Biz näme üçin düýşümizde öljek bolýanymyzy görýäris?

Biz näme üçin düýşümizde öljek bolýanymyzy görýäris?
Düýşlerimizde öljek bolanymyzda, her gezek gorkudan oýanýarys. Muny hemmämiz diýen ýaly başdan geçirip görendiris. Näme üçin düýşümiz ölüm pursatyndan soň dowam etmeýär we her gezek birden gözümizi açýarys? Munuň jogaby ylymda saklanýar.

Bu syrly meseläniň asyl sebäbini aýtmazdan ozal aşakdakylary düşündirmek zerur: düýşler “REM” ukusy diýilýän wagt görülýär. REM uky iňlis dilindäki rapid eye movement” (ýagny, çalt göz hereketi) sözüniň baş harplaryndan düzülendir.

Ukynyň her basgançagynda düýş görmek mümkin bolsa-da, diňe “REM” ukusy wagtynda görlenleri ýatda saklamak bolýar. Bu etapyň gyzykly aýratynlyklaryndan biri, beýnimizden çykýan elektrik signallarynyň uky wagtynda çykýan signallar bilen birmeňzeş bolmagydyr. Başgaça aýdylanda, beýnimiz “REM” ukusy wagtynda oýanan wagtymyzdaky ýaly hereket edýär, şonuň üçin bu ýagdaýa “paradoksiki uky” diýilýär.
Onda näme üçin her gezek düýşümizde öljek bolanymyzda oýanýarys?
Bu soraga “ölümi başdan geçirmezlik, ahyret durmuşyny bilmezlik” ýaly sebäpleri hödürleýänler bar bolsa-da, bu diňe rowaýat. Esasy sebäbi gaty ýönekeý, düýşümizde it yzymyzdan ylgaýarka gysga wagtyň içinde oýanşymyz ýaly, ölüm pursatyna ýakynlaşanymyzda oýanşymyz hem bu ýagdaýa meňzeýär.
Iki ýagdaý hem gaty stresli bolansoň, beýnimiz çalt oýanýan köp mukdarda adrenalin çykaryp başlaýar. Şonuň üçin bu düýşler has ýatda galýar. Şeýle-de bolsa, köp adam düýşleriniň 95%-ini ýatda saklap bilmeýär.
“REM” ukusy wagtynda bedenimiz ysmaz diýen ýaly we myşsalarymyz hem işlemeýär.
Adamlaryň arasynda “gara basmasy” diýlip tanalýan waka bu döwürde hem başdan geçirilýär. Käwagt gözlerimiz açylýar we myşsalarymyz işlemezligini dowam etdirýär. Bu hem “gara basmasy” diýlen gep-gürreňiň döremegine sebäp bolýar. Düýşlerimizde ölüm pursatynda bölünip çykan adrenaliniň kömegi bilen myşsalarymyz hem işjeňleşýär. Sebäbi şol bir wagtyň özünde uklap we adrenalin duýup bilmeris. Şonuň üçin agdyklyk edýän tarap sebäpli oýanýarys.



Çeşme ******* sayty
1 лайков 120 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Men sho
20 сен 2021, 15:08
Men achan yalydym shu saytda shu mowzugy on
Begmyrat
20 сен 2021, 15:22
Howa on okapdym
Okuwçy04.A
Автор 20 сен 2021, 16:13
Men sho,
Aha bir saytdan aldym adyny ayjakdal
Men sho
20 сен 2021, 17:40
Okuwcy04 nirden aldyn diyemok men paylashan yalydym diyjek bolyan shu mowzugy shu yerde
Okuwçy04.A
Автор 20 сен 2021, 18:21
Men sho,
Wi seylemi bilmandirin bilsem goymazdymm gayta