Owadann gelniň syry
Köpüň üýşen ýerinde her hili gyzykly gürrüňler, rowaýatlar eşidýärsiň. Bu gezekki gürrüňdeşlik ýylanlar barada boldy. Biri:
— Hazyna nirede gömülen bolsa, ýylan şony saklaýarmyş — diýse, beýlekisi:
— Ýetişen ýylan her hili zada öwrülip bilýärmişin — diýdi. Şonda Akmyrat baba ýylanlar barada eşidenlerinden gürrüň bermäge başlady.
Gadym wagtlarda güýçli awçy ýigit bolupdyr. Ol ýaşlygyndan Garagumda aw eder eken. Her alaňa, depä, gola, mahlasy, her çöpe çenli belet eken. Bu ýigit çagaka ene-atasyndan ýetim galypdyr. Oňa garyndaşlary hossarçylyk edipdir. Ulalansoň, awçy bolup ýetişipdir. Bahar aýlarynda, çölüň jümmüşinde aw awlap ýörkä, owadan gyza gabat gelipdir. Ýigit edalyk bilen gyza garap:
— Sen bu ýerlerde näme işläp ýörsüň? — diýýär.
— Men kerwenden galyp azaşdym. Nirä barjagymy bilemok — diýip, gyz näz kereşme bilen ýigide seredipdir.
Gyzyň gözüne gözi düşen ýigidiň yşky göterilipdir:
— Men öýli-işikli däl. Razy bolsaň, birleşäýseň nähili görýäň?!
— Meniň hem başym bogulmadyk. Kysmatdyrda, senem gowy ýigit ekeniň. Giň sährada nirä baraýyn?!. Obaňa elt, nika gyýdyr. Ýöne şertim bar. Şoňa razy bolsaň men razy.
— Aýt şertiňi.
— Aýtsam, sen köpçülik bilen gatnaşyk etme. Awuňy et-de, bileje ýaşaber.
Ýigit içinden oýlanyp: “Öňem köpçülik bilen kän bir gatnaşyp ýöremok. Şu ýekeligimden bile ýaşanym gowy bolar. Nirden Allatagala bu gyzy maňa ýetirdikä” diýýär. Zenan maşgalanyň ýyly sözüne zar ýigit şerte razy boldy. Öz içinden bolsa bir-iki ýyl ýaşaşanymyzdan soň köpçülige-de öwrenişer — diýip oýlandy.
Awçy gyzy obasyna getiripdir. Ýagdaýynyň ýetdiginden goňşylaryna toý berip, hälki gyza öýlenipdir. Şeýle owadan gyzy görenler haýran galypdyrlar. Gözüne gözi düşenler welin, özüni ýitirýän eken. Diýseň owadanmyş.
Ýöne goňşylary bilen gatnaşyyk etmegi hiç halamaýan eken. Wagtyň geçmegi bilen bularyň iki çagasy bolupdyr. Ýigidiň bolsa şol köpçülige gatnaşman, awa gidip ýörşi eken.
Günlerde bir gün ýigidiň garyndaşlaryndan biri aradan çykypdyr. Ýigit gelnine geňeşmän ýas ýerine barypdyr. Ol bir dana ýaşulynyň ýanynda oturmaly bolýar. Ýaşuly:
— Awçy, sen bir hili horlanypsyň. Soňam senden bir hili agyr ys gelýär. Ýylan awlap gowuryp iýip ýören bolma?!.
— Ýaşuly, hiç wagt beýle iş edemok.
— Seniň gelniň gözi ýylanyň gözi ýaly owadanmyş. Özem çölüň jümmüşinde duşuşanmyş diýýärler. Şol dogrumy?
— Dogry.
— Edýän işleri illeriň gelni ýalymy?
— Hawa, maşgala keşginä oňaryp ýör. Bir ogul, bir gyzymyz bar.
Ýaňky ýaşuly awça ogrynça gelniniň hereketlerini, özüni alyp barşyny synlamagy teklip edýär. Bu gürrüňe awçy örän geň galypdyr. Nätjegini bilmändir. Näme-de bolsa ýaşulynyň maslahatyny synlap görmegi maksat edinipdir.
Bir gije uklan bolup ýatypdyr. Ýary gije gelin turupdyr. Adamsyna seredipdir. Görse, äri “uklap” ýatyr. Gelin howlukmaçlyk bilen kündüge suw guýup, gyra çekilipdir. Kündügiň agzyndan ýylan bolup girip, çürnüginden ýüp ýaly süýnüp çykan. Öňküsi ýaly gelin bolup, çagalarynyň ýanyna gelip ýatypdyr. Bu ahwalaty gözi bilen gören äriniň huşy başyndan uçup gidipdir. Şeýle-de bolsa, ýüregi ýerine düşüp, syr bildirmän ýatypdyr. Daň atansoň çaý-nahar edinip, awa gitmek bahanasy bilen öýden ugrapdyr. Dana ýaşulyňka baryp, gören zatlaryny gürrüň beripdir. Ýaşuly:
— Sen agyr derde ýolugypsyň. Indi ol seni alman goýmaz. Näme-de bolsa synanyşjak diýseň bir ýoly bar — diýipdir.
— Maslahat beriň, synanyşjak. Men onuň ýylandygyny gözüm bilen gördüm. —Çarşenbe gijesi öýüň içinde-daşynda suw goýma. Seniň edeniňi bilmesin — diýip, goja öwredipdir.
Awçy şondan soň iki hepde awda bolýar. Öňküsi ýaly bolup öýüne gelýär. Aýaly örän oňat garşylapdyr. Öz syryny äriniň aňandygyny bilmeýär. Ýigit çarşenbe gijesi küýzelerdäki suwy bilgeşleýin dökýär.
Çagalaryny ukladan gelin gijäniň belli bir wagty suwa ýuwunýar we suw içýär eken. Görse hiç ýerde suw ýokmuş. Suw gözläp, wagty bilen tapmandyr. Awçy hem ýüregini bire baglap, ýerinden turupdyr. Gelin ärine:
— Suw ýok. Endamym gatady. Meniň getiren suwlaryma ne döw çaldy?!.
— Küýzelerdäki suwy bilmezlikde dökdüm. Derrew suw getireýin — diýip, äri ugraberipdir.
— Gitme, indi içenimde-de peýdasy ýok — diýip, gelin kem-kemden ýylana öwürlip başlapdyr.
— Men saňa köpçülige barma diýipdim. Etmänsiň. Aramyzdaky syr açyldy. Seň bilen ýaşap biljek däl. Çagalara gowy seret. Şularyň hatyrasy üçin saňa azar bermäýin — diýen wagty ýylana öwürlip, gapydan çykyp gidipdir. Ine, ýylanlar barada şeýleräk rowaýaty eşdipdim. Ol jandarlaryň urlup, öldürilip ýörülen halatlaryna gabat gelip gynanýarsyň. Hudaýyň ýaradan bu jandarlary adamlara zyýan bermän köp peýda getirýär. Şol sebäpden olary ýoklaman, gorap saklamak, tebigatyň deňagramlylygyny üpjün etmek zerurdyr.

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.