Söýülmek belentdir Söýmege görä..

Söýgiň nämedigni bilýän adam ýok.
Ýöne men şonda-da bir zada belet:
Söýmek üçin söýülmegiň gerekdir,
Söýülmegiň üçin söýmegiň gerek.

Kyn daldir «Söýýärin, söýýärin!» diýmek.
Söýdürmegi weli başarmaz her är.
Hemme zatdan belent bolsa-da Söýmek,
Söýülmek belentdir Söýmege görä.

Ikisi birleşse ümzügiň öňe.
Biri aýra düşse - ümzügiň yza...
Watana söýgümi,
Halka söýgümi,
Ýa dosta söýgümi,
Ýa gözel gyza –
Hemmesi üçinem Kämillik gerek.

Kämilliksiz söýgi bolmandyr öňem.
Ýokdur ol häzirem, ertirem bolmaz.
Diňe kämil söýgi Hasraty ýeňer.
Diňe kämil söýgi Şatlygy ýeňer.
Nama gerekmişin Şatlygy ýeňmek?
Söýgüni suwjardyp ýörmeziň üçin
Şatlygyňy egsip bilmegiň gerek.

Söýgi bar ýerinde Şatlygam gerek.
Ýöne ol gerekdir öz çeni bile.
Öz iliňe hözir berdigiň däldir,
Bu dünýäden gülüp geçeniň bile.
Başa iş düşende Hasratam gerek.
Ýöne olam gerek öz çeni bile.

Öz iliň hasratyn çekdigiň däldir,
Bu dünýäden aglap geçeniň bile.
Şer iş bar ýerinde Ýigrenjem gerek.
Ýöne şolam gerek öz çeni bile.

Öz iliňe peýda etdigiň däldir.
Bir biweje gargap geçeniň bile.
Diňe Kämilligiň öz çeni ýokdur,
Şony islemegiň öz çeni bile.
Ol ne-hä suwjarar, ne-de suwjardar
Öz çeninden aňryk geçeniň bile.

Nireden geçse-de – geçiber bile.
Gorkma, eltjek ýerne özi beletdir.
Dünýäniň ýüzünde ähli zat üçin
Serhet bardyr weli,
Ol biserhetdir.

4 лайков 123 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Döwlet Şöhradow
03 окт 2021, 15:09
*Sonky wagtlar Kerim aganyn gosgylaryny koprak paylasyanyz brawo brawo brawo
- Dani
Автор 03 окт 2021, 15:12
sᴛᴀᴛᴇ,

gowy görýän şo şahyry, sizem okaň dp paýlaşýan yazyan
Döwlet Şöhradow
03 окт 2021, 15:16
- Dani,
Dogry edyan?, yone men okap cykdym hemme gosgularyny diyen yaly ;)
Ýury
03 окт 2021, 16:54
cilimkesh
Like