Kompýuteriň mikroçipleriniň(ýarym geçirijileriň, tranzistorlaryň, integral shemalaryň) ösüş taryhyndan gysgaça maglumatlar

Kompýuteriň mikroçipleriniň(ýarym geçirijileriň, tranzistorlaryň, integral
shemalaryň) ösüş taryhyndan gysgaça maglumatlar

3350 ýyl şu wagtdan öň – Hytaýlylar ilkinji onluk sanlary ulanyp bilipdiler. Şundan
3300 ýyl soň onluk san bilen işleýän Amerikada oýlanyp tapylan
mikroprosessor onuň bilen işleýändir.
800-nji ýyllar Beýik Türkmen matematik alymy Muhammet al-Horezmi hindi san
ulgamy hökmünde häzirki onluk san ulgamyny doly ýazyp, amallary ýerine
ýetirilişiniň tilsimatyny beýan edýär. Onuň ady biziň günlerimizde “algoritm”
at bilen kompýuter asyryna baky ornaşdy.
945-nji ýylda din gullukçysy Gerbert, soňlugu bilen ol Rim papasy boldy, Ýewropa
abagy we al-Horezminiň onluk san ulgamyny ulanmagy maslahat berýär, ona
Hindi-arap matematikasy hökmünde garalýar. San sanamagyň bu usuly ilki
bilen meşhurlyk gazanmasada biziň günlerimize çenli ähli ýerde ýeke-täk
ulanylýan san ulgamy boldy we bolmagynda galýar.
1623-nji ýylda Wilhelm Schickardf sagat hasabyny oýlap tapýar, ol ilkinji mehaniki
kalkulýatordyr bolup onuň esasynda Napieriň daşlary, taýýaklary goýulandyr.
Şeýle işleri ýerine ýetirmek üçin hasaplamagyň mehaniki gollanmasy John
Napier tarapyndan 1614-nji ýylda teklip edilipdi.
1671-nji ýylda Gottfried Leibniz ädimleýän Reckoner atly sanlar köpeldip, bölüp
we kök alyp bilýän gurluşy oýlap tapýar.
1679-njy ýylda Gottfried Leibniz ilkinji bolup ikilik arifmetika 0 we 1 bilen ähli
sanlary aňladyp bolýan binýat açyşyny görkezýär.
1820-nji ýylda Charles Xavier Thomas de Colmar "arithometer" guralyny
oýlap tapýar. Ol ilkinji amaly we ygtybarly gural bolup onda esasi dört
arifmetiki amaly ýerine ýetirýär.
1823-nji ýylda Baron Jons Jakob Berzelius silikon (Si) (rusçasy - kremniý)
himiki elementi bölüp alýar, ol soňra häzirki zaman mikroçipleriň esasy bolup
hyzmat edendir.
1854-nji ýylda Augustus DeMorgan, Boole bilen bilelikde logiki amallaryň
toplumyny formallaşdyrýar, olar häzirki wagtda kompýuterde has köp ulanylyp
olara DeMorganyň özgertmelerem diýilýär.
1886-nji ýylda Heinrich Rudolf Hertz, onuň adyndan megahertz(MHz) emele
gelip ol elektrik tigynyň ýagtylygyň tizligi bilen berilip bilinjegini subut edýär.
1903-nji ýylda Ýugoslaw alymy, oýlap tapyjysy Nikola Tesla “derwezeler” ýa-da
“öwürijiler” ady bilen elektrik logiki öwrüp aýlanyjylar gurluşa patent alýar.
1904-nji ýylda Jofn Ambrose Fleming, Edison bilen bile diodly wakuum tirbada
tejribe geçirip gördüler, ony radionyň tejribesinde ulanylyşyny ilkinji bolup
görkezdiler. 1930-njy ýyllaryň soňuna çenli wakuum turbalaryň kompýuteriň
gurluşlarynda ulanylyşy bolmady.
1926-njy ýylda ýarymgeçirijili tranzistorlar üçin patent almak başlanýar.
Tranzistor kompýuter üsti bilen elektrik akymynyň akmagyna mümkinçilik
14
döretdi, şeýlelik bilen mehanizmleriň üstünden maglumatlaryň geçmegini üpjün
etdi.
1939-njy ýylda bolgar John Atanasoff ABS-maşynyň tejribe görnüşiniň teswirini
beýan etdi, onda ilkinji wakuum turbasynyň peýdalanylmagydyr. Bu ilkinji
elektron sanly kompýuterdir.
1943-nji ýylda ENIAC atly umumy işlere niýetlenilen kompýuter 19000 wakuum
turbadan, 1500 releden ybarat edilip ýasaldy hem-de 200 kilowatt elektrik togy
sarp edýärdi.
1946-njy ýylda Amerikanyň Pennsylwania Universitindäki ENIAC-taslama
ýolbaşçylyk edenler J. Presper Eckert we John Mauchly dagynyň eýeçilik
zerarly ol ýerden gidip ilkinji täjirçilik kompýuter kompaniýasy “Electronic
Control Company” döredýärler. Olar amerikanyň ilat ýazuw býurosyndaky
UNIVAC(Universal Automatic Computer-Uniwersal awtomatik kompýuter)
kompýuterde işläp başlaýarlar.
