Ilkinji äynek

Tomusda gü­neş äý­nek­le­ri­niň ula­ny­lyş ge­ri­mi bar­ha gi­ňe­ýär we onuň dür­li gör­nüş­le­ri ön­dü­ril­ýär. Müm­kin bol­du­gy­ça, bu pa­syl­da ho­wa­nyň aşa gyz­ýan wag­ty da­şa­ryk çyk­maz­lyk mas­la­hat be­ril­ýär. Em­ma mej­bu­ry ýag­daý­da da­şa­ryk çyk­ma­ly bo­la­ny­myz­da hem açyk reňk­li egin-eşik­le­ri we baş­gap geý­mek ýa-da sa­ýa­wan ulan­mak, Gün­den go­raý­jy äý­nek­le­ri dak­mak ze­rur­dyr. Gün şöh­le­sin­den go­ran­mak üçin da­kyl­ýan äý­nek gö­zü­mi­zi nä­hi­li go­ra­ýar? Il­kin­ji äý­nek ni­re­de we nä­dip oý­la­nyp ta­pyl­dy? Ge­liň, äý­nek­ler ba­ra­da kä­bir mag­lu­mat­lar bi­len ta­nyş bo­la­lyň!
Gün­den Ýe­re düş­ýän ult­ra­me­lew­şe şöh­le­ler (UV) gö­zü­mi­ze we de­ri­mi­ze ze­per ýe­ti­rip bi­ler. Gö­zü­mi­zi Gün şöh­le­si­niň zy­ýan­ly tä­sir­le­rin­den go­ra­mak üçin ön­dü­ri­len äý­nek­ler­de UV şöh­le­si­ni do­ly di­ýen ýa­ly (99%) sak­lap bil­ýän aý­na­lar ula­nyl­ýar. Mun­dan baş­ga-da, äý­nek­ler­de ula­nyl­ýan aý­na­lar reň­ki­ne gö­rä dür­li şöh­le­le­ri özü­ne siň­dir­ýär we bu şöh­le­le­riň göz­le­re ýet­me­gi­niň öňü­ni al­ýar.

Gün şöh­le­sin­den go­ra­ýan il­kin­ji äý­nek­ler
Il­kin­ji ýö­ne­keý gör­nüş­li äý­nek­ler bi­ziň eýýa­mymyz­dan öň es­ki­mos­lar ta­ra­pyn­dan ula­ny­lyp­dyr. Ga­ryň güýç­li ýag­ýan se­bit­le­rin­de ýa­şa­ýan es­ki­mos­lar ga­ryň we buz­la­ryň ýal­pyl­da­wuk­dy­gy se­bäp­li gö­zü­ni «gar kör­lü­gi» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan «fo­to­ke­ra­tit» ke­se­lin­den go­ra­mak üçin äý­nek dö­re­dip­dir­ler. Bu äý­nek pi­liň süň­kün­den ýa­sa­lyp­dyr. Rim im­pe­ra­to­ry Ne­ro­nyň gla­dia­tor sö­weş­le­ri­ne to­ma­şa eden­de Gün şöh­le­sin­den go­ran­mak üçin göz­le­ri­niň öňün­de ýal­pyl­da­wuk şaý-sep­le­ri sak­lan­dy­gy aý­dyl­ýar. XII asyr­da hy­taý­ly­lar hem Gün­den go­raý­jy äý­ne­ge meň­zeş äý­nek ula­nyp­dyr­lar. Adam­lar bu äý­ne­gi göz­le­ri­ni go­ra­mak üçin däl-de ýü­zü­ni giz­le­mek üçin ula­nyp­dyr­lar.

