ň beýleki alamatlary bar bolsa, irgözinden lukmançylyk kömegini alyň.

Çeshme : unicef.org
3 лайков 104 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.