1967-nji ýylda Jay Forrester 500 sagatlap işläp bilýän wakuum turbadan 500000
sany ygtybarlysyny döredýär, şeýlelikde wakuuma esaslanan kompýuter era
başlandy.
1948-nji ýylda Bell Labs işgärleri John Bardeen, Walter Brattain hem-de
William Shockley dagy ilkinji tranzistor üçin patent alýarlar.
1950-nji ýylda şol döwüriň iň uly, çalt işleýän kompýuter taslamasy bolan
Whirlwind (Tupan) durmuşda ulanylyp başlanypdy. Ol iň bir çalt bolman
eýsem onda bary ýogy 400 sany wakuum turbasy ulanylypdy(mysal üçin
ENIAC kompýuterde bolsa 18000 sany ulanylypdy).
1953-nji ýylda Massachusetts Technology Institutda Jay Forrester we onuň
topary dört ýyl barlaglardan soň Whirlwind (Tupan) kompýuteriň ýadyny
magnit esasynda ýerine ýetirýärler, şonda ol ýerdäki maglumatlara
girmek(barmak) alty mikrosekunda çenli çaltlandy.
1954-nji ýylda Texas Instruments kärhana selikon(kremniý) tranzistorlary
täjirçilik esasda öndürip başladylar.
1956-njy ýylda Massachusetts Technology Institutynda TX-O (Transistorized
Experimental computer) kompýuter ýygnaldy, ol ilkinji bolup tutuşlygyna
tranzistorlardan ybaratdy.
1956-njy ýylda alymlar John Bardeen, Walter Brattain hem-de William
Shockley dagy fizika uguran, tranzistor boýunça işleri üçin Nobel baýragynyň
eýesi boldylar.
1958-nji ýylda Texas Instruments edarasynda işgär Jack Kilby integral
shema(iňlisçesi integrated circuit(IC)) atly bütewi gurluşy döretmek barada
pikirini orta atdy, onda selikonyň bir böleginde garşylyklar(iňlisçesi - resistors)
we kondensatorlar(iňlisçesi - capacitors) ýerleşmelidi. Kirby ilkinji integral
shemany ýasaýar, onda diş arassalaýjydanam inçe germaniý elemenyiniň ýarym
dýumine barabar geçirijide bäş düzümi ýerleşdirip bildi.
1959-njy ýylda Fairchild Semiconductors(kiçijik ýarymgeçirijiler) edarasyndan
Robert Noyce täze oýlap tapan işine patent alýar, ol integral shema bolup
onuň düzüjileri silikonyň daşky silikon tutşysynda alýumin geçirijiler bilen
arabaglanyşyklydyr.
15
1960-njy ýylda IBM New York-da tranzistorlary köpçülikleýin öndürmek üçin
awtomatiki serişdeleri teklip edýär.
1960-njy ýylda ilkinji integral shemalar bazarda 120 dollardan satylyp başlanýar.
Amerikanyň kosmos agentligi NASA Robert Noyce-yň oýlap tapanyny
Gemini - kosmos gämisiniň bortyndaky kompýuter üçin saýlaýar.
1961-nji ýylda Fairchild Semiconductors edarasy ilikinji integral shemany bazara
çykaryp başlaýar.
1964-nji ýylda ilkinji satylan integral shema Zenith atly eşidiş apparatynda
peýdalanylýar.
1964-nji ýylda Inteli esaslandyryjy Gordon Moore her ýylda integral shemalaryň
kuwwatynyň iki essä çenli artjakdygyny teklip edýär, ol soňra Moore-yň
kanunu bolup dolanyşyga giripdi.
1968-nji ýylda Intel korporasiýa Amerikanyň Santa Clara şäherinde esaslandyrldy.
Oňa Fairchild edaranyň hormatly işgärleri Robert Nayke we Gordon Moore
dagy № 1 we № 2 gullukçylar bolup işe başladylar. Ady belli Andy Grovel
hem Fairchild edarasyny goýup Intele № 4 gullukçy bolup geçdi.
1969-njy ýylda Advanced Micro Devices Incorporated (Mikrogurluşlaryň
täzelikleri) edarasy esaslandyryldy.
1969-njy ýylda Intelden Marcian(Ted) Hoff birleşdirilen ykjam çipi taslaýar, ol
ýönekeý funksiýalary maglumatlarda ýerine ýetirip hem-de gözükdirmeleri alyp
bilýärdi. Şeýle hem Intel 1 KRAM çipi ýasandygyny yglan edýär, onda
kompýuteriň çipler ýady üçin uly möçberli maglumatlary ýerleşdirip
bolýanlygy belli boldy.
1969-njy ýylda Intel 3110 Schottky atly bipolýar 64-bitli statiki erkin girilýän
ýady(oňa SRAM diýilýär) çipi söwda harydy hökmünde ilkinji sapar satuwa
çykarýar. Ol azajyk hem bolsa gowy işdi.
