Ýürekden üzülip, dilime damdy, Saňa bagş eýlejek merjen sozlerim, Ak gupba toraňňyň, sümsüle söwdüň, Mähir bilen guçýar asman gözlerim, Mähriban obam! Rysgym gözläp meýdanyňda haýdadym, Rastym sözläp, topragyňy ýelpedim. Güýçtowsar telpegiň, yşköwser öýmäň, Toý sähedin bellär possuk, çelpegiň, Mähriban obam! . Sep-sep ýaşulylaň – törüň eýesi, Süňňüňde gaýnapdyr horazlaň sesi. Meniň köňlüm
Elpe-şelpä bakmaz hasaply dűnýä, Zähmetiň serpaýy bagt – buýsanjym. Öz hakyna kaýyl mysapyrlaryň, Ýaz kimin ýalkawy – ýűrek owsunjym. Hanha, ýűk ýazdyrdy hasaply menzil, Egri oturyp, dogry hasap soraýar, Hasabyň dűrs bolsa gerdenňe kakyp, Gűműrtik, ters bolsa –ýowuz daraýar. Synaýar ak ýolda, dar dűnýä salyp, Enter – pelegiňi öwrűp synaýar. Bir eliňe – baýlyk, beýlekisine- Ilhalar häkimlik berip
Aýdymyny aýdyp başlanan ömrűň, Aglap dűnýä geldiň – ykbaldan döwrűň. Gowluk, ýagşylykda saýlanmasaň sen, Kämillik destini alyp, il hakda çuň oýlanmasaň, Sen niçik ynsan! Dűnýäni gozgaýan adalatsyzlyk, Älemi sarsdyran doňak hyrsyzlyk. Seni örtemese, sen elenmeseň, Ýűregiň sesine diň salyp biraz, soň dillenmeseň, Sen niçik ynsan! Seni melul etse boş duýgusyzlyk, Hem hemseriň bolsa güň geleňsizlik.
Göwnüňe görädir gerim diÿen zat, Şahandaz bolmarsyň, güleniň bilen. Gurşunly kenek deÿ gonup bilmeseň, Alçy gopaÿmarsyň, süleniň bilen. Bolabilseň, akabasy bir hanaň, Nakyl bolup dile düşer dürdänäň. Göza-para oda düşen perwanaň, Külüne jan girmez, ÿalynyň bilen. Çola bolar, ugursyzyň mesgeni, Sana salar, atalaryň mekdebi. Nazar salyp, götermese Hak seni, Asman howa bermez, galanyň bilen.
Saglyk bolsa — ömür uzak, ýol uzak, Saglyk bolsa — beglik bolar Jahanda. Il saglygy ýurt genjine barabar, Ser saglygyň köşgün gurýan Watanda. Sagdyn nesli goraglaýar sak durup, “Ene mähri” ganatynyň astynda. Göwünleri perwazynda galkdyryp, Bagt parlaýar bu Galkynyş paslynda. “Adam baş aladam”- diýýän ülkede, Saglyk-göwher täji abadan iliň. Başa döwlet gonar, Ruhy ýalkasa “Dört müň dört ýüz ýaşan
Türkmeniñ janypkeş sähralaryna, Sahy dünýä saçagyny ýazypdyr. Ummanyñ çaýkanýan tolkuny bilen Ýaşaýşa suwsan teşnäni ýakan, Ak güneşiň tylla ýalkymy bilen, Bir däne műňläpdir, rysgal ýagyp dur. Mahmal howa bilen, kűműş suw bilen, Bäş műň ýyldan aşyp, şinelän bugdaý, Dogduk Watanymyň maňlaýyn öpűp, Alnynda műdűmi Gűn bolan bugdaý, Il- gűnűň göwnűnde doklugy ekip, Bolelinlik bolup, şan alan bugdaý.
Altynsow saçlary nurly kuýaşyň, Kirpigme çolaşyp, oýun-baz edýär, Erkana Watanda bu göwün guşum, Yerde güle, gökde Aýa näz edyär. Yşkyňdan melulam, ýaz gujagyňda, Ummanlaryň içre tolkunyň menem. Watanym — gursakda ýüregmiň sesi, Abraýyňa şärik — galkymyň menem. Ýaşaýşyň manysyn onki süňňümden, Syzyp, saldarladym baha, gymmatyn. Gaýry zat ýok eken Watan parzyndan, Şoldur kesgitleýän ömrüň
Sözi:Aýgül Pirliýewa. Sazy:Baýram Hudaýgulyýewiñki. Ykbalym çet űlkä äkitse käte, Ser-sepil men, kűýsäp ýaň – owazyny. Gursagymda tugram edip göterdim, Ene dilim bilen tűrkmen sazymy. Dutarda ýaňlanan goýazy mukam, Eýýamlardan gelen heňňam huşumy?! Ene dilim bilen syzylan jűmle, Göweçläp guýulan mähek daşymy?! Dutar owazyna höwrűgen çagym, Pederleň ruhuna – merde sataşdym. Ene dilim bilen
Ýaňlan, Ýaremezan! Oraz aýynda Sogapdan beýgelýär ynsan depesi, Açyň gapyňyzy, ýelejiresin, Päkligiň şuglasy, halal nepesi, Kalba hoş dem salyp, ýürege girsin. Dogaly dilegler, azan, namazlar, Süňňüňe aramlyk – kanagat bersin. Ýaremezan sesi – ynsan ähline, Iman päkligine baky çagyryş. Gursagyňy ýuwýan, kalbyň arçaýan, Göwünlere melhem, ylahy ýagyş. Nurana asmanly, degresi şanly, Sogap
Minnetdar men, ýagşylykda ýatlana, Ak gapymdan alkyş bolup ätläne. Asmanymda kuýaş bolup parlana, Ykbalymyň altyn suwun durlana. Minnetdar men, dowam beren Allama, Zybanyma Hak kelamyn ýollana. Menzilime çelgi bolan zyýada Tarym düzüp, ýola salan ussada. Saçagymyň halal duzun dadana, Minnetdar men, Kyblagähim Watana.