Urşuň dowamynda täzelikler.

Bugunki gunumizde iň bir aktual temalaryň biri hem ??Ukraina bilen Rossiya?? meselesi.Urush eyyam 1 hepda golay wagt bari dowam etyar.TV açsaňam sho barada gepleshik gidip dur ya bolmasa islendik sosial media girseňem sho barada gürrüň. Rossiyanyň Ukraina etyan basyshy sebapli dünýä guramalary tarapyndan birnace sanksiýalar girizilip bashlandy.Urshuň pidalary gün-günden köpelýär.BMG-aň resmi saytynda gorkezilyan beyanata görä ýüzlerçe adam urşuň pidalary boldy.Bu sanksiýalar futbola hem oz guycli täsirini ýetirdi.FIFA we UEFA futbol guramalary Rossiya milli yygyndysyny we ewro kuboklarda cykysh etyan rus klublaryny uly turnirlerden çetleşdirdi. Bu yylky Liga championyň finaly hem Sankt Peterburgda gecmelidi welin ol hem mejbury yagdayda Parijde gecirilmeli edildi. Halkara turnirleriň hem hiç birisi Rossiýada geçirilmeli däl edildi.Bu urushuň pidasy hem shu wagtky UEFA Europa ligasynda cykysh etyan Spartak Moskwa topary boldy. Ol 8/1 finalda Leypsig topary bn garshylashmalydy.(Bagty çüwen Leypsige indiki tura mugt putyowka?).Mundan bashga hem Shalke 04 topary hem-de UEFA futbol guramasy Rossiyanyň iri abrayly kompaniyasy bolan Gazprom kompaniyasy bn oz kop wagtdan dowam edip gelyan shertnamasyny pozdy. Urushuň fonunda Putine nägilelikleriň sany barha kopelyar.Putiniň bu gidishi bilen Rossiyanyň islendik pudagyna garamazdan ykdysadyyeti pese dushjege menzeyar.

Либо человечество покончит с войной, либо война покончит с человечеством.
6 лайков 878 просмотров
113комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ali
01 мар 2022, 18:55
Shalkeden ayrylany Gazprom un utush bolupdyr. Barybir netije yok ikinji ligada gezip yor gecen yyl zordan 38 oyunda 1je oyun utdylar. Nace trener gelsede hayyr bolmady. Bir wagtlar LC 1/2 finallaryna baryan komanda
Hiayress
01 мар 2022, 19:09
Цитата: Ötegçi
Цитата: Hiayress
Ötegçi,
Guly, gullukdan çykarmasagam iň bolman özüne hojaýyn saýlama hukugyny bir bereliň ahyryn. Ertir täze hojaýynam ýaramaz başgasyny saýlar, olam ýaramaz ýene birini saýlar, şeýle dowam ede-ede ahyrym bir gün azatlygam saýlar ahyryn. Häzir özüňi halamaýan guly güýç bilen saklajak bolmaklyk uly ýalňyşlyk dälmi nä?!
Halnazar baýyñ: "It itdir dä ony ursañam bolar, atsañam" diýişi ýaly, gulam guldyr-da.

Örän üýtgeşik teoriýa... Bilmändirisem ☹️
Bentner
Автор 01 мар 2022, 19:11
Цитата: Awram Grant
Shalkeden ayrylany Gazprom un utush bolupdyr. Barybir netije yok ikinji ligada gezip yor gecen yyl zordan 38 oyunda 1je oyun utdylar. Nace trener gelsede hayyr bolmady. Bir wagtlar LC 1/2 finallaryna baryan komanda

Howwa Gazprom ucin edil suwagt peyda bolan bolsa bolandyram sebabi Shalke 04 kluby 2 yyl bari 2nji ligada oynaya.Yone bellemeli zat 2006njy yyldan bari sponsorlyk edip gelyadi Shalke 04 nace yyl liga championda cykysh etdi. Peruly Jefferson Farfan Gollandes Huntelayer yaly guycli igroklary bar wagtlary.
Biohimik
01 мар 2022, 19:40
Yewropanyn gaz zapasy 90goterim peseldi
Bentner
Автор 01 мар 2022, 19:48
Цитата: ýüreksözi
Bendtner,
haý senem bir gapdalyndan ýazgyn ýöne hakykysy däl dp bolmasa bärdäkiler ýuwudar seni

Senem Zelenski dp nik acyp gel ))
Hiayress
01 мар 2022, 19:58
Amerikanyň täsirindäki döwletler (käbirleriniň aýtmaklaryna görä oýunjaklary) Ýewrosoýuz döwletleri, Kanada, Meksika... Russiýanyň täsirindäki döwletler Merkezi Aziýa, Belarus döwletleri. Indi özüňiz göz aýlaň haýsy döwletler has demokratiýa ýakyn, haýsy döwletler bolsa awtoritarizme ýakyn, haýsy döwletlerde adam hukuklaryna uly üns berilýär, haýsylarynda tersine basgylanýar, haýsylarynda ýaşaýyş şertleri ýokary, haýsylarynda bolsa tersine.
Leyli Amanowa
01 мар 2022, 20:01
Döwrumiziň dunyä yaň salyjy politiklerini şörden tapyp bilersiňiz ildeşler burun
Bentner
Автор 01 мар 2022, 20:19
Цитата: Nairobi
Döwrumiziň dunyä yaň salyjy politiklerini şörden tapyp bilersiňiz ildeşler burun

