Hormat
Hormat, islendik adama ýa-da gurama zyýan berjek we gaharlandyrjak hereketlerden saklanmagy aňladýar. Hormat diňe bir adamlara däl, eýsem haýwanlara, ösümliklere, tebigata-da görkezilmeli duýgydyr.Hormat söýginiň alamatydyr. Söýgi bar ýerinde hormat hem bar. Bir adamy, haýwany, ösümligi ýa-da başga bir jandary hakykatdanam söýýän bolsak, olara zyýan berjek hereketler bilen meşgullanmarys, başgaça aýdylanda hormatsyzlyk etmeris. Hormat bar ýerinde düşünmek we çydamlylyk hem bar. Jemgyýetde hormat goýýan adamlar hemmelerden söýgi we hormat alýarlar; sebäbi hormat derrew özara jogap berýän duýgydyr. Ömrümiziň dowamynda hormat ýörelgesini kabul etmelidiris we ähli ýaşulularymyza, esasanam ene-atalarymyza, haýwanlaryň we ösümlikleriň ýaşamak hukugyna we adamlaryň şahsy ynançlaryna we pikirlerine hormat goýmalydyrys.Hormat gutarýan ýerinde gahar we başagaýlyk başlaýar. Adamlar biynjalyk bolýarlar. Parahatçylyk, söýgi we bagtdan doly dünýä üçin hormat goýmagy bes etmeli däldiris, ýerdäki ähli janly-jandarlar hakda alada etmelidiris we olaryň barlygyny kabul edip hormatlamalydyrys.Bilşimiz ýaly, söýgi içden gelýän duýgydyr. Başga bir söz bilen aýdanymyzda, kimdir birini zor bilen söýüp bilmeris ýa-da ýüregimizden gelmese özümiz söýüp bilmeris. Şeýle-de bolsa, hormat beýle däl. Hormat hökmanydyr. Hatda halamaýan adama hormat goýmaly bolmagyňyz mümkin ýa-da sizi söýmeýän biri size hormat goýmaly bolor.Hormat, belli bir derejede şahsyýetimiziň görkezijisidir. Şahsyýeti bolan adam haýsydyr bir janly-jandara hormatsyzlyk etmeÿär. Edil şonuň ýaly-da, bir adam beýleki adamlara, haýwanlara we tebigata hormat goýýan bolsa, bu onuň gowy adamdygyny görkezýär.
28комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.