Ata igenji...:((

Ata igenji Bolup ýörşüň hiç maňzyma batanok, Käýýäp ýörmäge-de ysanok bognum. Saňa akylam-a gelerçe boldy, Hemme kişi ýaly bolarlar, oglum! Öz diýeniň tutup ýörsüň elmydam, Päkmikäň öýdýärsiň hemmeden beter. Ýaşlygyňdan şeýdip ýörseň girrelip, Düşewüntli iş başyny kim tutar? Menem ýaş bolupdym. Ýöne başlygym Un diýse, un çekdim, gum diýse-de gum. Sen nireden boýnuýogyn doguldyň? Hemme kişi ýaly

Atalar we ogullar...)

Atalar we ogullar Atalar-ogullar... beýik döwletdir Şolardyr bu döwre ýaňyn salýanlar. Ýöne käte duşýar bu iki nesliň Arasyna çöp atmakçy bolýanlar. Galat pikirlere uýmak ne derkar, Işimiz şowludyr, günümiz düzdür. Ýok, atalar biziň geçmişimiz däl, Biziň atalarmyz şu günümizdir. Nirä barýar naýza kimin düzülip? Aýdym bilen dyňzap duran hatarlar? Olar täze dünýäň goragna galan Mizemez ynamly biziň