Häälden bäri şördäki diskussiýalary synlap otyrsyňmy cilimkesh
Leyli Amanowa
01 мар 2022, 20:23
Bendtner,
hawa goşulasym gelenok
Hanguly
01 мар 2022, 20:36
Beýbää... Nebela maglumat bozuklygy bar...
Ötegçi
01 мар 2022, 20:38
Цитата: Hiayress
Amerikanyň täsirindäki döwletler (käbirleriniň aýtmaklaryna görä oýunjaklary) Ýewrosoýuz döwletleri, Kanada, Meksika... Russiýanyň täsirindäki döwletler Merkezi Aziýa, Belarus döwletleri. Indi özüňiz göz aýlaň haýsy döwletler has demokratiýa ýakyn, haýsy döwletler bolsa awtoritarizme ýakyn, haýsy döwletlerde adam hukuklaryna uly üns berilýär, haýsylarynda tersine basgylanýar, haýsylarynda ýaşaýyş şertleri ýokary, haýsylarynda bolsa tersine.
horaz hemme ýerde de deñ gygyrýandyr, başga ýerde hezillik bardyr dp pikir etme...
Ali
01 мар 2022, 20:41
Hezil yer dine gabyr ayagyny uzadyp yatyan usti bolsa dine kelleagyry yer
Hiayress
01 мар 2022, 20:43
Ötegçi,
Hezillik diýip näme düşünýäniňize baglyda. Men adam hukuklaryna goýulýan sarpa, ýaşaýyş şertleri we söz azatlygy diýen ýaly zatlary göz öňüne tutupdym. :/
Hanguly
01 мар 2022, 20:44
Ilki bilen Amerika diýilen döwletiň doly taryhyny okaň we biliň, onsaň syýasat barada çekeleşmegiňizi maslahat berýärin. Bu maglumatlar bilen birhili gülkünç bolup dursuňyz.
Hiayress
01 мар 2022, 20:46
Wlad,
@Wlad şular ýaly mugt maslahatlaryňy gaýrat etde soralan wagty ber.
arkac
01 мар 2022, 20:47
Men bir delil bn mūñ alymy ýeñdim, ýöne mūñ delil bn bir dikdūşdiden ýeñildim.
(Ymam Gazaly)
Hanguly
01 мар 2022, 20:47
Hiayress,
Haýyş gödegräk gürlemäň. Beýdip gürlemegiňiz siziňem ýalňyşyňyzy özüňiziň bilýändigiňizi aňladýar.
Hanguly
01 мар 2022, 20:48
Цитата: arkac
Men bir delil bn mūñ alymy ýeñdim, ýöne mūñ delil bn bir dikdūşdiden ýeñildim.
(Ymam Gazaly)

))))
Hiayress
01 мар 2022, 20:51
Wlad,
Näme ýalňyşmyş menä bilemok belki aýdarsyň?!
Hanguly
01 мар 2022, 21:01
Цитата: Hiayress
Wlad,
Näme ýalňyşmyş menä bilemok belki aýdarsyň?!

Ukraina NATO girmek islänok şeklinde zatlar ýazypsyňyz aşakda. Zelenskiý öten ýyl aýtdy "NATO girmek isleýäris" diýip. Indi siziň bärdäki we aýdan zatlaryňyzy nädip çynlakaýa alaly?!
Hiayress
01 мар 2022, 21:23
Wlad,
@Wladjim, meň her bir aýdan sözüm hakykat, sözlerime ynan, çynlakaý kabul et we şoňa gulluk (uý) et diýemok. Öz kelläň bar, öz kelläňe görä hereket ediber. Birem men aşakdaky NATO-ly gürrüňi 2014-nji ýylyň wakalaryna baglap aýdypdym. Russiýa Ukraina öz içine NATO saljak bolýar ritorikasyny ulanyp başlan wagtyny we şony esas edinip Ukrainanyň içini bulaşdyryp ugranyny, aslynda welin beýle wakanyň hiç wagt bolmadygyny belläpdim. Eger şeýle waka Zelenskiý döwründe bolup geçen bolsa geň däl ýöne onda-da bolandyr öýdemok. Sen maňa şol ýüzlenmäniň sylkasyny ugrat göreýinle men.
Hanguly
01 мар 2022, 21:34

Hijem boýnuňyza alaýmaň, ömür kabul etmäň ýalňyşyňyzy. "Bilemok" diýmek olar ýaly erbet zat däl. Gaýta bilmeýändigiňi bildirmek dana şekilli hereketdir, hemme zady bilýän ýaly gürlemek bolsa jahyllykdyr.
Hiayress
01 мар 2022, 21:39
Wlad,
Bolýa Wladjim seňki dogry, gaýrat et Zelenskiýniň NATO meni alaýyň diýip ýüz tutýan ýeriniň sylkasyny ugrat.