Mehmet Akif Ersoý

Mehmet Akif Ersoý, dünýä belli türk şahyry, weterinar lukman, mugallym, hafyz, syýasatçy.
“Milli şahyr” ýa-da “Watançy şahyr”, “Watan şahyry” atlary bilen tanalan Mehmet Akif Ersoý ýa-da Mehmet Ragyf 20.12.1873-nji ýylda Stambulyñ Fatih ilçesiniñ Karagümrük ýaşaýyş yoplumynda eneden dogulýar.
06.03.2013-nji ýylda ýazan “Üç beýinsiz kelläniñ derdine, üç million halk” diýip kinaýa bilen başlaýan goşgusynyñ soñunda:

“muny menden duýuñ, men elbetde albandyryn… başga diýjek sözüm ýok… ynha perişan ýurdum…” –

– diýen setirleri bilen özüniñ aslynyñ albandygyny aýdypdyr.
Ejesi Buharadan Türkiýä göçüp giden bir özbek maşgalasynyñ gyzy Emine Şerife Hanymdyr, kakasy bolsa Kosowada dogulan we “Fatih Metjidi” medrese hojalaryndan Ipekli Mehmet Tahyr Efendidir. Kakasy aradan çykýança Ragyf adyny ulanan bolsa, dostlary we ejesi oña soñra Akif diýip başlaýarlar. Kakasyndan arapça öwrenipdir.
Başlangyç bilimi “Emir Buhary” mekdebinde, orta bilimi bolsa “Fatih Merkez” mekdebinde alýar. Mekdepde pars, arap, türk, fransuz dillerini öwrenmek boýunça öñe saýlanýar. 1885-nji ýylda şol wagtyñ iñ abraýly okuwlaryndan “Mülkiýe Idady” mekdebine girýär.
1888-nji ýylda kakasynyñ ýogalmagy we soñky ýylam öýleriniñ ýanmagy bilen güzerany kynlaşyp okuwy taşlamaga mejbur bolýar. Şol ýyllar täze açylan Ekerançylyk we maldarçylyk mekdebine girýär. 1893-nji ýylda okuwy üstünlik bilen tamamlaýar. Okuwdan soñ fransuzçany çuñlaşdyryp öwrenýär. Alty aýyñ içinde Gurhany ýatdan öwrenip, hafyz bolýar. 1893-nji we 1894-nji ýyllarda “Hazineýi Fünun” jurnalynda gazallary,1895-nji ýylda “Mekdep” mejmuasynda “Gurhana ýüzlenme” goşgusy çap edilýär. Okuwdan soñra Ekerançylyk we Tokaý hojalygy ministrliginde 1893-1913-nji ýyllar aralygynda zähmet çekýär. Iş saparlary bilen Rumelide, Anadolyda, Albaniýada, Arabystanda bolýar. Netijede halk bilen ýakyn gatnaşykda bolmak mümkinçiligi döreýär. 1898-nji ýylda döwlet gullukçysy Mehmet Emin Begiñ gyzy Ismet Hanym bilen maşgala gurýar we Jemile, Feride, Suadi, Emin, Tahyr atly perzentleri bolýar.
Mehmet Akif Soltan Abdylhamyt II-ä gönüden-göni garşy gidýärdi, hatda soltanyñ ýüzüni görende, işdäsiniñ kesilýändigini ýazan ýerleri hem bar. Ol başga-da 11 sany goşgusy bilen “Ittihad we Terakki” jemgyýetine agza bolýar. Jurnallarda çykýan makalalary we Stambul metjitlerinde berýän wagyzlary bilen müsürli mason Muhammet Abdonyñ täsirine düşüp, “Yslam bileleşigi” taglymatyny ýaýmaga çalyşýardy.
1910-njy ýylda Albaniýada gozgalañ turmagy şahyry örän gynandyrýar we gozgalañlaryñ öñüni almak üçin bir zatlar edesi gelýär. Emma Balkan uruşlarynyñ turmagy bilen bu asylly maksat amala aşman galýar.
1913-nji ýylda gurulan “Müdafaa-i Milliýe” jemgyýetiniñ halky edebiýat ýoly bilen oýandyrmagy maksat edinýän bölüminde Rejaýyzada Ekrem, Abdylhak Hamyd, Süleýman Nazif, Jenap Şahabeddin ýaly tanymal şahsyýetler bilen tanyşýar.
02.02.1913-nji ýylda Baýezit metjidiniñ münberinde, 07.021913-nji ýylda Fatih metjidiniñ münberinde halky watany goramaga çagyrýar.
Milli howpsuzlyk gullugy bolan “Teşkilaty Mahsusadan” teklip gelmegi bilen 1914-nji ýylda Tunisli Şeýh Salyh Şerif bilen birlikde Germaniýa gidýär. Nemeslere ýesir düşen musulmanlaryñ lagerlerinde bolýar we bilmän Osmanly döwletine garşy söweşen musulman ýesirleriñ gözüni açmaga çalyşýar. Fransuz goşunyndaky musulmanlara ýüzlenilip ýazylan arapça listowkalar uçarlardan oklanýar. Germaniýada ýazan “Berlin ýatlamalary” goşgusy “Sebil-ür Reşad” gazetinde neşir edilýär. Stambula dolanyp gelenden soñra “Teşkilaty Mahsusa” tarapyndan Arabystana araplary Osmanly döwletine garşy küşgürýän iñlis propogandasyna garşy antipropoganda geçirmäge ugradylýar. Arabystanda Çanakgala ýeñşiniñ habaryny alyp, “Çanakkale dessany” eserini ýazýar.
Arabystandan soñra Liwanda iki aý bolan Mehmet Akif “Nejid çöllerinden Medinä çenli” goşgusynda bu başdan geçirmelerini beýan edýär.
