Dün­ýä­niň tä­ze 7 tä­sin­li­gi

Şweýsariýaly Bernard Werberiň başlangyjy bilen “Dünýäniň täze ýedi täsinligi” taslamasy gurnalyp, täze ýedi täsinlik anyklanyldy. Dünýäniň täze ýedi täsinliginiň sanawyna goşmak üçin teklip edilen köp sanly binalar we gözel ýerler saýlanyp, bäsleşigiň netijeleri Lissabonda mälim edilipdi. Gazetimiziň şu sanynda dünýäniň täze ýedi täsinligi bilen tanyşdyrmagy makul bildik.
Hä­zir­ki wag­tda bi­ze “Ga­dy­my dün­ýä­niň ýe­di tä­sin­li­gi” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan Mü­sür pi­ra­mi­da­la­ry, Wa­wi­lon­da­ky Se­ra­mi­da­nyň as­ma bag­la­ry, Efes­dä­ki Ar­te­mid yba­dat­ha­na­sy, Olim­pi­ýa­da­ky Zew­siň heý­ke­li, Ga­li­kar­nas aram­gä­hi, Ko­loss Ro­doss­ki­niň heý­ke­li, Alek­sand­ri­ýa ma­ýa­gy mä­lim­dir. Ola­ryň ara­syn­dan di­ňe Mü­sür­ pi­ra­mi­da­la­ry­ sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Şo­ňa gö­rä, şweý­sa­ri­ýa­ly Ber­nard Wer­be­riň baş­lan­gy­jy bi­len “Dün­ýä­niň tä­ze ýe­di tä­sin­li­gi” tas­la­ma­sy gur­nal­yp, tä­ze ýe­di tä­sin­lik anyk­la­nyl­dy. Tä­jir­çi­lik mak­sat­ly bol­ma­dyk gu­ra­ma “New Open World Cor­po­ra­ti­on” 90 mil­li­on­dan gow­rak ada­myň gat­naş­ma­gyn­da ses ber­li­şik ge­çir­di. Dün­ýä­niň tä­ze ýe­di tä­sin­li­gi­niň sa­na­wy­na goş­mak üçin tek­lip edi­len köp san­ly bi­na­lar we gö­zel ýer­ler saý­la­nyp, bäs­le­şi­giň ne­ti­je­le­ri Lis­sa­bon­da mä­lim edil­ipdi. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da dün­ýä­niň tä­ze ýe­di tä­sin­li­gi bi­len ta­nyş­dyr­ma­gy ma­kul bil­dik. Eý­sem, siz bu sa­na­wyň tä­ze­le­nen­di­gi­ni eşi­dip­mi­di­ňiz?

Be­ýik Hy­taý di­war­y, Hy­taý:
Dü­nýäde iň uly bi­na­gär­lik des­ga­sy bo­lup, onuň uzyn­ly­gy 8851,8 ki­lo­met­re ba­ra­bar­dyr. Be­ýik Hy­taý di­war­y Hy­taý im­pe­ri­ýa­sy­nyň de­mir­ga­zyk ser­het­le­ri­ni çar­wa­la­ryň hü­jü­min­den go­ra­mak üçin gur­lup­dyr. Hä­zir­ki wagt­da bu di­war adam­zat ta­ra­pyn­dan gur­lan iň uzyn des­ga­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Dün­ýä­de iň köp ba­ryl­ýan ýer bo­lan Be­ýik Hy­taý di­war­y­ny ýyl­da 40 mil­li­on­dan gow­rak sy­ýa­hat­çy gör­mä­ge gel­ýär. Di­wa­ryň bir bö­le­gi Hy­ta­ýyň paý­tag­ty Pe­ki­niň go­la­ýyn­dan geç­ýär.

Ko­li­zeý. Rim, Ita­li­ýa:
Ga­dy­my Rim am­fi­teatr­la­ry­nyň iň ulu­sy, ba­ky şä­he­riň do­ly hu­kuk­ly ny­şa­ny, me­ge­rem, dün­ýä­niň iň meş­hur bi­na­gär­lik ýa­dy­gär­li­gi­dir. Onuň ikin­ji ady Fla­wi­ýew am­fi­te­at­ry bo­lup, şol dö­wür­de Ga­dy­my Rim­de hö­küm sü­ren we am­fi­te­at­ryň gur­lu­şy­gy­ny ama­la aşy­ran Fla­wi­ýew ha­ne­dan­ly­gy­nyň hor­ma­ty­na ber­lip­dir. Ko­li­zeý­de uzak wagt­lap Ri­miň myh­man­la­ry we ýa­şaý­jy­la­ry üçin gla­dia­tor sö­weş­le­ri we beý­le­ki güý­men­je to­ma­şa­la­ry gu­ra­lyp­dyr.

Ma­çu-Pik­çu, Pe­ru:
Hä­zir­ki za­man Pe­ru­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len ink­le­riň ga­dy­my şä­he­ri bo­lan Ma­çu-Pik­çu ýer­leş­ýän ýe­ri­ne gö­rä, “Bu­lut­la­ryň ara­syn­da­ky şä­her” ady­ny al­dy. Ol dag ge­riş­le­ri­niň ýo­kar­syn­da, de­ňiz de­re­je­sin­den 2450 metr be­lent­lik­de ýer­leş­ýär. Şä­her ink­le­riň hö­küm­da­ry Pa­ça­ku­tek ta­ra­pyn­dan im­pe­ra­to­ryň ka­bul­ha­na­sy, şeý­le hem, “Mu­kad­des dag dü­şel­ge­si” hök­mün­de gu­r­lup­dyr.

