PUL siz üçin näme?

Şu gün siz bilen kiçiräk özara pikir alyşmakçy. Esasy mowzuk "Pul siz üçin näme? Pul siz üçin nädereje möhüm?"...

Özüm-ä pul diýilse birinji bilen bazar, biznes göz öňüme gelýär. Hemme şertleri açyp berýän serişde, gazanç we.ş.m 
Dogrusyny aýtsam, halal ýol bilen tapylan pul meň şahsy durmuşymda 95% ähmiýete eýe.
Ýöne ynsan gadyryny pul bilen ölçämok.

Pikir edip görseň, pul kimler üçin hemme zat, ýene kimler üçin adaty reňkli kagyz (ýagny eliniň kiri(miş).
Umuman, puly erbet görýän adam ýok bolsa gerek. Özüne çekijiligi öte güýçli))

Filologlaň pikiriçe, pul - bu ýürek damarlarynyň biridir diýen düşünje bar. Adam organiziminde ýeketäk ýürek öz öňki durkuny dikläp bilmeýän häsiýete eýe. Ganymyzy filtirläp duran organ deýin pul hem gadyrly diýýäler.

Şu ýerde bir sorag ýüze çykýar. Pul ynsan durmuşynda şeýle zerur närse bolsa, PUL adama BAGT berip bilýärmikä? Pul bilen bagt satyn alyp bolýarmyka?


Indi siz dowam ediň....
7 лайков 633 просмотров
63комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mähri
17 июн 2022, 14:40
şoşo,
dogry sagbolun
Maksat
17 июн 2022, 14:47
Dark_Wolf
Granger
Elbetde möhüm. Puluň bolsa hemme zadam satyn alyp bolýa.


"Pul hemme zady çözýär diýen adam, pul üçin hemme zadam eder" diýen G.B-ly bir filosofyň sözemä bolmaly.

Filosoflaram diňleýäňizmi siz? (Pul hemme zady çözýär)
Mona Lisa
17 июн 2022, 14:51
Bu ýerde bir sorag ýüze çykýar. Pul ynsan durmuşynda şeýle zerur närse bolsa, PUL adama BAGT berip bilýärmikä? Pul bilen bagt satyn alyp bolýarmyka?

Bolýar. Saglygyňam belli bir bölegini pul bilen diklese bolar waglaýynç bolsada. Köp maşgalalar pul zerarly aýra düşýärler
Mona Lisa
17 июн 2022, 14:53
kwadrat kelle
Адам дийлен зат мадды жисимден ясалан нарсе болансон онун акыл хушыда мадды барлыга чаксиз ислег билдирйар. Бейлеки жандарлардан тапавуды адамын акылы мадды байлыга шейле бир берилипдир велин,шо барлыгын олчеги пул бн кесгитленипдир.( жемгиет камил болдугыча, он эсасан гыммат бахалы дашлар бн олченипдир...сон кагыз пула чалшыпдыр) Инди бизин яшаян адамзат жемгиетимиз учин пул ислесек ислемесек яшайыш дурмуш олчегини горкезйан эсасы серишда оврулди..Акылын бармы ? Бар... А пулын бармы?Ек... Онда сен бу жемгиетде манысыз адам. Адамлар биманы яшамазлык учинем гор намелер этмейар? Ола дашары юрт экен... пул учин жахеннеме гитманеде тайын адамлар. Адамлары бу ягдай учин айыпламак менин пикиримче акылсызлык боларды.. Чунки пулын эсасы везипеси чекилен захметин бахасы болмалы. Чекилен захмете адалатлы баханын ек еринденем ырсгал берекет готерилйар... Адам дунйа иненден та ахыр омруне ченли гымылды - херекетини оз акыл онумине гора яшап гечирмели боляр.. ол онуме Пул дийилйар.

brawo Gaty gowy, jaýdar aýdylan sözler. Belläp alanyňa degýär)
Şagyzy Şazada
17 июн 2022, 15:01
Dark_Wolf
Akylly ynsan Bagtsyzlykdan hem öz bagtyny tapyp bilýär.

