Aýlaryň häsiýetleri

Ýanwar Aýy
Bu gyş aýynda doglan adamlar aňynyň güýçlüligi we stresli ýagdaýlara garşy durup bilýänligi bilen tapawutlanýarlar.Olar güýçlüdirler we ýüze çykýan islendik päsgelçilikleri ýeňip geçip bilerler,Bu adamlar elmydama dik başly ýöreýärler.Töweregini hemişe özleri ýaly lider häsiýetli adamlar bilen doldurmak isleýärler.Mundan başgada ýanwar aýynda doglanlar iş tertibine eýerýän we hemişe takyk işleýan iň oňat işgärlerdir.
Fewral aýy
Bu aýda doglanlar aýratyn özüne çekijiligi bolan romantiklerdir.Olaryň bu häsiýetiniň öňünde durmak mümkin däl.Tebigaty boýunça fewralda doglanlar egoistdir.Olarda keýpiniň tiz-tizden üýtgemegini görmek bolýar.Käte bu adamlaryň etsem-petsemlerini çaklamak kyn.Şol sebäpli-de,olar köplenç şahsy gatnaşyklarda kynçylyk çekip bilerler.Olaryň kellesi mydama pikirden doly, ýöne olary durmuşa geçirmekde kynçylyk çekýärler.Aýratyn tarapy bularyň döredijilikde deňi taýy yok.
Mart aýy
Mart aýynda doglanlar näzikligi we hoşgöwünliligi bilen tapawutlanýarlar.Tankytlary adaty tertipde kabul edip bilýän adamlardan däl.Bu adamlar gaty duýgur we ýaýdanjaň bolsalar-da,işden ýüz öwürmeýärler.Şeýdibem,köplenç üstünlik gazanýarlar.Bu aýda doglanlaryň esasy şygary:Ruhdan düşmezlik!Olar nädip özüňi ele almalydygyny we meseläni soňuna çykarmalydygyny bilýärler.Mart aýynda doglanlaryň arasynda kähalatda ile goşulmaýan,garasöýmez adamlar hem duş gelýär.
Aprel aýy
Aprelda doglan adamlaryň esasy häsiýeti batyrlyk,tutanýerlilik,özüne we güýçli taraplaryna bolan ynamdyr.Olar özüniň isleýän zadyny almak ugrunda elinden gelýän ähli zady orta goýmaga taýyndyr.Bular wezipe basgançagynda ýokary galmak üçin örän kyn ýollardan bolsa-da geçmäge taýyn,ýolbaşçy häsiýetli şahslardyr.Oýlanyp,ondan soň herekete geçmek düzgüni aprelde doglanlar üçin tersine işleýär.
Maý aýy
Maýda doglanlaryň tebigaty görlüp-eşdilmedik derejede erjellki bilen ýugrulandyr.Olar öz orunlaryndan süýşmäge öwrenişmedikdir.Sebäbi olar üçin agalyk birinji ýerde durýar.Emma bu olar bilen ylalşmagyň mümkin däldigini aňlatmaýar.Elmydama ýörelgelerine wepalydyrlar.Şol bir wagtyň olara bil baglap bilersiňiz.Mundan başgada maý aýynda doglanlar ygtybarly dostlar we ýoldaşlardyr.Utanjaňlygyna garamazdan olaryň durmuşy täze başdan geçirmelere baý bolýar.
Iýun aýy
Iýunlylar ynjyk häsiýetlidirler.Olarda ýygy-ýygydan keýpiniň üýtgemesini görmek bolýar.Bu adamlar özlerinde köpsanly kemçilik bardyr öýtýäler.Ýöne,olaryň zehinini aýratyn bellemeli.Olar ýalňyzlyga çydamly däl,şonuň üçin olara jemgyýetde bolmak möhümdir.Bu adamlaryň liderlik häsiýetleri ýokary derejede ösendir.Iýun aýynda doglanlar geljegi pikir edip ýaşaýarlar.Şonuň üçin ýuwaş-ýuwaşdan bolsa-da hökman maksadyna tarap hereket edýärler.
5 лайков 1 108 просмотров
96комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
22 апр 2022, 23:27
Ýüzlük turba,
Bor agam :))
Гость
22 апр 2022, 23:29
Ýüzlük turba,
Indi gorkuzmasana meni beýdip. Özüňe göwnüň ýetýän eken aga seň,gaty bet ekeniň. Men ýaly çagalary beýdip gorkuzma, sen ýaly bet agalara gelişýän hereket däl bi )
Ýüzlük turba
22 апр 2022, 23:37
Гость,
Sen oyun yadyna dushya.Asyl bu ynanyan zadynyz seryozna meseledi.seryozna garalmaly meselä biperway garayanyzda ehh bordaaa nam diyeyin
Гость
22 апр 2022, 23:52
Ýüzlük turba,
Aýý agam,saňa-da düşüner ýaly bolmady-da. Çagadan garaşýan zadyň näm'aý seň?!Çaga başyma nädip bular ýaly serýozny meselä perwaýly garaýyn men?! Ulalamsoň menem sen ýaly perwaý ederin bular ýaly serýozny tema açsalar )
Ýüzlük turba
23 апр 2022, 00:00
Гость,
Gyshyk gurrunler gerek daldi. Taleynama barada obanyzyn ymamyndan sorap gor. Men shona ynanyan dogry etyanmi diyde baryp gor. Bira tefsir getirer sho barada aydyp berer kor gozuni acar. Shondada ynanmagny dowam etdirjegni aytsan sheydip kowup goyberer urya
Гость
23 апр 2022, 00:02
Ýüzlük turba,
Onda barmaýynmy ymamyň ýanyna?!
Ýüzlük turba
23 апр 2022, 00:04
Kurandan tefsir getirip beray diyip hayys etsen tefsir getirip berer. Siz oz yanynyzdan dogry zatdyr oydup ynanyp shona gora hereket edip yorsunuz. Shirkiň sebapkari bi goroskop diylen bela
Ýüzlük turba
23 апр 2022, 00:05
Гость,
Metjidin ymamynyn yanyna bar hokman. Belki dogry yola gonukdursuna herna ?
Гость
23 апр 2022, 00:06
Ýüzlük turba,
Diňle, bu temada gelejek barada aýdylanok wasýok. Diňe häsiýetler barada aýdýa. Häsiýet barada ýazmak haçandan bäri şirk bolýa?!
Гость
23 апр 2022, 00:08
Ýüzlük turba,
Kowjak bolsa barmaýynlaý
Ýüzlük turba
23 апр 2022, 00:11
Гость,
Diňle taleynaman hemme sany hasiyet barada nygtanok kop sanlarynda gelejege hem degip gecyan yerleri ba. Dine hasiyet aytyany besplatny wariandy ol. Geljek baradaky mesela gelsek olar eyyam platny warianda gecip gitya. Yorite saytlary ba men tanayanlamdan goshulanlar ba eken welin hasiyet barada mugt a gelejege degip gecyan meseleler barada pully eken. Diyjek bolyanym shonam duzyan senyaly menyaly adam. Onan naderejede dogryka birinin duzen zadyna ynanmak. Yer yuzunde 660mln adamyn hasiyeti menzesdir diyip pikir etyanmi? 110 sany turkmenistan diymek 660mln adam diymek. Oturup dini tarapdan we logicno pikir edip gor hany...
Ýüzlük turba
23 апр 2022, 00:13
Гость,
Sypayy ymam bolsa kowmaz, yone sen ayak depip dursaň temmijigňi berer :)
Гость
23 апр 2022, 00:17
Ýüzlük turba,
Bu temaň täleýnama bilen nähili baglanşygy bar. Täleýnama-bu uže başga tema. Şu täleýnamaly gürrüňi nirden getirdiň sen dowon?!
Ýüzlük turba
23 апр 2022, 00:22
Гость,
Bu blogam taleynamadan tapawut edenok. Dine öwüp yazypdyrlar boş umyt berya adamlara diňe. Öwmän negatiw yazylan bolsa hickim okamazdy. Namcun gowy tarapdan yazyalar bilyaňmi sebabi erbet zat yazsalar OKYJY bolanok kliyent bolanok. Biderek ozunuzi bosh hyyallandyrmalara aldadyp yormaňda gorsenem ullakan adamsynyz. Nace mln adamyň hasiyeti menzes gelmeza how daže ekiz gonsym ba hasiyetler yer bn ay yaly yogsa 2sem bir ayda bir gunde doglan. Beyniniz bnem pikirlenip gorayiňda' 1 gezejigem bolsa
Гость
23 апр 2022, 00:25
Ýüzlük turba,
Ýok ýaňyşdyň. Uly adam däl men,çaga entek
Bentner
23 апр 2022, 00:28
Гость
Ýüzlük turba,
Ýok ýaňyşdyň. Uly adam däl men,çaga entek

