Seni beyle soyendirin oytmandim...

Seni beýle söýendirin öýtmändim

Eýeläpsiň meniň bütin dünýämi.
Sen gideňsoň şol owadan dünýäniň,
Ne hala düşenin sen bir bilýäňmi?

Öň söýgä bagyşlap ajap setirler,
Döredýän kalbymdan hiç zat galmady.
Indi olam ýanan duýga bagyşlap,
Aýdymlara öz ömrüni baglady.

Sensizlige öwrenşibem başladym,
Aklym ýetýär bolup geçýän zatlara.
Ýöne ýüregimi nädip yrmaly,
Ol garaşýar senden geljek hatlara.

Geçer gider kerwen gurap aý-günler,
Wagty gelse düşünersiň bar zada.
Gözüňden akanda ajy göz ýaşlar,
Bagtly günlerim düşermi yada
лайков 331 просмотров
64комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
NEMOO
14 сен 2021, 22:56
oyny gorelin ini 1sagat galdy
_ashirova_ay_
14 сен 2021, 22:58
futbol futboll futbolll basga tema yokmy
Merdan
14 сен 2021, 23:52
Nemoo,
Men saňa aýtdymda, hemme zat bolup bilýä diýip. Bläääääääääääää 2.5mln gitdä, ertir okuwa gidesim gelenogaý. Haram ýaly man utd şony utup bilmejek bolsa, komanda bolarmy. Utanman tutuş oýunda 2gezek ataka etdi. Young boys 30gezek ataka etdi. Öli ekenlaý
_ashirova_ay_
15 сен 2021, 00:05
Merdan goumy koses stawka goymaly dalligine goz yetrdinmi inni