Çaý bashynda...

Salam gyzlar geliñ shu mowzukda her kim bilyan reseptini yazmaly: nahar, salat, tort, shirinlik...tapawudy yok :)
1 лайков 220 просмотров
29комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ýury
05 ноя 2021, 17:50
Ýylanny çorba (суп змей)
nm işiň bar
05 ноя 2021, 17:52
geçip barýaka sowlan,
geliň gyzlar diýip dura mowzukda sen gyzmy hihaihaihaihahahahaa
Ýury
05 ноя 2021, 17:52
Möjek etinden kakmaç
(Жарённые волкл)
Ýury
05 ноя 2021, 17:54
Görmändirin....
Sorry senagül....

Sena öñ sazanda gyz üçin göwniñe degipdim....
Şoñ üçin ötünç soraýan.....
aglaya
Biohimik
05 ноя 2021, 19:16
geçip barýaka sowlan,
Icip gordum su corbany 2gunlap otyaly bolup gezdim 5 6 klasda
Biohimik
05 ноя 2021, 19:17
Ressept aytmanda bisirip saytdaslara iydirinda howw
#динара.
05 ноя 2021, 19:44
Biohimik.,
gelda oww
Hanguly
05 ноя 2021, 20:57
Meniň üçin birhili gerekmejek mowzuk
senagul
Автор 05 ноя 2021, 21:20
зла,zyyany yok yazybermeli..
senagul
Автор 05 ноя 2021, 21:23
gecip baryaka sowlan, ok gecen zat gecdi kimin kimligi bilinya sabyr etsen..
senagul
Автор 05 ноя 2021, 21:30
Wlad, siz ucin peydaly mowzuk nahili bolmaly?
Ýury
05 ноя 2021, 21:38
Aý göziñ kör bolsa görip bolanok ekendä...
Menden ulymykañyz diýän....Senagul,
Hanguly
05 ноя 2021, 21:43
Senagul,
Men zyýanly mowzuk diýmedim, gerekmejek mowzuk diýdim. Tapawudy ýok ýöne gyzyklanyljak zat däl
Aýnur
05 ноя 2021, 21:44
Ýeňiljek salat. Agşamlyk naharlar bilen örgän gowy bolýar.

