Ilkinji habar beriş agentligi-“Reýter”
14-nji oktýabr dünýäde iň iri habarlar agentlikleriniň biri hasaplanýan “Reýter” agentliginiň işe başlan güni.
Habarlar agentligi maglumatlary ýygnamak, seljermek we gaýtadan işlemek ýaly hyzmatlaryň giň köpçüligini öz içine alýar. Habarlar agentligi diňe bir maglumatlary jemlemek bilen çäklenmän eýsem-de KHBS-ni gyzgyn maglumatlar bilen üpjün edip hem durýarlar. Häzirki wagtda şeýle agentlileriň biri-de “Reýter” habarlar agentligi bolup durýar. 1851-nji ýylyň oktýabr aýynda Londonda esaslandyrylan “Reuters” dünýäniň iň bitarap habarlar agentligi hökmünde görülýär. Ýer şarynyň 200 nokadynda ofisi bolan agentligiň häzirki wagtda ABŞ-nyň “Bloomberg News”, “Associated Press”, Fransiýanyň AFP, esasan surat we wideo paýlaýjysy bolup çykyş edýän “Getty Images” ýaly habarlar agentlikleri esasy bäsdeşleri hasaplanýar.
“Reýter” habarlar gullugynyň esaslandyryjysy- Pol Julius Reuter 1816-njy ýylda Germaniýanyň Merkezi Kassel şäherinde dünýä inýär. 1848-nji ýylda Reýter Parižde birnäçe nemes gazetiniň habarçysy bolup işledi. 1851-nji ýylda Beýik Britanyýanyň paýtagty Londona göçüp gelen Reýter söwda maksatly telegrammalary iberýän telegraf ofisini açdy. Soňra Ýewropadaky käbir gazetler üçin syýasy habarlaryň elýeterli bolmagy bilen meşgullandy. 1858-nji ýyldan bäri “Reýter” habarlar gullugy Londondaky esasy gazetleriň, şol sanda “Taýms ” gazetine esasy habar beriji boldy. “Reýter” habarlar gullugynyň abraýynyň artmagyna we meşhurlyk gazanmaklygyna, maglumatlaryň ygtybarlylygy we netijeliligi sebäp boldy. “Reýter” agentligi taryhyň gidişine täsir eden köp wakalar barada habar beren ilkinji habar gullugy boldy:
1865-nji ýylda “Reýter” habar gullugy ABŞ-nyň Prezidenti Linkolnyň janyna kast edilendigi baradaky habary Ýewropa ilkinji gezek geldi.
1918-nji ýylda “Reýter” habar gullugy Birinji Jahan Urşunyň gutaranlygy baradaky maglumaty hat-da Beýik Britaniýanyň habarlar gullugyndan hem öň dünýäniň käbir sebitlerinde peýda boldy.
1961-nji ýylda “Reýter” ilkinji bolup Berlin diwarynyň galdyrylýanlygy barada habar beren bolsa, 1989-njy ýylda bolsa şol diwaryň ýykylandygy baradaky habary halka ýetirdi.
Häzirki wagtda bu agentligiň düzüminde 2300 žurnalist, fotožurnalist we wideo-operatorlar işleýär. “Reýter” agentligi diňe bir maglumat bilen däl-de, eýsem maliýe bazaryna gatnaşyjylar üçin maliýe maglumatlary bermek bilen meşgullanýar. 2008-nji ýylda bu agentlik “Thomsan Corparation” tarapyndan satyn alyndy we “ Thomsan Reuters” diýip atlandyryldy.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.