Yatyr Munda

Hatyra gün maşat öwülyä bardym.
Gümmezine çykyp syn edip durdym.
Galmyk weýran eden ýurdyny gördim.
Hanha men-men diýen är ýatyr munda.

Ýow güninde naýza, gylyç göteren.
Kapyr galmyklara döş gerip duran.
Kimsesi baş alyp, kim başyn beren.
Türkmen ogullary, şir ýatyr munda.

Hany bu metjitde azan çekenler.
Takat kylyp mährap sary bakanlar.
Bäş wagtyny yrman namaz okanlar.
Kary, ahun, molla, pir ýatyr munda.

Dokuz aýlap göwresinde göteren.
Bäbekkäm aglamda tisginip turan.
Bagra basyp ak süýdini emdiren.
Enem Dürli çyn hossar ýatyr munda.

Ekläp-saklap ese-boýa galdyran.
Taýly edip ak kejebä mündiren.
Soňra ak öý tutyp ak pata beren.
Kyblam atam Gurban kör ýatyr munda.

Ýaryndan aýrylyp köp gözýaş eden.
Juwan ýaşda durmuş şarpygyn dadan.
Ýalançy dünýeden armanly giden.
Baş zürýadym Symmar ner ýatyr munda.

Hanha ýatyr dädemim bäş dogany.
Barysy gujurly göreş pälwany.
Hemmesinden galdy ýalançy pany.
Bäş pälwan, bäş sany zor ýatyr munda.

Ýarsy täze ýarsy köne mazarlar.
Bir näçesi deňim-duşym dost ýarlar.
Daýym-daýzalarym ähli hossarlar.
Obadaşlarymyň bary ýatyr munsda.
0 лайков 161 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.