Mugallymlar

Mugallymlar
Menin pikirimche hazir mugallymlaryn pes okadyanynyn 2 sebapkari bar.
1nji mugallymlar hazir okuwchylardan gorkyalar. Biz okayan wagtymyz mugallymdan gorkardyk. Dadish Atayew diyip Ruhnamadan okadyan mugallymymyz bardy. Sapagynda yuwashja otyrardyk. Eger temany yat tutup gelaymesen burnundan bir chekerdi edil buratinonyn burny yaly suynerdi. Ogulsheker diyip bir mugallymymyz bardy sachyn osgunmi sen yok men yok gelip gaycysy bn keserdi. Ogulsenem diyip mugallymymyz bardy chybygy bardy eline urardy gyz oglan tapawudy yok. Biz okayan wagtymyz bizin den dushlar urulsagam baryp enem atamyza aytmazdyk. Chunki baryp aytsak enem atamyz bizi urardy. Name ucin dine seni urya bir zat edensin okan dalsin sho ucin uryandyr diyip gunde hem mugallymdan hem kakamyzdan urlardyk. Sho ucin aytmaZdyk. Hazir mugallym urdugy gidip ene atasyny getiryaler ene atasam "Men uramok chagajygymy sen kim oglumy urar yaly" diyip kawagt sudlashyan wagtlaram bolyalar. Mugallym senin 2nji ene atan. Sana erbet bol diyip urmayalar. Sen gowy bolsan okasan sapaklaryna yetishsen seni urmaz. Okuwchy birinden gorkmasa okamaz. Sebabi gorkanyny sylayan. Bu Grajdan durmushdada gulluk durmushdada sheyle.
2. Mugallymlar hazir Gozleri ac boldy kopusi. Biz okan dowrumizde Prezident parta diyip birinji parta bardy. Yashyl mata yazylan baydakly parta. Shol wagtlar klasda in okde oglan bn gyz otyrardylar. Hazir kimin kakasy ejesi pully bolsa ya bolmasa togy guycli bolsa sholaryn chagalary otyrya. Mugallymlara her hili gymmatjyk koynekler matalar sowgat berip "Oguljygymy gyzymy in onde partada otyrdyn" diyip we sheydip hakyky okayan gyz bn oglanlaryn howesleri gacya. Okuwchynyn okuwda wagty 2 zat bilen howeslendirip bolar 1nji Prezident parta bn 2nji Hormat hatlary bilen. 
Bu menin shahsy pikirim.
12 лайков 810 просмотров
119комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hanguly
14 дек 2021, 23:36
Nairobi,
Onuň geregi ýok
Leyli Amanowa
14 дек 2021, 23:38
Wlad,
bolya
Pegas
14 дек 2021, 23:39
Цитата: Wlad
@Nairobi-niň diňe sesi gowumy ? Empatiýa barada hiç zat bileňok bagyşla welin @Pegas.