Içindäkiler — Badamjanly salat taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
2-3 sany badamjan
1-2 sany uly pomidor
2-3 sany kartoşka
islege görä ukrop-petruşka
duz we burç
ýag
Taýynlanyşy / bişirilişi
Badamjanlaryň gabygyny aýyryp, hersini 4 bölege bölüp, duzly suwuň içine 15-20 minut ýaly ajysy gitýänçä goýmaly.
Ol bolýança pomidory kiçijik-kiçijik bölejiklere bölmeli.Kartoşgany hem gabygyny aýyryp kiçijek-kiçijek bölejiklere bölmeli. Soňra badamjany suwdan çykaryp daşyny ýuwup ony hem kiçijek-kiçijek bölejiklere bölmeli.
Gazyň aşagyny orta otda ýakmaly, bişirjek sajymyzy alyp ýagymyzy guýmaly. Ýag gyzýança garaşmaly. Badamjany, kartoşgany we pomidory hersini aýra-aýra edip bişirmeli.
Baryny bir gaba alyp islege görä duz, burç atmaly.Onuň üstüne ukrop-petruşka dogramaly we garmaly.
Işdäňiz açyk bolsun!
Aýnur
05 ноя 2021, 21:45
Içindäkiler — Çopan salat taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
2 hyýar
2 pomidor
1 sogan
1 bolgar burç
5 çemçe gaýmak
Duz
Taýynlanyşy / bişirilişi
Hyýar we pomidory ownuk kwadrat dogramaly
Sogan we bolgar burçy inçejik edip dogramaly
Hemmesini garyp duz goşmaly.
Gaýmak goşmak islege görä, hökmany däl. Işdäňiz açyk bolsyn.
nm işiň bar
05 ноя 2021, 21:47
Mona Songz,
aragyň ýanynda bet bolýaraý
Aýnur
05 ноя 2021, 21:48
Sosiskaly pizza taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
3 stakan un
Ýarym paket hamyr maýa
50 ml zeýtun ýag ýa-da ösümlik ýag
Duz
Suw
Sousy üçin:
1 çemçe tamat
1 pomidor
2 diş sarymsak
zeýtun ýag
duz we gara burç
Üsti üçin:
Bolgar burç
1 pomidor
2-3 sosiska
Peýnir
Mekge, gara zeýtun konserwa
Taýynlanyşy / bişirilişi
Uny bir gaba alyp duzlamaly, ortasyny açmaly we hamyrmaýany goýmaly, hamyrmaýanyň üstüne zeýtin ýagyny guýmaly we azajyk ýyly suw guýup maýany elimiz bilen eretmeli. Hamyry garmaly we ýumşak hamyr etmeli. Hamyry maýalanar ýaly aýyryp goýmaly.
Sousy üçin pomidoryň gabygyny aýyryp kombaýna (blender) goýmaly, içine sarymsak, tomat we zeýtinýagyny goýup işletmeli. Duz we gara buç goşmaly.
Üstüne goýmaly bolgar burç, sogan, gara zeýtun, sosiskany inçe dogramaly. Peýniri syhahdan geçirmeli.
Hamyry apelsin ululygynda bölup inçe edip ýaýmaly, ýelmeşmez ýaly üstüne un sepmeli. Duhowkanyň protfinine ýagly kagyz ýazyp üstune goýmaly. Üstüne sousy tekiz edip ýaýratmaly. Peýniri deň edip sepmeli we üstüne goýjak zatlarymyzy ýeke ýekeden owadanlap goýmaly.
240 dereje gyzdyrylan duhowkada hamyr gyzarýança bişirmeli.
Aýnur
05 ноя 2021, 21:49
Цитата: зла
Mona Songz,
aragyň ýanynda bet bolýaraý

Bas onda
sapaly
05 ноя 2021, 21:49
Mona Songz,
senä aýal edip alar ýalak booldaý
Aýnur
05 ноя 2021, 21:49
Makaronly Towuk salat taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
1 paket makaron
500 gram towuk döşi
1 mekge konserwa
1 goroh konserwa
10 sany kiçi duzlanan hyýar
6 çemçe maýonez
6 çemçe gaýmak
Duz
Suw
Suýuk ýag
Ukrop, petruşka, gyzyl burç
Taýynlanyşy / bişirilişi
Makarony 1-2- damja ýag goşup gaýnadyň.
Towugy hem aýry gaplarda gaýnadyň
Makarony sowsyz edip süzüp alyň.
Üstüne duzlanan hyýarlary koçi dograň, goroh, mekge, maýonez, gaýmak we didilen towyk döşini goşup garyň.
Serwis tabaklaryna goýup üstüne ownuk dogralan gök otlar bilen ýa-da gyzyl burç bilen bezäň. Işdäňiz açyk bolsyn!
sapaly
05 ноя 2021, 21:50
Mona Songz,
towuk döşimi ýada göşmi?
Aýnur
05 ноя 2021, 21:52
SAPALY_BEGENJOW,
döşi
Aýnur
05 ноя 2021, 21:52
Цитата: SAPALY_BEGENJOW
Mona Songz,
senä aýal edip alar ýalak booldaý

Yok how name diyyanay bilenlerimi goydum biderek liçny gurleme
nm işiň bar
05 ноя 2021, 21:53
Mona Songz,
hemme gyzam muň ýaly zatlar bilenoklaý
Aýnur
05 ноя 2021, 22:05
зла,
Zyyany yok owrenerler.Menm uytgesik dal
senagul
Автор 05 ноя 2021, 23:25
Gecip baryaka sowlan, 2000 siz?
senagul
Автор 05 ноя 2021, 23:29
Wlad, onda gerekleniljek mowzuk okayyn bari gelman
senagul
Автор 05 ноя 2021, 23:33
Mona Songz, sagbol gúlúm (adyñam bilemok)
Aýnur
06 ноя 2021, 07:04
Senagul,
Aynur adym