Men seni hiç haçan taşlamaryn /Bolan waka/ III bölüm

Hawa, söýgi diýilýän zat şeýle ajaýyp duýgudyr öýdüp ýatsam-tursam kelläme gelmezdi. Asla ynanmaýadyman, kä wagt " aşyk-magşuklara" gözüm düşse " aý ýaşlyk ýelginidirda" diýip deñlerinden ýylgyryp geçerdim. Ýöne bu gün bolsa özümi arzuwlaryñ çuñlugyna oklap, bagtyñ çür depesine çykyp, özümiñ birine gerekdigimi bilip söýgiñ neneñsi beýik duýgudygyna göz ýetirdim.
Aý aýlanyp ýyllar dowam edýärdi. Biziñ söýgümiz günsaýyn güýjäp, gaýgy alada, kynçylyk diýlen zatlañ üstüne atanak çekipdi. Her gün biri-birimize ugradýan sms-lerimiz, telefondaky yzygider gürrüñlerimiz hasam ýygjamlaşypdy. Men biziñ nä derejede bagtlydygymyzy söz bilen beýan edip bilmesem gerek.
Aradan 3 ýyl geçdi. Täze ýyly şadyýan geçirsemem, yzysüre meñ durmuşumyñ iñ kyn we göz ýaşly günleri başlandy. Duýdansyz gelen gudalar meñ süýji we bagtly dünýämi agdar düñder etdiler. Kakamyñ gyl geçmez dosty gelni bilen ogly üçin meni sorap gelipdiler. Kakamyñ olara ýagşy söz berjegi mese-mälimdi. Sebäbi olar ençe ýyllañ dowamynda egin-egne berip, bile işläp iýenleri aýra gitmeýänlerdendi. Men kyn ýagdaýa düşdüm. Bütin dünýä üstüme ýykylan ýaly hopukdym. "Gözi pagtalylaryñ" çaltrak gitmeklerine howlykdym. Olar 2 sagat töweregi oturdylar. Maşynyñ howludan çykyp barýanyny görüp, ylgap öz jaýyma geçdim. Yzymdan ejem ýylgyryp gapymy açdy.
-Gyzym otyrmyñ?
-Hawa eje gel, ýañky gelenler kim? -men ejemiñ aýdaryna garaşman gönümel sorag berdim.
-Wiý olarmy? Kakañ dosty Atadurdy bilen gelni Maýa bar-a ana şol gyzym. Señ üçin guda gelipdirler Ogullary Begenje. Senem ony tanaýañ-a?
Ejem soragly meñ ýüzüme seretdi. Men sesimi çykarmadym. Men ony tanasamam daşyndan ýagny suratda görüp tanaýadym. Sebäbi ol daşary ýurtda Amerikada okaýardy. Okuwyny gutarybam 5 ýyl şo taýda işlemäge galypdy. Bu ýylam öýlendirmek üçin ene-atasy ony Türkmenistana çagyrypdyrlar.
-Nänäm...? Näme dymdyñ-la?- diýip ejem maña täzeden sorag berdi?
-Indi?
-Indisi şol gyzym ýerlikleri gowy ýerler biziñ-ä göwnümiz ýetýä, kakañam öñüräkden bäri bu hakda gürleşip goýan ýaly.
-O nähili...a men näme menden soradyñyzmy eje?
-Gyzym aýdýanyñ näme sorap-soramaz ýaly hemmämiz tanap,
Dowamy?şu ýerde
4 дн.
Фото профиля nowcha_2811
nowcha_2811
Gyzym aýdýanyñ näme sorap-soramaz ýaly hemmämiz tanap, gatnaşyp ýörüs-ä, sen näme garşymydyñ?
-Hawa men garşy! Ol menden ýedi ýaş uly özem ol daşary ýurtda şunça ýyllap okan bolsa düşünjesi üýtgäp gidendir. Men oña barjak däl eje.
