Wikingler hakynda
Daniýaly deňizçileriň minýaturasy (XII) asyryň ortalarynda çekilen),
Amerika yklymyna ilkinji bolup baranlaryň Wikingler bolandygyny siz öň eşidensiňiz! Wikinglere köplenç Norslar hem diýilipdir. Aslynda ''Wiking'' ýa-da ''Nors'' haýsydyr bir milletiň ady däldir. [1][2] Wiking ady belkäm gadymy norsça wik (dere) sözünden döräpdir[3] Nors sözi bolsa gadymy norsça ''Noord'' - demirgazyk sözünden döräpdir[4]. Irki skandinaw dillerinde ''wikingr''(sic) sözünden emele gelen ''garakçy'' diýen manyny berýär[5].
Daniýalylara, Norwegiýalylara, Şwessiýalylara we beýleki Skandinaw ýarym adasyndan(Demirgazyk Ýewropadaky) düzülen toparlara dakylan atdyr.
Bu atlandyrma gadymy norsça dili bilen aýtsak ''Vikingr'' (çozýan, talaýan) sözünden gelýär we Wiking eýýamy boýunça bütin Demirgazyk Germanlary şol at bilen atlandyrypdyrlar.
Wikingleriň atalary gadymy German halklary bolup, gürlän dilleri hem german dil toplulygyna degişli Skandinaw dilleri bolupdyr. Wikingler ömürleriniň köp bölegini deňizlerde geçiren söweşjeň, talaňçy halklardyr. V-XI asyrlar aralygynda demirgazyk günbatar Ýewropada birnäçe mülkleri basyp alypdyrlar[3]. Wiking çozuşlary bilen birlikde birnäçe ybadat edilýän ýerler ýok edilýär. Olaryň çozuşyna duçar bolup gaçan adamlardan eşidilen birnäçe gürrüňler Ýewropanyň her ýerine ýaýran dramatik we tragediýa oýunlary asyrlar boýy Wiking gorkusyny döredipdir.
Wikingler kakabaş, medeniýetden başy çykmaýan kowum hökmünde görlüpdir. Mongollar Orta Aziýadaky talaňçylyklaryna başlamakalar, wikingler eýýäm Ýewropany gorky astyna alypdylar.
Göçüp-gonup gezen söweşjeň kowum bolan Wikingleriň ýazgyly medeniýetiniň ýokdugy üçin, bu kowumyň taryhyny yzarlamak juda kyn düşýär. Käbir ýazgyly çeşmeleriň zaýalanandygyna we günbatar çeşmeler Wikingler hakynda ibarly ýazgy galdyrmandyklary hakyndaky maglumatlar Wikingleriň maddy medeniýetiniň barlygyna yşarat edýär.
? WARÝAGLAR
Şwessiýaly bolan Warýaglar XI asyrda gündogara tarap ýaýylyp, ýaýraýarlar we Garadeňize, hatda Eýrana çenli baryp ýetýärler. Olaryň köpüsi Russiýadaky Nowgorod we Ukraýinadaky Kiýew şäherlerine ýerleşýärler. Bu ýerde söwda-satyk bilen meşgullanyp ýüpek alyp gul söwda çalyşygyny edipdirler.
Olaryň içinde şazada Rýurik dinastiýasy Russiýada XVI asyra çenli dowam edipdir.
? NORMANLAR WE RULO
Normanlar Daniýaly we Norweg wikingleriniň Fransiýanyň Normandiýa etrabyna ýerleşen fransuzça gürleşen toparlardyr.
Daniýaly we Norwegiýaly bolan normanlar (''demirgazyk adamlary'') günbatara tarap deňiz talaňçylygyna başlaýarlar. Ussat gämiçi we gorkunç keşpli bolan bu adamlar Islandiýanyň, Grenlandiýany we Kanadanyň kenarýakalaryny eýeläp gulçulyga öwürýärler.
Aždarha kelleli bolan, ýelkenli we kürekli gämileri bilen Beýik Britaniýa barýarlar we baý ybadathanalary talap agyr paçlar alyp hemme ýere gorky salypdyrlar.
Sen derýasynyň kömegi bilen deňizden ýokarlygyna çykan Normanlaryň biri 845-nji ýylda, beýlekisi 885-nji ýylda iki gezek Pariže çozdylar. Luwar jülgesinde Bordeaux, Toulouse, Lizbon, Sewilla hatda Italiýa hem olaryň talaňçylygyna sezewar bolýarlar /Robert Guiscard, XI asyrda Sisiliýa adasyny hem basyp alýarlar/. 911-nji ýylda Ragnar we Rollo, soňra Normandiýa diýilýän etraba ýerleşdiler we bir asyra golaý bu ýerden ýola çykan basybalyjy William Angliýanyň üstüne ýörüşe geçdi.
Wikingleriň uly bölegi günbatara tarap ilerleýärkäler, Wizantiýanyň günbataryny goraýan Warýag Wikingleri hem gündogara tarap ilerleýärler. VIII we XI asyrlar aralygynda bolup geçen Ýewropadaky wakalara Wiking döwri diýilýär.
Häzirki Şwed, Norweg, Daniýaly, Islandiýa we Faroe adalary Wiking asyllydyrlar.
Wiking neslinden gelen Normanlar XI asyrda Beýik Britaniýany (Angliýany) basyp alýarlar we Iňlisleriň güýçli dinastiýasyny gurýarlar.
Wikingleriň öli jaýlaýyş däplerine garanymyzda olar ölülerini agaçdan ýasalan, içi toprak bilen doldurylan gaýykda ýerleşdirip, soňam ony ýakýarlar eken.
Wikingleriň köpüsiniň kellesinde şahly şlýom, käbirleri bolsa kelle ýalaňaç gezipdirler. Şlýomlylary özlerini oňarýan, baý wikingler geýipdirler.
Peýdalanylan çeşmeler:
1. "Viking." Encyclopædia Britannica Ultimate Reference Suite. Chicago: Encyclopædia Britannica, 2012. (amerikança)
2. "Prof. Dr. Oktay Sinanoğlu ve Türkçe". 10 Kasım 2013 (türkçe)
3. "Viking." Oxford Dictionary of English 2e, Oxford University Press, 2003. (iňlisçe)
4-5. Britannica.com.
Terjime eden: @Jeksparro

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.