1918-nji ýylda Liwanyñ “Dar-ül Hikmet-il Islamiýe” jemgyýetiniñ baş kätipligine bellenýär. Şol wagtlar Türkiýe basybalyjylar tarapyndan doly basylyp alynypdy we türk halky azat edijilik hereketini başladypdy. Bu herekete goşulmak islän Mehmet Akif Balykesire gelip, 06.02.1920-nji ýylda “Zagnos Paşa” metjidinde dabaraly hutba okaýar, birnäçe çykyşlary edip Stambula gelýär. Stambulda hökümet tarapyndan yzarlanan şahyr ogly Emini ýanyna alyp, şäherden çykýar.
24.04.1920-nji ýylda Mustafa Kemal Atatürkiñ çakylygy bilen Türkiýäniñ Ýokary Halk Mejlisiniñ açylan güniniñ ertesi Ankara barýar we Azat edijilik hereketine goşulýar. Ankara gelenden soñra Atatürkiñ teklibi bilen Burdur halk deputalygyna saýlanýar we 1920-23-nji ýyllarda Mejlisde bolýar. Mejlis çeşmelerinde ady “Burdur halk deputaty we yslam şahyry” diýip geçýär. Mehmet Akif “Sebil-ür Reşad” gazetini çykaryp goşunyñ we halkyñ arasyna giñden ýaýradýar. Bu gazet şeýle bir meşhurlyga eýe bolupdyr welin, Russiýa bu gazetiñ öz golastyndaky türki halklara täsiriniñ ýetmeginden gorkup, bu gazetiñ öz çäklerinde okalmagyny gadagan edipdir.
1921-nji ýylda Ankarada Täjeddin dergähinde ýerleşýär. Şahyr Mejlisdäki wezipesini dowam etdirýärdi. Şol wagtlar grek basybalyjylarynyñ Ankara tarap süýşmegi bilen mejlisi Kaýserä göçürmäge taýýarlyk görülýärdi. Munuñ agzalalyga getirmek ähtimallygynyñ bardygy we Ankarada galynmalydygy, Sakarýada täze goranyş punktuny gurmagyñ dogry boljakdygy barada aýdan şahyryñ teklibi oñlanylýar.
Şol bir wagtyñ özünde milli gimni ýazmak üçin 500 lira baýrak goýulyp gurnalan bäsleşikde şol wagta çenli bäsleşen şahyrlaryñ hiç birisiniñ hem goşgusy göwnejaý hasap edilmändi. Mehmet Akifiñ goşuna ýüzlenip ýazan “Istiklal Marşy” 17-nji fewral güni “Syraty Mustakym” we “Hākimiyet-i Milliye” gazetlerinde çap edildi.
Hamidulla Suphy Beg tarapyndan Mejlisde okalýar we 12.03.1921-nji ýylda sagat 17:45-de döwlet gimni hökmünde kabul edilýär. Şahyra baýrak diýip berilen 500 lirany ol aýallary we çagalary zähmete gönükdirýär we fronta egin-eşik taýýarlaýan “Dar-ül Mesai” fonduna bagyşlaýar.
1922-nji ýylda ol saglyk ýagdaýy sebäpli, halk deputatlygyndan öz islegi bilen el çekýär.
Ýakyn dosty we Trabzon halk deputaty Aly Şükri Begiñ Mustafa Kemal Atatürkiñ Gorag gwardiýasynyñ serkerdesi Topal Osman tarapyndan öldürilmegi netijesinde ol başga ýurda göçmek isleýär. Müsür Hidiwi Apbas Halym Paşanyñ çagyrmagy bilen ol Müsüre göçýär. Onuñ ýurtdan çykmagyna 1924-nji ýylda Halyflygyñ aýrylmagyny ýada “Şlýapa hakyndaky” Kanunyñ kabul edilmegini sebäp görkezýänler hem bar. Şahyr göçmezden öñ Gurhanyñ düşündirişli terjimesini taýýarlamak üçin Din işleri ministrligi bilen ylalaşyk baglaşýar.
1924-nji ýylda çykan “Safahat” atly uly göwrümli eseri şahyryñ iñ meşhur eseridir. Birnäçe ýyl tomusyna Stambulda, gyşyna Müsürde bolan şahyr 1926-njy ýylyñ gyşyndan soñra ýurduna dolanyp barmaýar we düýpli Kairde ýaşap başlaýar. Bu ýerde Gurhanyñ düşündirişiniñ üstünde işläp başlaýar, emma Türkiýede döwlet din programmasynyñ (türkçe azan, türkçe dogalar) amala aşyrylmagy eşidip, öz işleriniñ bu programmada ulanylmagyndan ätiýaç edip, 1932-nji ýylda işlemegini bes edýär. Din işleri ministligi bu işi Elmalyly Hamdy Efendä tabşyrýar. Şahyr öz golýazmasyny Ýozgatly Ihsan Efendä beripdir we ýurda dolanyp gelmese, golýazmanyñ ýakylmagyny isläpdir.
Mehmet Akif Müsürdekä Kairiñ “Jamiat-ül Misriýýe” uniwersitetinde türk dili we edebiýaty dersinden sapak beripdir. Sirroz bilen kesellän şahyr howasyny çalyşsa, gowulanaryn diýen umyt bilen ilki Liwana, soñra Antakýa gidýär 17.06.1936-njy ýylda Stambula dolanýar. 27.12.1936-njy ýylda Stambulyñ Beyogly diýen ýerinde aradan çykýar we “Edirne gapy” gonamçylygyna jaýlanýar.Jaýlanyşyna döwlet tarapyndan gatnaşanlar bolmasa-da, şahyry hormatlap talyplar köpçülikleýin gatnaşdylar. 1930-njy ýylda ýol gurluşygy sebäpli, gubury Edirnegapy şehitligine göçürilýär.
Şahyra 01.06.1936-njy ýyldan başlap 478 lira 20 teññe pensiýa bellenýär we oktýabr aýynda berilip başlanýar, ol jemi 2976 lira alan ekeni.

