Näme üçin pasportlaryň reňki 4 görnüşli
Pasportuň reňki döwletiň aýratynlygyny görkezýän alamatlaryň biridir. Resminamalaryň bezegi belli bir derejede halkara kadalaryna, hususan-da, araçäkler kesilip geçilende pasportlar üçin ulanylýan ICAO-nyň (Raýat awiasiýasynyň halkara guramasy) ülňülerine laýyk getirilýär. Emma muňa pasportuň daş sahaby degişli bolman, ony diňe ýurtlaryň özi milli-medeni aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, saýlaýarlar. Reňkleriň dürli görnüşiniň bardygyna garamazdan, esasan, gyzyl, gök, ýaşyl we gara reňkler saýlanyp alynýar. Reňkler dürli ýagdaýlar sebäpli kesgitlenilip, sebite mahsuslygy esasynda saýlanyp alynýar. Mysal üçin, Karib zolagyndaky ýurtlar gök reňkiň dürli öwüşgünlerini ulanýarlar. Hakykatda bolsa, Demirgazyk we Günorta Amerikany hem-de Okeaniýa ýurtlaryny Täze Dünýä diýip atlandyrýarlar.
Ýewropa Bileleşigi ýurtlary bolsa, daşky sahaby goýy gyzyl reňkli pasport göterýärler. Ol Ýewropa Bileleşiginiň agzalary tarapyndan kabul edilen 1981-nji ýylyň kararnamasy esasynda tassyklanyldy. Gyzyl reňk ozalky Soýuzyň pasportlarynda ulanylyp, häzir ol Hytaýda ýörgünlidir. Şeýle hem gyzyl reňk Moldowa we Gruziýa ýaly ýurtlarda saklanylyp galypdyr. Ýaşyl reňk dini we ruhy gymmatlyklar, şeýle hem, tebigy şertler göz öňünde tutulyp, Afrika we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda ulanylýarlar. Bu reňk biziň ýurdumyzda, Özbegistanda we Azerbaýjanda has ileri tutulýar.
Reňk saýlananda beýleki ýagdaýlar hem aýratyn rol oýnaýar. Mysal üçin, Şweýsariýada baýdagynyň reňkine görä, açyk gyzyl reňk ulanylýar. Türk pasportunyň daşlygy bolsa, ozal ýaşyl bolup, 2010-njy ýylda, Ýewropa Bileleşigine girmek barada gepleşikler geçirilip başlanandan soňra, ony goýy gyzyl reňk bilen çalyşdylar. Ýöne gyzyl, gök, ýaşyl we gara reňklerden beýleki reňkleriň ulanylýan halatlary hem bolýar. Mysal üçin, Beýik Britaniýa we Kanada ýaly ýurtlarda bir ýurda gyssagly gitmek üçin resmileşdirilen wagtlaýyn pasportlarda goňras ýa-da ak reňk ulanylýar. Umuman, soňky onýyllyklarda pasportlaryň daşky sahaby onçakly uly özgerişlige duçar bolmady.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.