Edep ekrama yugrulan yrymlar
■ Türkmençilikde başam barmak bilen süýem barmakdan özge barmaklaryň arasy (syňragyñ) bilen zat almak we bermek gowy görülmeýär.
■ Gijäniň ýaryndan soň myhmançylyga gitmek gelşiksiz gylykdyr.
■ Özgäniň üstüne gerinmek, köpçülikde gägirmek, pallamak biedeplikdir.
■ Işikde oturanyň otyrýerinden ýara çykarmyş.
■ Howluda gumry höwürtgelese, ol maşgala agzibirlik getirermiş.
■ Ýaşulularyň sözüni kesmek, olara pent bermek kelpeňlikdir.
■ Türkmençilikde sygyr ekiz gölelese, dowar üçem ýa-da dördem guzlasa, ýaş malyň biri bakylyp sadaka edilýär.
■ It aýa bakyp uwlasa “Apat öz başyňa” diýip, ony daşlamaly.
■ Agşamara gygyrýan horazdan, horaz bolup gygyran mäkiýandan dynan ýagşy.
■ Aý ýatyk dogsa “ Bendäm dik”, dik dogsa “Bendäm ýatyk” diýip alnyňa sylynýar.
■ Guşlar bagda üýşüp nagma kaksalar, ertesi gün açyk howa garaşybermeli.
■ Öýe guş girse, yrsgal-döwlet getirermiş.
■ Türkmençilikde hammamda we hajathanada hal-ahwal soralmaýar.
■ Pata ýerinde merhumyň diňe gowy tarapyny aýtmak gerek.
■ Göç edýän guşlardan arzuwyňy iberseň tiz kabul bolýarmyş.
■ Ilkinji gezek ulaga münen, aýlyk hakyny alan adam süýjülik paýlasa onuň tutan işi rowaç bolarmyş.
■ Düýe ýüňünden düşek däl-de, guşak edinmeli
■ Ýaşulularyň ýanynda az gürläp, olaryň sargyt-nesihatlaryny köpräk diňlemeli.
■ Ogly atasyna, gyzy ejesine akyl berse aýyp zat hasaplanýar.
■ Gaýynlarynyň isleg-sargytlaryny diňlese, ol geliniň edep-terbiýelidiginiň nyşanydyr.
■ Öý haýwanlaryny ýerliksiz ýençmek uly günädir.
■ Jany sag adam nesýe-nowganyň hasabyna ýaşasa aýyp närse hasaplanýar.
■ Erbet düýş görülse-de ony gowulyga ýormaly.
■ Türkmençilkde atasyna bakyp ogluna, enesine garap gyzyna baha berilýär.
■ Zeýrenjeňlik ynsanyň ömrüni kertýän häsiýetdir.
■ Türkmençilikde toý-ýas bilen baglanyşykly meseleler ýaşululara geňeşilip çözülýär.
■ Gök bagy çapmak, owlak-guzyny, jüýjäni öldürmek iň agyr günäleriň biridir.
■ Köwüşi bitaý ýa-da agdaryp goýmak halanmaýar.
■ Ýas ýerine ýaş çagaly we ikigat aýallara barmak dürs hasaplanmaýar.
■ Balykçynyň toruna azatmahy düşse ony ýedä bölüp paýlamaly. Bolmasa ol maşgala betbagtlyk getirýärmiş.
■ Ýoluňy gara pişik kesende däl-de, gara pikirli adam kesende gorkmaly.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.