Uzak ýashamagyñ syry nämede?!
Ynsan näçe ýashap biler?
60-my, 70-mi, 80-mi ýa-da 100 - 150-mi? Biolag Ž. Glass adamyñ dünýäde 180 ýasha çenli sag-salamat gezmäge ukyplydygyny, shonda biologik ömründäkiden 25-30 ýyl ýash görünjekdigini ykrar edýär. Platonyñ tassylamagyna görä bolsa, adam azyndan 200 ýyl ýashamaly. Gadymy Rim lukmany Galen 140, Sokrat 106, Sofoki 130, sazanda Plint bolsa, 150 ýyl ömür sürüpdir. Olar soñky demine çenli ishe höwesli, ylma ukyply bolupdyrlar. Döwürdeshleriniñ aýtmaklaryna görä, shol ýashda-da olaryñ ýüz keshbi, sagdynlygy 50 - 60 ýashlynyñky ýaly bolupdyr. Londonly är-aýallar bile 147 ýyl döwran sürüpdir. Shonça wagtlap ýashan bu bagtyýar mashgalanyñ mashgalabashysy 173, aýaly bolsa 184 ýashynda aradan çykýar.
Biziñ döwrümizde-de uzak ýashlylar az däl. Eýranyñ Kelýusy obasynyñ ýashaýjysy Seýid Aly 195 ýashapdyr. Kawkazly Mikro Kubulow 141 ýashynda wagty peýkamçylaryñ bäsleshigine gatnashyp, hiç kimi öñe geçirmändir. Häzirki döwürde adamyñ ortaça ömri 70 ýash hasaplanýar. Munuñ üçin durmush kadalaryny doly berjaý etmeli, düzgünleriñ ýekejesinem bozmaly däl.
Amerikaly belli alym Genri Sherman dogry iýmitlenmegi uzak ýashamagyñ esasy syry hasaplaýar. Ol: "Adamyñ saglygy, ykbaly, ömri öz elinde" diýýär. Shonuñ üçin her kimde bereketli ömre, sagdyn ýashamaga ilki erk-isleg wajyp. Munuñ üçin ömür menziliniñ bir öwrüminde jyklap duran garrylygy ýatdan çykarmaly däl. Adamyñ bedeni gowshamanka, ruhy gojalygy ýeñmeli.
Shu maslahatlara we düzgünlere eýerilse, kem bolmaz:
Söýneýän käriñize hiç haçan köñül bermäñ! Halamaýan adamlaryñyz bilen bir saçagyñ bashynda oturmañ! Adamlar bir-birini ýigrenende, olaryñ hersi öz biomeýdanyndan beýlekä ýaramaz güýç goýberýär. Ýalñyzlygyñ derdini çekmäñ! Ýeke wagtyñyz gowy görýän pishäñize güýmeniñ. Synañyza zergäriñ altyn shaýa seredishi ýaly serediñ. Gün içinde 5-6 gezek ýürekden gülmäge çalshyñ. Suwdan, Günden, howadan paýyñyzy bolelin alyñ. Jynyñyzyñ jyñkyryshýanlary bilen köpräk söhbet guruñ.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.