Tersaýaklylar
Deñziñ yada beýleki suw ýatagynyñ kenarlaryna baryp, gexelenç edip, suwy synlanymyzda, ilki bilen tersaýaklylar toparyndan bolan guşlara gözümiz düşýär. Olar ýakyn aralykda synlap duran adamlarada üns berman, özleriniñ iýmit aladalary bilen başagaý bolup, suwa çümüp-çykyp ýörýärler. Olaryñ tiz-tizden suwa çümüp ussatlyk bilen ýüzüşleri, suwuñ jümmüşinden ownuk balyjaklardyr, leññeçjikleri agyzlaryna alyp, ýenede suwuñ ýüzüne çykyşlary ünsüñi özüne çekýär. Bu guşlar uly ýaşly adamlaryñda,cagalaryñda iñ eý gorýän guşlarynyñ biridir. Näme üçin olara tersayaklylar diýip at beripdirler?
Sebäbi olaryñ aýaklarynyñ barmaklary beýleki guşlara garanyñda tersine oturdylan ýalydyr, ýagny olaryñ barmaklary oñe tarap dälde, gapdala tarap durýar. Tersaýaklylar gury ýerde oñat ýöremegi oñarmasalar-da, suwda beýleki guşlara garanyñda has ussatlyk bilen ýüzmegi başarýarlar. Tersaýaklylar maşgalasyna guşlaryñ 20 görnüşi degişli bolup,ol ýer togalagynyñ köp ýerlerinde: Afrikada,Aziýada, Awstraliýada, Gwineyada we Ýewropanyñ g/orta böleginde duş gelýärler. Ýurdumyzda olaryñ 5 görnüşi ýaşaýar:Uly tersayak,çalýañak terayak, gyzyl boyun tersayak, gara boýun tersaýak, we kiçi teraýak. Bu guşlar uzak aralyga uçmagy halamayarlar. Ýöne şeýle-de bolsa olar goçüş döwründe 100 lerçe kilometr aralygy geçip, günbatar Sibir,Gazagystan ýaly ýerlerden biziñ yurdumyza gyşlamak üçin uçup gelýärler.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.