Temadan dashlashma
Jogap ber
Bentner
23 апр 2022, 00:29
Ýüzlük turba,
Kelle agyrtmasana how ynanjak barybir ynanar :)
Гость
23 апр 2022, 00:29
Bendtner,
Nämesine jogap bermeli oň? Jogap berer ýaly sorag göremok men o ýerde
Bentner
23 апр 2022, 00:30
Гость,
Bratok nacinji yylay sen vobshe to?
Diskussiya syn edip otyryn gyrada otyryp
popkorn
Bentner
23 апр 2022, 00:31
Гость,
Dogry aydypdyr metjidiň ymamyndan sorap gor bu barada
Гость
23 апр 2022, 00:31
Bendtner,
Çaga entek men,ýazyşymdan bildirýändirä
Ýüzlük turba
23 апр 2022, 00:32
Гость,
Sorasaň jogabyny ayt maňa soň
Bentner
23 апр 2022, 00:35
Ýüzlük turba,
Как говорят "В какой народ придешь, таку и шапку наденешь"
Сенем шу талейнамачылара горарак болубер а то олдирлер сени :)
Гость
23 апр 2022, 00:35
Bendtner,
Bolýa sorap görerin, bu günä giç boldy ertir sorasam bolýamy?!
Bentner
23 апр 2022, 00:36
Гость
Bendtner,
Çaga entek men,ýazyşymdan bildirýändirä

Видно :)
Гость
23 апр 2022, 00:36
Ýüzlük turba,
Bor agam aýdaryn. Ýöne birhili gorkýanam menä saňa gürlemäne
Bentner
23 апр 2022, 00:36
Гость
Bendtner,
Bolýa sorap görerin, bu günä giç boldy ertir sorasam bolýamy?!

Мен сора дийемога оны :)
Bentner
23 апр 2022, 00:42
Хааа йокарда дийипдирин экенима :)
Сана бир ссылка угратджакдым вн шумат впн ишлеман дурГость,
Ýüzlük turba
23 апр 2022, 00:43
Гость,
Sorasan jogabyny ayt yadyndan cykarman
Гость
23 апр 2022, 00:46
Bendtner,
Nämäň ssylkasyka ol?! Maňa multik alyp bolýan saýtlaň ssylkasyny ugrat,şondan galanyna düşünmeýän men,düşünjäm pes