dogry aýtýaň
Şagyzy Şazada
17 июн 2022, 15:10
Pul meň üçin diňe iýmek içmek jaý maşyn almak mashynly öýümi köşk ýaly etmek iň esasam özüme seretmek geýinmek gezmek we öz özümi dolandyrmak pul bn saglyk bagt alyp bolar ýöne wagtlaýynça meň öz şahsy pikirim
Resul
17 июн 2022, 15:12
pul diyilyan kagyz bölejigini aslynda adam gymmatly edýär. Eger adamlar şol kagyz bölejigine dälde ýerdäki daşlara pul diýen bolsadylar, onda yerde daş galmazdy.
#B.S
17 июн 2022, 15:26
Pul meniň üçin durmuşda möhüm bolan zatlary edinmegim üçin gerek bolan bir zat pully
Suleyman
Автор 17 июн 2022, 16:09
Pul - bu taýsyz güýç. Dünýädäki iň uly dolanşyk. Diňe we diňe biziň akylymyz bilen elbetde. Eger akylyňyz bolmasa, pul - bu çilim we piwo bilen çalşyp bolýan kagyzdan başga hiç zat diýmek.
Mona Lisa
17 июн 2022, 16:28
Deň-duşlaryň näme diýýär? Pul. Pul. Ýaşlar puly sowmak, tygşytly sowmak hakda, şeýle-de ony durmuşda birinji orunda goýmaly däldigi bararda gürrüň berýär. Meňzeş temalar. Iş we pul. Parahatlyk we bagt.
Mona Lisa
17 июн 2022, 16:33
Pul häzirki döwürde her kimiň maddy, sosial we medeni gyzyklanmalaryny öz içine alýan önümdir. Pul adamlar, halklar we ýurtlaryň arasynda ykdysady we medeni gatnaşyklary amala aşyrýar. Pul arkaly amala aşyrylýan alyş-çalyş haryt dolanyşygy diýilýär. Altyn dolanyşyk Birinji Jahan Urşundan öň bardy. Hakyky puluň ornuny tutýanlar: metal berlikler, ýalpyldawuk altyn teňňeler, arzan metaldan ýasalan ownuk teňňeler.
Kagyz gymmat bahaly zatlar (banknotlar) adatça kagyzdan ýasalýar. Kagyz bilen karz pulunyň arasynda tapawut bar.
Pul iki görnüşde bolup biler:
1. Nagt
2. Nagt däl
Suleyman
Автор 17 июн 2022, 16:34
Pul tiz gelip, tiz gidýän zat. Akyl puly tapar, emma pul akyly tapmaz. Jübüňizde million dollar pul göterip ýörseňiz, kelläňiz öz-özünden "aduşi" işlemeýärä?!