Empatiýa näme, simpatiýa näme, antipatiýa näme, o zatlar barada hiç zat bilmezlig-ä däl, gaty gowy bilýän. Senden biraz tapawutlyrak, ähli zada çynlakaý seredip, çynlakaý jogap berjek bolamok. Sende biraz ýumor duýgusy garrana meňzeýär.
Leyli Amanowa
14 дек 2021, 23:47
meň ustumde wir uruşmaň bratlar
Hanguly
14 дек 2021, 23:55
Bak ilki bilenä bilýän bolsaň kişiniň sähel zada nähili bozulýandygynam bilmelisiň. Ikinjidenem men çynlakaý jog beremok dogry zady degişmesiz we başardygymça göwne degmezek şekilde aýtýaryn. Ýumor başga zat masgaralamak başga zat.
Bak, bir ynsana oýun edilende ol oýun onuň şahsyny kemsitjek derejede bolmaly däl eger beýle bolsa tembol oýunam däldir. Meselem syýahatdan gelýärkäk bir gyz bir ýanyndaky gyza "agyz dişleriň erbet ekenle" diýip güldi, ol gyzyň niýeti hem degişme we eýleki gyzam muňa güldi, ýöne 5 sekuntdan soň seretdim wln ýüzünden gar ýagýar. Men bilip seredipdim. Gaty köp bular ýaly ýagdaý, kişi hem masgara bolmajak bolup yza çekilmeklik duýgusyny ulanýar ýagny muny gülen bolup beýan etýär. Meselem sen @Nairobä owadan däl diýdiň eýsem şuny näçe kiçi ýumor hasaplar bilýäňmi ? Meselem menä çyndyr öýtdüm we köp kişiniňem şeýle pikirdedigini bilýän. Umuman sen prosta otur hiç zat bileňok, maňa degişmänem, empatiýanam öwretjek iň soňky kişi sen bolup bilersiň
Pegas
15 дек 2021, 00:08
Wlad, aslynda saňa düşündiriş geçmek zerurlygam ýok mende. Sebäbi @Nairobi bilen bu birinji ýa ikinji gezek degişmämiz däl. Özi düşündi. Seniň ýa ýene birleriniň nähili düşüneniniň bolsa, maňa zerreje gyzygy ýok. Maksadyň näme? Çyndanam meni okatmakmy ýa has akylly teswirleriň bilen ünse düşmekmi? Ýa-da men bilen biri bilen degişip otyrkam üçünji bolup sokulmakmy? Degişmäni, empatiýany senden tapawutlylykda özüm üçin bilýänim hem ýetik, ony kimdir birlerine akyl satybrak öwretmek endigim ýok.
Hanguly
15 дек 2021, 00:18
Pegas,
Eýýäm biraz gödegräk şekile geçipsiň, sebäbi kişi dogry bolan zatlara negatiw jog berýär.
Bak dosdum, ilki bilen sen bir mugallym, şo sebäpli şu ýazanlaryňdan seniň nähilidigiňi biraz kesgitledim we utandym ynanaý.
Ilki bilen seniň açyklamaň maňa gerek däl, men prosta aýtdym, näme üçin zerurlyk sözüni ara goşduň bilemok.
Ikinjidenem men hiç kime akyl beremok ýa ünse düşjek bolamok, muny ol goşgular okap peýda almaýan zehiniňe gowja sok. Meniň üns üçin etýändigimi pikir etmegiň diňe seniň ejizligiň. Özem nähili passiw düşünje, men bir temaň birtopar teswiriniň arasynda görünjek bolaýyn. Meniň görünjek ýerim köp dosdum başga. Şuňa sokulmak dp düşünýän bolsaň onda şahsy öýkäňe ýeňildigiňdir.
Pegas
15 дек 2021, 00:30
Wlad, kişiň dogry zatlara negatiw jogap berýändigini bilip, ýerliksiz danalyga-da pozitiw jogap bermeýändigini o goşgular okaman, peýda tapýan kelläňe sok senem! Meniň nähilidigimden utanar ýaly, iki dogup-bir galanymmydyň sen?
Umuman, akyl berjek adamyňy hem, akyl berjek bolan situasiýaňy hem ýalňyşdyň. Artyk sakgyç etmek islämok gepi, ýadap ugradym. Üstünlik hemraň bolsun!
Hanguly
15 дек 2021, 00:53
Dosdym bagyşla welin anyklardan gaçyp gepi owadanlaşdyryp barýaňaý. Ýerliksiz danalykmy ? Bak dosdum sen mugallym, biraz tarapsyz hereket etmäni bilmeli, we kişä nähilu jog bermelidigini bilmeli. Ýerliksiz danalyk bolanda seňki dogry bolan bolsa bolardy. Ýöne seň şu seredişiň hemme tarapy ýalňyş. Iň bolmanda sen şony oýun eden bolup bir toplumda şo gyza diýeniňi düşün. Nähili erbet şeýle dälmi ? Onsaň "beýlekileriň pikiri gerek däl" diýmegiňde ýalňyşandygyňy bilersiň. Sen toplum bn hereket edýäň, we şu jogaplaryňam topluma görä berýäň, sebäbi ýazylanlar ANYKLYK göterýär we sen toplumda kiçi görünmejek bolup kiçijek dogry zady kabul etmekde kynçylyk çekýäň. Ýerliksiz danalyl we üns çekmekmi ? Diýmek sen başdan bäri men barada şeýle pikirdediň, a bu pikir meniň kellämede gelenokdy ynanaý. Goşgular okamak peýda tapýan kellemi ? Bu sözem aljyrap ýazypsyň we manysyz bolupdyr. Men saňa akyl beremok, ýönekeýje zady aýtýan, we seň kelläň muny alanok (ýada alybam bilgeşleýin kabul edenok).
Hanguly
15 дек 2021, 00:56
Dosdum özem men senden kiçi, şuwagt seniň okuwçyňdygyňy pikir etdim, ynanylmaz erbet bolardy.
Hakykatlary boýun almany bil, kabul etmäni bil. Etikadan geçensiňiz, hakykady boýun almaýan namartdyr diýip. Bak men senden boýun alyp kabul etmegiňe garaşdym, ýöne sen dogry zady şahsylaşdyryp kejirligiňe ýüz urduň. Meselem @Biohimik agza, boýnuna aldy we düşündi, şu iki tarapdan sen şondanam ejiz bolup dursyňda şu ýerde.
Pegas
15 дек 2021, 07:19
Wlad, men senden men hakdaky pikiriňi soradymmy? Seniň ýaşyň, şahsyýetiň bilen ýa-da "şu kim bilen bir zatlar ýazyşanda akyl beräýer ýaly zat ýazaýmazmyka" diýip garaşdymmy? Men nirede nämäni nähiliräk ýagdaýda ýazmalydygyny özüm gowy bilýän. Biohimik agza däl men saňa. Ýadadym diýdim, artyk owadanlamasana ýazgyňy.
Biohimik
15 дек 2021, 10:46
Цитата: Wlad
Dosdum özem men senden kiçi, şuwagt seniň okuwçyňdygyňy pikir etdim, ynanylmaz erbet bolardy.
Hakykatlary boýun almany bil, kabul etmäni bil. Etikadan geçensiňiz, hakykady boýun almaýan namartdyr diýip. Bak men senden boýun alyp kabul etmegiňe garaşdym, ýöne sen dogry zady şahsylaşdyryp kejirligiňe ýüz urduň. Meselem @Biohimik agza, boýnuna aldy we düşündi, şu iki tarapdan sen şondanam ejiz bolup dursyňda şu ýerde.

brawo 1nji