1971-nji ýylda Intel 4-bitli 108 KHz tizlikde işleýän 4004 çipi-ilkinji
mikroprosessory döretdi. Onuň başlangyç bahasy 200 dollar bolup, işleýiş tizligi
sekuntda 60000 amaldyr. Bu çipde 10 giň mikronly öwrülişikler bilen
baglanyşykly 2300 sany tranzistor ýerleşdirilipdi. Çipiň möçberiniň ölçegi 3x4
mm bolupdy.
1972-nji ýylda Intel 8008 belgili 8 bitli ilkinji mikroprosessory döredýär. Kompýuter
bilen iş salyjy Don Lancaster 8008-iň esasynda ilkinji personal kompýuteriň
buşlukçysy Electronics Radiogurluşy döretdi, oňa “ýazgy ýazýan telewizor”
diýip at berdi. Ol soňlygy bilen geplemeýän terminal hökmünde ulanyldy.
1974-nji ýylda Inteliň 8080 mikroprosessory ilkinji personal kompýuterleriň işleýiş
mümkinçiligi durýar. Döredilen Altair kompýuteri üçin ony ulanyjylar 395
dollara satyn alyp bilýärdiler.
1975-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynda Popular Electronics neşirde Altair 8800
kompýuterleriň düzümi Inteliň 8080 mikroprosessory bilen örtülenligini
görkezýär.
1979-njy ýylda IBM kompaniýasy Intel 8088 mikroprosessora esaslanýan pikirlenip
bilýän täze kompýuterini satuwa çykardy, ol soňlygy bilen IBM PC(Personal
kompýuteri) ady bilen meşhurlyk gazandy.
16
1982-nji ýylda Intel ilkinji 80286 prosessory öndürdi, ol ondan öňki kompýuterler
üçin ýazylan ähli programma üpjünçilikleri dolandyryp bilýärdi.
Kompýuterleriň programma üpjünçilikleriniň ylalaşyklygy Inteliň
mikroprosessorlarynyň toplumynyň esasy nyşany bolup şu günki güne çenli
galýar. Soňky 6 ýylyň dowamynda 15 millon dollarlyk satylan bütin dünýädäki
286-görnüşli personal kompýuterleriň ählisinde Inteliň şu mikroprosessory
goýulypdy.
1985-nji ýylda Motorola kompaniýasy 68040 görnüşli, 32 bitli 25MHz tizlikli
mikroprosessory döredenligini yglan etdi.
1985-nji ýylda Intel 80386 görnüşli 27500 tranzistordan durýan mikroprosessory
görkezdi, ol 4004 orginal bilen deňeşdirilende 100 essedenem ulydy. Bu 32
bitlik maglumatlar bilen birbada iş salyşyp, köp meseleli ýumuşlary birbada
çözüp bilýär, ol bolsa kompýuterde birbada köpprogrammalary bir wagtda
dolandyryp bolýan mümkinçilige eýe diýildigidir.
1989-njy ýylda Intel 80486 DX görnüşli amaly uly mümkinçilikli mikroprosessory
döretdi. Bu 486 diýip atlandyrylan ilkinji prosessordyr, onda matematiki
hasaplamalar içinde goýulypdy, ol adaty hasaplamalary tizleşdirýärdi. Bu ýerde
merkezi prosessordan çylşyrymly matematiki funksiýalary teklip edilýärdi.
1991-nji ýylda Advanced Micro Devices AM386 görnüşli mikroprosessory Inteliň
x86-görnüşli prosessorlaryna gönüden-göni ýaryş hökmünde teklip etdi.
1993-nji ýylda Intel Pentium görnüşli täze prosessory teklip etdi, onda islendik real
sözleri, sesleri, ýazgylary we surat şekilleri ýaly kibapdaş dinamiki
maglumatlary ýeňiljek işläp taýyarlamaga mümkinçilik döredi.
1997-nji ýylda Intel özünde 7.5 millon tranzistory jemleýän MMX tilsimatda
döredilen Pentium II prosessory teklip etdi, ol wideo, audio we grafiki
maglumatlary netijeli işläp taýýarlamaga niýetlenilendir.
1999-njy ýylda Advanced Micro Devices firma AMD Athlon atly prosessory
teklip etdi, ol Pentium görnüşli çipler bilen erkin bäsleşip bilýärdiler.
1999-njy ýylda Intel x86 arhitekturanyň esasynda SSE tehnologiýada Katmai ady
bilen Pentium III satuwa çykaryldy. Onuň iş takty 700-730 MHz barabardy.
2001-nji ýylyň Alp arslan aýynyň 15-ne Intel 686 arhitekturanyň esasynda SSE2
tehnologiýada Willamette at bilen Pentium IV satuwa çykardy. Onuň iş takty
1500MHz(1.5GGz) –den hem ýokary bolup durýar. Häzirki wagtda Pentium
IV prosessor has köp ulanylýan prosessordyr, onuň üsti ýetirilen
döwrebaplaşdyrylan görnüşleriniň öndürilmegi we köpçülikleýin ulanylmagy
dowam etdirilýär.
0 лайков 187 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.