Adam ata hekayaty
Başda Alla gögi we ýeri ýaradanda, dünýä şekilsizdi we boşlukdy. Dünýä suwlar we tüm-garaňkylyk bilen örtülendi, suwuň ýüzünde Allanyň Ruhy perwaz urýardy.
Alla dünýäde ýagtylyk bolsun diýip buýruk berdi we ýagtylyk ýalkym saçyp başlady. Alla ýagtylygyň gowudygyny görüp, ony tümlükden bölüp aýyrdy. Alla tümlügi gije, ýagtylygy gündiz diýip atlandyrdy. Şeýdip, gije geçip, daň atdy we dünýäniň ýaradylyşynyň birinji güni tamamlandy.
Alla: «Suwlaryň aralygynda gümmez bolsun!» diýip buýruk berdi. Şeýdip, Alla gümmez ýaratdy. Ol gümmeziň astyndaky suwy ýokarsyndaky suwdan bölüp aýyrdy. Alla gümmezi asman diýip atlandyrdy. Şeýdip, gije geçip, daň atdy we dünýäniň ýaradylyşynyň ikinji güni tamamlandy.
Soňrak Alla Ýerdäki suwlary bir ýere jemledi we gury ýer emele gelsin diýip buýruk berdi. Ol suwlary deňiz diýip, topragy bolsa ýer diýip atlandyrdy. Alla Öz eden işlerinden hoşal boldy. Alla ýerde agaçlary, ösümlikleri we olaryň köpelmekleri üçin tohumlaryny ýaratdy. Alla ähli ösümliklere begendi. Şeýdip, gije geçip, daň atdy we dünýäniň ýaradylyşynyň üçünji güni tamamlandy.
Soňra Alla asmanda çyralar peýda bolsun diýip buýruk berdi. Şonda gije gündizden tapawutlanar, olar bolsa günleri, ýyllary we pasyllary görkezerler. Olar ýer ýüzüne ýagty saçarlar. Şonuň üçin Alla gündiz üçin Güni, gije üçin Aýy we ýyldyzlary ýaratdy. Alla bularyň ählisinden lezzet aldy. Gije geçip, daň atdy, şeýdip dünýäniň ýaradylyşynyň dördünji güni tamamlandy.
Onsoň Alla balyklary, suwda ýaşaýan ähli jandarlary we asmanda uçýan ähli guşlary ýaratdy. Alla bularyň ählisinden lezzet aldy. Alla olaryň köpelip ýer-ýüzüni we suwlary doldurmagy üçin pata berdi Şeýdip, gije geçip, daň atdy we dünýäniň ýaradylyşynyň bäşinji güni tamamlandy.
Alla dürli görnüşli haýwanlary, süýrenijileri we ýyrtyjylary ýaratdy. Alla bularyň ählisinden hoşal boldy. Onsoň balyklaryň, guşlaryň, ýer ýüzünde ýaşaýan ähli haýwanlaryň üstünden höküm sürer ýaly Alla Öz keşbinde, Özüne meňzeş edip ynsanlary ýaratdy.
Şonuň üçin hem Alla adamlary Öz keşbinde erkek we aýal edip ýaratdy
Alla erkege we aýala: «Örňäp, köpelip, ýer ýüzüni dolduryň we oňa eýeçilik ediň; balyklaryň, guşlaryň we ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlaryň üstünden höküm sürüň» diýip pata berdi. Ol «Men ösümlikleri tohumlary bilen, agaçlary miweleri bilen ýaratdym. Ähli haýwanlar we guşlar bu ýaşyl ösümliklerden iýmitlenerler» diýdi. Soňra Alla ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlary gözden geçirdi: adamlary, haýwanlary, ösümlikleri we tebigaty... Ol bularyň ählisinden hoşal boldy. Gije geçip daň atdy, şeýdip, dünýäniň ýaradylyşynyň altynjy güni tamam boldy.
Alla älem-jahany alty günde ýaratdy. Ýedinji gün gelende tutuş dünýäniň ýaradylyşy tamamlandy we Alla ýaradyş işlerini togtatdy. Alla dünýäni ýaradyş işlerini tamamlansoň, sežde etmek üçin ýedinji güni beýleki günlerden aýry goýdy.

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.