Hä­zir­ki za­man äý­nek­le­ri ha­çan oý­la­nyp ta­pyl­dy?
1700-nji ýyl­la­ryň or­ta­la­ryn­da iň­lis op­ti­gi Jeýms Aýs­kof dür­li gö­rüş me­se­le­le­ri­ni be­jer­mek üçin tej­ri­be ge­çi­rip baş­la­ýar. Bu tej­ri­bä­niň esa­syn­da dür­li reňk­li, esa­sa­nam, gök we ýa­şyl reňk­li äý­nek lin­za­la­ry ön­dü­ril­ýär. Bi­raz wagt ge­çen­soň, reňk­li lin­za­ly äý­nek ýag­ty­ly­ga duý­gur has­sa­lar ta­ra­pyn­dan ula­ny­lyp baş­lan­ýar. Şo­nuň üçin hem Aýs­kof gö­zi Gün şöh­le­sin­den go­ra­mak üçin dö­re­di­len il­kin­ji äý­nek­le­riň oý­lap ta­py­jy­sy ha­sap­lan­ýar. Döw­re­bap äý­nek­ler 1929-njy ýyl­da ame­ri­ka­ly Sam Fos­ter ta­ra­pyn­dan dö­re­dil­ýär. Fos­te­riň oý­lap ta­pan äý­nek­le­ri Gol­li­wu­dyň ki­no ýyl­dyz­la­ry, sa­zan­da­la­ry ta­ra­pyn­dan ula­nyl­ýar we tiz wagt­da meş­hur bol­ýar. 1937-nji ýyl­da ABŞ-da 20 mil­li­on äý­nek sa­tyl­ýar. Şon­dan bä­ri to­mus aý­la­ryn­da gü­neş äý­nek­le­ri gün­de­lik dur­mu­şy­my­zyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di. Hä­zir­ki wagt­da äý­nek­ler sör­fing, gar­da typ­mak we suw­da ýüz­mek ýa­ly spor­tuň dür­li gör­nüş­le­rin­de gö­zü­mi­zi daş­ky tä­sir­ler­den go­ra­mak mak­sa­dy bi­len hem ula­nyl­ýar.

Bilýärmidiňiz?
Ir wagt­lar­da Is­pa­ni­ýa­da beg­le­riň beý­le­ki adam­la­ra äh­mi­ýe­ti­ni gör­kez­me­giň usu­ly hök­mün­de äý­ne­gi­niň çar­çu­wa­sy­nyň ulu­ly­gy oňa hor­mat go­ýul­ma­ly­dy­gy­ny gör­ke­zip­dir.
Dünýädäki iň adat­dan da­şa­ry we gym­mat äý­nek «Shiels Je­wel­lers»-iň «Eme­rald» at­ly äý­ne­gi­dir. Bu mo­de­liň lin­za­la­ry zü­mer­ret­den, çar­çu­wa­sy al­tyn we göw­her­den ýa­sa­lyp­dyr. 5 ýyl çe­me­si wagt­da taý­ýar­la­nan äý­ne­giň ba­ha­sy 200 müň dol­lar­dan gow­rak­dyr.
Adam­lar, or­ta­ça, her 7 aý­da 1 jü­büt äý­nek ýi­tir­ýär.
Her 14 mi­nut­da kim­dir bi­ri ýa äý­ne­gi­ni ýi­tir­ýär ýa-da üs­tün­de otur­ýar.
Dün­ýä sta­tis­ti­ka býu­ro­sy­nyň ha­ba­ry­na gö­rä, awst­ra­li­ýa­ly­la­ryň 50 gö­te­ri­mi äý­nek da­kyn­ýar­lar.
Meş­hur iň­lis aý­dym­çy­sy, aý­dym ýa­zy­jy­sy, pia­ni­no­çy we kom­po­zi­tor El­ton Jon äý­nek­le­riň muş­da­gy bo­lup, onuň 20 müň jü­büt äý­ne­gi bar. Bu sun­gat us­sa­dy­nyň äý­nek­le­ri ho­wa­nyň tem­pe­ra­tu­ra­sy 16 de­re­je­den ýo­ka­ry bol­ma­dyk ýö­ri­te otag­da sak­lan­ýar.
Gün şöh­le­sin­den go­ra­ýan äý­nek­le­riň di­ňe 25 gö­te­ri­mi asyl mak­sa­dy üçin, ga­lan 75 gö­te­ri­mi bol­sa mo­da üçin sa­tyn alyn­ýar.
Dün­ýä­de dür­li äý­nek­le­ri ön­dür­mek bo­ýun­ça meş­hur brend­le­riň ara­syn­da ön­dü­ri­ji­li­gi we hi­li bo­ýun­ça Ita­li­ýa­nyň «Luxot­tica» mar­ka­sy öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Äý­nek­le­riň 70 gö­te­ri­mi bu ýer­den sa­tyn alyn­ýar. Beý­le­ki meş­hur «Ray Ban», «Bur­ber­ry», «Cha­nel», «Ralph Lau­ren» mar­ka­lar hem Ita­li­ýa de­giş­li­dir.
1 лайков 144 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.