Döwletmämmediň aýaly hem gyşyklardan bolupdyr. Onuň adyna Orazgül diýer ekenler. Onuň ikinji ogly Baýramgulynyň (?) mazary häzirki Garrygala MTS-niň ileri gapdalynda bolan gonamçylykdadyr. 3-nji ogly Güýde zergär (kümüş ussasy) bolupdyr. Magtymgulynyň eneden bolan ýeri Etregiň boýunda, Giň- jaý diýen ýerde, Akdepe atly belli depäniň ýanyndadyr. Magtymguly (Pyragy) Marawa depäniň golaýynda
Dostlar-a, dostum meniň şirin jandan söýgülidir, Jan kibi pynhan jahanda äleme belgilidir. Baş bile barsam aňa, handan olursa güzeri, Tutsam ol ýerde watan, ol ýer ki anyň ýoludyr. Diýrdi ýar: Men aşygym öz elim le katl edem, Özge aşyklarnyň olsa paýy bent almalydyr. Andan owwal gam meni gaýmal edip zülp-taryna, Men garyby-bendäniň hem eli, hem aýagydyr. Gaýry le bezm eýleýip, eýlese hoş köňlüni
Derdim köpdür diýarymdan, döwrümden, Haýyr kaýsy, yhsan kaýsy, bilinmez. Zalymlaryň jepasyndan, jebrinden Yslam kaýsy, iman kaýsy, bilinmez. Söhbetinde hak kelamyn söýlän ýok, Mejlisinde bir nesihat eýlän ýok, Halal kaýsy, haram kaýsy, saýlan ýok, Sud kaýsydyr, zyýan kaýsy, bilinmez. Halaýykda görelde ýok, görüm ýok, Baýlarynda sahawat ýok, berim ýok, Hatynlarda haýa, gyzda şerim ýok, Edep kaýsy,
Indi bildim zamananyň azanyn, Ýamanlar ýagşydan gaça başlady. Gaýta bedasyllar asylzadadan Pisint etmeý, töre geçe başlady. Yrýa boldy köpüň okan namazy, Taňry hiç birinden bolmady razy, Pygamber ornunda oguran kazy Para üçin elin aça başlady. Şalarda galmady hökmi-adalat, Bir pul üçin müfti berer rowaýat, Bil, bu işler — nyşanaýy-kyýamat, Zalymlar bitoba öte başlady. Dadhahlar turuban, ýüzün
Gözläp köňül berme biwepalarga, Bak, kim wepa görmüş biwepalardan! Goýma özüň ýersiz bet jepalarga, Kim bähre tapypdyr bu jepalardan! Yşkyň owazasyn diňle daşyndan, Jan jebrinden gorksaň, barma başyndan, Serişdäň kem bolsa yşkyň işinden, Bar, habar al gören mübtelalardan! Sözüm nesihatdyr, bir gulak salyň, Bendesi men söze hyrydar guluň. Kyrk oýnaşly hatyn ýagşydyr, biliň, Şereňňiz köp tilli
Eýran, Turan indi goluň astynda, «Sürgün» indi bu döwrany sen, fetdah! Külli türkmen oýnar çölüň üstünde, Dökme, bilgin, nahak gany sen, fetdah! Bu gün şa sen, erte geda bolar sen, Ilden-günden, dinden jyda bolar sen, Bir gün janyň çykyp, pida bolar sen. Gazanypsyň çoh günäni sen, fetdah! Gözüm ýetýär, bilseň, başym alar sen, Ýa kündeläp, meni çaýa salar sen, Men hak diýdim, sen çoh günä galar
Sür, Feth serdar ogly, geldi wagt, Ýene bu döwrany — aly siziňdir! Köne agyr döwlet täze eder bagt, Beýiklik, serdarlyk ýoly siziňdir. Ylýas kimin ebr çeken suwlarda, Kowus kimin duman duşen daglarda, Gençli şäher, Hyzr gezen çöllerde Kadyr beren dünýä maly siziňdir. Bagşeşiň bent eder biler-bilmezi, Ykbalyň nist eder dogry gelmezi, Dükan käni — Jahangiriň almazy, Badahşan magdany — lagly
Sünnüýe sütündir, küfürge setdir, Çalsa tygy-tizi Döwletalynyň, Älemde destandyr, illerde hatdyr, Söhbet içre sözi Döwletalynyň. Sözleri pend bolup galdy tillerde, Pakyrlar penahy ýaman günlerde, Yrak ülkelerde, ýakyn illerde Dost, duşmany razy Döwletalynyň. Çoh jahan seýr etdi ömri bolynça, Ýaradan ýok edip, ýere salynça, Ýalançyda ýaýlap, täki ölinçä, Sowulmady ýazy Döwletalynyň. Har geçmez her
Sapar edip barsak Nuşah mülküne, Köňül isläni dek ýaýlahlary bar, Seýran etsek gunçasyna, gülüne, Bakjasynda bilbil oýnahlary bar. Ýeri sazdyr, hassa bolan sagalar, Arryk, müflis, garyp bolan oňalar, Serçemen agajy bile deňeler, Ajap guş salmaly awlahlary bar. Meýdany doludyr şeker gamyşdan, Dileg etmez hergiz gardaş gardaşdan, Üsti ýapyglydyr kümüş kerpiçden, Her kimiň özi çün suwlahlary bar.
Ýomut, gökleň täsip edip özünden, Çekdi goşun, öňi-ardy bilinmez. Sygmaý çykdy deşti-Dahhan düzünden Ýörän ýoly, gonan ýurdy bilinmez. Garga salsa, tugun bile depişer, Haýbatyndan daglar-daşlar gapyşar, Öli turup, dirilere ýapyşar, Arslany, tilkisi, gurdy bilinmez. Üç müň naýzabazy bardyr nökerden, Tört müň pildary bar gala ýykardan, Teke, salyr ýöriş etse ýokardan, Duşmanyň namardy, merdi