-Bu gyzyñ tapýan gürrüñini, ýeri uly bolanda näme. Ana, mamañ bilen babañam aralary on ýaş kem zatlary ýok tüweleme! Oñ üçin-ä kelläñem agyrdyp oturma.
-Öñi-soñy barman eje.
-Bor-la gyzym, men işe gideýin soñ gürleşäýeris bolýamy?
Ejem işe gitdi. Men bolsa ýeke özüm oturyp agladym. Ataşa-da intek bu zatlary aýtmakdan saklandym. Belki özüm bir alajyny taparyn diýen netijä geldim.
Iki günden soñ olar ýene geldiler. Ýöne bu gezek uzak eglenmediler. Birhaýukdan ejem eli kiçijik kagyzly otaga girdi.
-Ynha gyzym, bu Maýañ oglunyñ telefon belgisi belki özüñ gürleşip görersiñ. Señ belgiñem berendirin. Hepdäñ anna güni işden gelýär eken, görüşmäge çagyrdylar, näme diýersiñ?
-Ýok diýerin, ýene million gezek ýok diýerin. Hiç ýere-de gitmen, jañ edibem azara galmasyn!
-Beý diýme gyzym seni gowy durmuşda ýaşatmak üçin şeýdýän. Seni öz gyzlary ýaly saklajaklaryna gözüm ýetýä razy bolaý gyzym...bizem halaşyp durmuş gurmadyk. Hudaya şükür görýäñ-ä gül ýaly hemme zat. Ejeñi beýdip köseme gyzym...Meñ üçin ýekeje gezek gürleşip gör, sözümi ýykma meñ üçin....
Ejem şeý diýip çykyp gitdi. Dogry seretmesemem ejemiñ gözünde ýaş bardygyny görüp galdym. Ýüregim gyýyldy, ejem meñ üçin aglady. Men derrew çykalga gözläp başladym. Biraz oýlanyp Begenç bilen görüşip onda men hakda erbet täsir galdyrmagy makul bildim. Belki oñ özi meni gelin edip almakdan boýun gaçyrar...
Men ejemiñ ýanyna baryp ötünç soradym. Görüşmäge razydygymy aýtdym. Bellenilen günem, diýilen ýere bardym. Begenç eýýäm maña garaşyp duran ekeni. Ol uzyn boýly, daýaw, saryýagyz oglandy. Menden ulydygy mese-mälim görnüp durdy. Kiçem bolsam golaýyna baryp, salamlaşman durdum.
-Salam sizmi Näzli?
-Hawa men - men ýüzümi turşartdym.
-Men Begenç tanşanyma örän şat.
Sesimi çykarman, başardygymdan oñ meni halamazlygy üçin kellämde plan düzüp başladym.
-Men şähere beletçiligim ýok, nirä gitmeli bolsa aýdaýyn özüñiz?-diyip ol maşynyñ yzky gapysyny açdy.
Men maşyna mündüm. Ýüzümi kese sowup, aýnadan

Ýüzümi kese sowup, aýnadan gözümi aýyrman:
-Meñem beletçiligim ýok- diýip gödek jogap berdim.
Ol maşyny göni ýol bilen sürüberdi. Gürlemän esli wagt oturdy. Men "indä bolaýdy öýdýän" diýip içimi gepletdim.
-Görýän weli siz köp gürlemäni halañzok. Belki men hakda gyzyklanýan zadyñyz bardyr? Soraberiñ...
-Ýok! Onsoñam men howlukmaç meni şu taýda düşüräýiñ?
-Eýýämmi?
-Hawa...
-Belki öýñüze çenli....
-Ýok!
Ol maşyny saklady. Sapandan sypan ýaly maşyndan atylyp düşdüm. Öýe gelip egnimden agyr ýük aýrylan ýaly uludan dem aldym.
9 лайков 192 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Serdargylyç
27 июл 2021, 09:28
Like
...
27 июл 2021, 12:42
like