Pul psihiki keselleri hem başyňa salýa. Köp mukdardaky puly birinji sapar görýän adam, öz-özi was-wasy bolup, pul hatda janyndan hem şirin görünip başlaýar.
Suleyman
Автор 17 июн 2022, 16:39
Ýanymda pul bolsada şol günim geçýär, pul bolmasada şol günim geçýär. Dogry, ýöne ýaşaýyş üçin gerek zat elbetde....
Massimus
17 июн 2022, 19:13
Meň üçinä pul, diňe, pula mätäç bolmazlygym üçin gerekli zat. Pul bilen bagtly bolup bolýarmy? Ýok, pul bil diňe pully bolup bolýar. Bagty satyn alyp bolanok, eger ony satyn alan bar bolsa, onda ol bagt däldir, ol pula satyn alnan önümdir. Durmuşda şeýle bagtly ynsanlara duşdum, puly ýok, ýöne bagtly, öýi garyp kepbe, ýöne kalby baý. Durmuş hysyrdylaryndan halys ýadan wagtym, şol bagtly ynsanyň öýüne barýan, ol ýerden gaýdasyň gelenok, ol ýerde bagt, wepalylyk, agzybirlik, ynam, umyt, şatlyk, gülki, mertlik, dogruçyllyk, garaz pula satyn alyp bolmaýan zatlaryň hemmesi bar...
Mähri
17 июн 2022, 19:24
Massimus,
Dogryy:)
Aksary
17 июн 2022, 19:29
Massimus,
Ömrüñ bolsun gardaşym
Massimus
17 июн 2022, 19:51
Mähri,
Aksary
sag boluň
Suleyman
Автор 17 июн 2022, 19:53
Bagt, abraý, saglyk, asudalyk - biziň iň ezizlemeli zatlarymyz we deregine hiç bir zady berip satyn alyp bolmaýan baýlygymyz...
Margarita
17 июн 2022, 20:17
Massimus, Dark_Wolf, dogry aýdýaňyz, goldaýan.
Aýmyrat
17 июн 2022, 20:30
Akyllada pul gerek akmagada pul gerek huwwa huw
Soho
17 июн 2022, 21:14
Biri diydi "pulun guly bolmagyn", biri diydi "pulun bilen beyik sen"
Kerbaba
17 июн 2022, 21:29
-Адамзада худай шуны берди уланып билсе дийип Муса пыгаммер элини манлайына гойды.(акыл-пайхас)-Адамзада худай шуны берди башарып билсе дийип Иса пыгаммер элини йурегинин устунде гойды.(сойги,дуйгы).Адамзат ол берлен затлары ине шу ерде саклар дийип Карл Маркс жубисини човурди....
S❤
17 июн 2022, 22:05
Pul-der dokulipgazanylyan iki sagadyn icindede yeniljek elden gidirilyan zat
S❤
17 июн 2022, 22:05
Men ucin
S❤
17 июн 2022, 22:07
Pul bilen wagty alyp bolmayar, yone suwagt elimdw pul bolsa bagty alyp biljegim bilyan (sugunler pula matac, so bolsa men bagtly).yone saglyk asudalyk alyp bolmaz. Yasama abray alyp bolar elinde kop pulun bar bolsa
Men pikirim
Hiayress
17 июн 2022, 23:13
Pul - hemme adamlar tarapyndan tassyklanýan alyş-berişiň hyýaly birligi. Bagt - subýektiw düşünje. Her kimde her hili. Ýöne "Pul bilen bagtly bolup bolarmy?!" diýelen soraga 100/99 bolar diýip jogap berjek. 100/1 kada-dan çykma bolup biler.
Öwreniji
18 июн 2022, 00:37
Satyn alyp boljak zatlaryň ählisinde pul zerur, mysal üçin, özüm bagtly hasap edýän kiçijek oglumyň islän zady ny alyp bersem, şatlanýar şeýle ýagdaý döredip biljek bolsa pul zerur, özümi alada etmeli bolsa maňa pul zeruçylygy ýok, puly gowy görýän barmy? bu soraga okuwçy wagtym jogap berdim ýok, diýip onda diýdiler, hawa diýseňem bolýaň, men häzirem şol pikirde, puly gazanyp bolýa, saglygy gazanyp bolanok, pul bn gorap bolar, wagty satyn alyp bolmaz ýöne tygşytlamaga kömegi ýeter.... garaz köp mätäçligi aýyrýar, pul ýaşamak üçin zerur zat
Öwreniji
18 июн 2022, 00:38
* Diýdiler diýen sözüň öňznde s.amsyk bolmaly
Hiayress
18 июн 2022, 00:43
Remezan,
Elbetde ankologiýa keseline duçar bolsaň häzirki wagtda puluň känbir peýdasy bolmaz, ýöne ýene-de beýleki şol keseller bilen kesellän adamlardan özüňize ibaly seretdirmäne, ady belli klinikanyň ady belli wrajyndan liçenýa almana peýda eder. Ýada janyňyz sag wagty, ýygy-ýygydan jan-saglygyňyza gözegçilik etmäne, iň gowy doktorlar maslahat alyşmana, jan-saglygyňyza peýdaly iýmitler iýmäne, maşklar bilen meşgul bolmana, jan-saglygyň esasy ganym duşmany bolan stresi ýeňip geçmäne pul peýda eder. :))
Öwreniji
18 июн 2022, 00:50
Saglygyň gidirseň, pul mätäçligi ýok diňe öz derdiňi özüň çekýäň, şonda pul gerekmi diýilse saglyk diýip jogap berýäň, sag wagtyň pul diýýäň.