#Konkurs üçin_1

Dostlukmy ýa söýgi? (II bölüm). Özümi alyp barşym nämäni görkezýär?
Dostuň ýüregini dökjek bolsa, sen hemişe wagt tapmaga taýyn. Soňky wagtlarda sen onuň bilen has köp wagtyňy geçirýärsiň. Emma ol özüň ýaly gyz däl-de, oglan. Sen öz ýanyňdan: «Biz ýöne bir dost» diýýärsiň, ol hem şeýle pikirdedir öýdýärsiň. Eýsem, bu barada alada etmelimi?

Bu nämä eltip biler?

Bu näme üçin wajyp?

Sen näme edip bilersiň?

Maslahatlar

Bu nämä eltip biler?
Oglanyň gyz bilen, gyzyň hem oglan bilen dost bolmagynyň hiç hili erbetligi ýok. Ýöne olaryň birinde söýgi duýgusy döräp başlasa näme? Munuň dostlukly gatnaşykdan has köp zady aňladýandygyny nädip bilse bolar?

Sen ol oglanda şeýle duýgularyň döremegini islediňmi? Gel, şeýle ýagdaýyň döremegine nämäniň sebäp bolup biljekdigine seredeli.

Sen birine has köp üns berýärsiň.

«Başganyň duýgusyna gözegçilik edip bilmeseň-de, oňa ýöne bir dost diýip, soňam gaýta-gaýta jaň edip gepleşseň, oda ýangyç guýýan ýaly bolar». Siýera

Biri saňa üns berende, oňa garşylyk görkezmeýärsiň.

«Özüm-ä ol gyza SMS ýazyp başlamadym, ýöne SMS-lerine hemişe jogap berýärdim. Şondan soň oňa „Men saňa diňe dost hökmünde garaýaryn“ diýip düşündirmek gaty kyn boldy». Riçard

Üns berýän adamy umytly edýärsiň.

«Käbir adamlar näz-kereşme etmegi oýun hasaplaýarlar. Olaryň halaşmak niýeti bolmasa-da, başgalaryň duýgusyny oýnaýarlar. Men şeýle zatlary köp gördüm, netijede, hökman biri ezýet çekýär». Tamara

Netije: Birine köp üns berip, ýygy-ýygydan gürleşseň, seniň oňa duýgyň bardyr öýder.

Bu näme üçin wajyp?
Başga biriniň ýüregine ýara salýarsyň.

Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Çykmadyk tama ýürege dertdir» (Süleýmanyň tymsallary 13:12). Eger biri özüni alyp barşy bilen saňa duýgusynyň bardygyny görkezse, ondan nämä garaşarsyň?

«Şu dünýäde „Çeňňege ildirmek“ diýen düşünje bar. Bu tutulan balygy ne çekip alýarsyň, ne-de suwa goýberýärsiň diýmegi aňladýar. Gyz bilen oglanyň arasynda hem şeýle bolmagy mümkin. Seniň duşuşmak niýetiň bolmasa-da, birini „çeňňege ildirip saklasaň“, onuň ýüregine ýara salarsyň». Jessika

Abraýyňa şek ýetirýärsiň.

Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Diňe öz bähbidiňizi gözlemän, başgalaryňkyny hem agtaryň» (Filipililer 2:4). Diňe öz bähbidini gözleýän adam barada näme diýse bolar? Onuň özüni alyp barşy abraýyna nähili täsir eder?

«Gyzlar bilen näz-kereşme edýän oglanlary halamaýaryn. Şeýle adamlar aýalyna-da ikilik eder. Özüňe bolan ynamyňy artdyrmak üçin birini ulansaň, özüňi bilmekligi aňladýar». Juliýa

Netije: Halaýandygyň üçin däl-de, başga niýet bilen birine üns berseň, hem özüňe, hem oňa zyýan ýetirersiň.

Sen näme edip bilersiň?
Mukaddes Ýazgylarda şeýle maslahat berilýär: «Uly ýaşly adam bilen özüňi gödek alyp barma. Ony kakaň ýaly, özüňden kiçi doganlary bolsa iniň ýaly ünde. Uly ýaşly aýallara ejeň ýaly, ýaş uýalara bolsa jigiň ýaly garap, päk ýürekden hormat goý» (1 Timoteos 5:1, 2). Bu saňa başgalar bilen dost bolanyňda, seresap bolmaga kömek eder.

«Men durmuş guranymdan soň, başga erkek adamlar bilen näz-kereşme etmerin. Şonuň üçin özümi häzirden oglanlar bilen paýhasly alyp barmagy öwrenýärin». Liýa

Mukaddes Ýazgylarda: «Söz köplüginde ýazyk azlyk edýän däldir» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 10:19). Bu prinsip diňe gürrüňdeşlige däl, eýsem, ýygy-ýygydan ýazylýan SMS-lere hem degişli; olary kime we näme hakda ýazýandygyň barada oýlanmaly.

«Halaşmak islemeýän gyzyňa her gün SMS ýazmak nämä gerek?» Braýn

Mukaddes Ýazgylarda: «Gökden inýän akyldarlyk, ilki bilen, päk» diýilýär (Ýakup 3:17). Birini gowy niýet bilen gujaklasaň-da, ol muny başgaça kabul edip biler.

«Men özümi dost ýaly alyp barsam-da, päkligi saklap, çäkden çykmaýaryn». Mariýa

Netije: Oglanlar gyzlar bilen, gyzlar hem oglanlar bilen özüni nähili alyp barýandygyna ünsli bolmaly. Jenifer atly gyz şeýle diýýär: «Hakyky dostlary tapmak aňsat däl; şonuň üçin ýerliksiz hereketleriň bilen dostlaryňdan aýrylmak nämä gerek?»

Maslahatlar
Başgalaryň aýdýan sözlerine ünsli bol. Meselem, eger biri: «Sen onuň bilen duşuşýarmyň?» diýip sorasa, bu siziň has ýakyndan gatnaşyk edip başlandygyňyzy görkezýär.

Oglanlaryň (gyzlaryň) ählisine deň göz bilen seret. Olaryň birine başgalardan has köp üns berme.

SMS ugradanyňda, seresap bol. Kime ýygy-ýygydan, näme we haçan ýazýandygyňa ünsli bol. Alisa atly gyz şeýle diýýär: «Ýarygije oglana SMS ýazmak ýerliksiz bolup görünýär».
Çeşme jw.org
doslar like basanlar yazyp teswirde yazyp geçiň ato kimligini gorup bolanok
16 лайков 121 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mähri
04 авг 2021, 09:16
Like
Sapar
04 авг 2021, 13:49
Like
Perishdejik
04 авг 2021, 16:16
like
Şeker
05 авг 2021, 12:52
Like