Pet­ra, Ior­da­ni­ýa:
Hä­zir­ki Ior­da­ni­ýa­nyň çä­gin­de daş­dan oýu­lyp ýa­sa­lan meş­hur Pet­ra şä­he­ri Ara­wa jül­ge­sin­de ýer­le­şip, daş-tö­we­re­gi uçut ga­ýa­lar bi­len gur­şa­lan. Bu ýe­re di­ňe şä­he­riň öz­bo­luş­ly der­we­ze­si ha­sap­lan­ýan dag jül­ge­le­ri ar­ka­ly gi­rip bol­ýar. Şä­he­riň bi­na­la­ry­nyň kö­pü­si gy­zyl reňk­li ga­ýa­lar­dan oýulyp ýa­sa­lyp­dyr, hat­da, şä­he­riň “Pet­ra” ady hem “ga­ýa” diý­lip, ter­ji­me edil­ýär. Her ýyl ýa­rym mil­li­on­dan gow­rak sy­ýa­hat­çy daş­dan oýu­lyp gur­lan syr­ly şä­he­ri gör­mä­ge gel­ýär­. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, Sti­wen Spil­ber­giň “In­dia­na Jons we soň­ky haç­ly ýö­riş” at­ly meş­hur fil­mi­niň soň­ky sah­na­la­ry Pet­ra­da su­ra­ta dü­şü­ri­lip­di.

Täç­ma­hal, Hin­dis­tan:
Täç­ma­hal – Hin­dis­ta­nyň Ag­ra şä­he­rin­de, Jam­na der­ýa­sy­nyň ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän ak mer­mer­den sal­nan aram­gäh bo­lup, mu­sul­man dün­ýä­si­niň ha­ky­ky gen­ji-ha­zy­na­sy, hin­di, pars we ys­lam bi­na­gär­li­gi­niň iň go­wy nus­ga­sy­dyr. Aja­ýyp aram­gäh im­pe­ra­tor Ja­han Şa­nyň ara­dan çy­kan aýa­ly­nyň hor­ma­ty­na gur­lup­dyr. Bir ro­wa­ýa­ta gö­rä, der­ýa­nyň gar­şy ke­na­ryn­dan ga­ra mer­mer­den bi­na­nyň ta­ýy bi­na edi­lip, ola­ry çal mer­mer­den gur­lan köp­ri bir­leş­dir­me­li eken. Hä­zir­ki wagt­da ýyl­da mil­li­on­lar­ça sy­ýa­hat­çy­nyň gelýän ýe­ri bo­lan Täç­ma­ha­l dün­ýä­niň tä­ze ýe­di tä­sin­li­gi­niň sa­na­wyn­da özü­ne my­na­syp orun al­dy.

Isa Me­si­hiň heý­ke­li.
Bra­zi­li­ýa, Rio-de-Ža­neý­ro:
Dün­ýä­niň in­di­ki tä­sin­li­gi Bra­zi­li­ýa­nyň Rio-de-Ža­neý­ro şä­he­rin­dä­ki Kor­ko­wa­do da­gy­nyň de­pe­sin­dä­ki Isa Me­si­hiň aja­ýyp heý­ke­li. Heý­kel Rio-de-Ža­neý­ro­nyň we tu­tuş Bra­zi­li­ýa­nyň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýar we dün­ýä­dä­ki iň be­ýik heý­kel­le­riň bi­ri­dir. Heý­ke­liň be­ýik­li­gi 38 metr, el­le­ri­niň uzyn­ly­gy 30 metr, ag­ra­my bol­sa, 1145 ton­na.

Çi­çen-Isa. Mek­si­ka, Ýu­ka­tan:
Ga­dy­my şä­her Çi­çen-Isa, Mek­si­ka­nyň Ýu­ka­tan ýa­rym ada­syn­da ýer­leş­ýän Maý­ýa döw­le­ti­niň sy­ýa­sy we me­de­ni mer­ke­zi­dir. Ar­heo­log­la­ryň pi­ki­ri­çe, Çi­çen-Isa Ma­ýýa me­de­ni­ýe­ti­niň di­ni mer­kez­le­ri­niň bi­ri bo­lup­dyr.
2 лайков 157 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ESSALAMUNALEÝKUM
09 окт 2021, 11:52
nirden tapaňaý dost bu zatlary
Asyrow_Danco
Автор 09 окт 2021, 11:57
ESSALAMUNALEÝKUM,
Akla sygmajak zatlarymy
Men sho
09 окт 2021, 11:58
Danco saset gowmyn
Asyrow_Danco
Автор 09 окт 2021, 11:59
Men sho,
Gowy makala nahili bolupdyr
ESSALAMUNALEÝKUM
09 окт 2021, 12:12
Asyrow_Danco,
elbetde
Maksat
09 окт 2021, 15:40
Gyzykly makala eken like.?
Döwlet Şöhradow
09 окт 2021, 20:24
??????