ABDYRAHMAN JAMY HAKYNDA

Nureddin Abdyrahman Jamy (1414-1492) Horasanyň Jam diýen ýeriniň Harjet obasynda dogulýar. Kakasynyň ady Nyzameddin Deştidir. Ol Yspyhanyň Deşt diýen ýerinde bolupdyr. Jamy ýaşlykda kakasy bilen Hyrada, Samarkanda gidip okap, ylym alypdyr. Jamy nagyşbendi meslegine girip, soň şonuň ýolbaşçysy bolýar. Ol Alyşir Nowaýynyň halypasy hem dostudyr. Jamy pars-täjik edebiýatynyň iň soňky uly şahyrydyr, şoňa görä oňa ''Hatamuşşuara'' (Şahyrlaryň soňy'' diýilýär. Ol Teýmurylar dinastiýasyndan Soltan Hüseýin Baýkaranyň döwründe ýaşapdyr. Jamy otuz ýedi eser ýazypdyr. Şolaryň iň meşhury Nyzamynyň ''Hamsasyna'' öýkünip ýazan ''Häft öwreng'' (Ýedi tagt) atly eseridir. Muňa ''Leýli - Mežnun'', ''Ýusup - Züleýha'', ''Salaman we ebsal'', ''Silsiletiz-zeheb'', ''Sabhatyl-ebrar'', ''Hyrednamaýy'' - Isgenderi'', Tehfetil-ahrar'' poemalary girýär. Şahyryň ''Baharystan'' atly eseri-de meşhurdyr. Oňa halk arasynda Mollaýy - Jamyda diýilýär.



Gysgaça Ensiklopediýa
1 лайков 198 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gulicka
19 фев 2022, 22:39
Al 1nji layky men basdym. Son okaryn Kelle yarylyp baryar. Serce Dogan su tak yazayyn .Men konkursa gatnashjak dal. Aladam jmkan. Gatnasjaklar ustunlik arzuw edyan!!!!!!