Döredijiligi:

Mehmet Akif goşgy ýazmaga “Baýtar mekdebinde” başlaýar. Ilkinji goşgusy “Gurhana ýüzlenme” (“Kuran’a Hitap”) atly goşgudyr. 1908-nji ýyldan başlap aruz formasyna hekaýalar ýazyp başlaýar. Hekaýalarynda halkyñ kynçylyklaryny suratandyrýar. Balkan uruşlaryndan soñra dessan äheñli goşgular ýazyp başlaýar. Bu görnüşde ýazan ilkinji şygry “Çanakkale dessanydyr”.
Ikinjisi dessan äheñli eseri bolsa, Bursanyñ basylyp alynan wagtynda ýazan “Bilbil” goşgusydyr.
Üçünji beýik eseri bolsa, Azat edijilik hereketini beýan eden “Garaşsyzlyk Gimnidir” (“Istiklal Marşy”).
“Sungat- sungat üçindir” diýen ideýa garşy çykan Mehmet Akif dini garaýyşlar siñdirilen eserleri döretmäge ýykgyn edipdir. Edebiýat dili hökmünde “Milli Edebiýat” akymyna garşy gidipdir we edebiýatda ýewropalaşma meselesinde Tewfik Fikret bilen pikirleri deñ gelmändir.

Eserleri:

Mehmet Akifiñ eserleri “Safahat” atly kitapda jemlenipdir. Bu şahyryñ goşgulary jemlenen 8 tomlyk eserdir. “Garaşsyzlyk Gimni” bu köp tomlukda ýerleşdirilmändir. Sebäbini bolsa, şahyryñ özi şeýle düşündiripdir:

“Çünki men ony milletimiñ kalbyna ýerleşdirdim”.

Şahyryñ ýogalan ýylynyñ 75-nji we “Garaşsyzlyk Gimniniñ” kabul edilen wagtynyñ 90-njy ýyly bolandygy sebäpli, Türkiýäniñ Premýer Ministrligi tarapyndan 2011-nji ýyl “Mehmet Akif Ersoý ýyly” diýilip yglan edildi.
0 лайков 81 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.