Hormatli sayt agzalary. Sizi yetip gelyan taze yyl bilen tuys koñulden gutlayaryn. Goy, taze yyl hemma bagt getirsin. Yollar rowan bolsun. Ishler rowac bolsun. Yurt abada, cylygy, mashgala agzybirligi, jan saglygy bolsun. Dushmanlara dert bolsun. Iki gozler dort bolsun. Elmidsma toy bolsun. Hayyr ishler boy alsyn. Yene-de bir gezek taze yilyñyz gutly-mubarek bolsun.
*** ...O jahandan gelýän, Ýokdan, bardan, Janlaň sesinden, Gözýetimiň sepinden, Dünýäň çetinden, Ýandagyň gülünden gelýän, Bägüliň tikeninden, Nebsiň zeýinden, Arşyň meýinden, Gözleň teýinden gelýän. -- Ha-ha-haý, däli, nirä barýaň? -- Gelýän ýerime barýan. Eziz Amannazarow
Bu gün menden yrak duruñ! Başarsam... Özüm alyp gitjek uzak ýerlere. Gözlerden uzagrak, Ýürege ýakyn Jaý tapynjak göwnüme. Goşum süýräp eltjek-de, Ynsanpisint ynsapsyzlañ ýok ýerne Külbe gurjak. Ynsap diýen duýgudan Ejir çekmän ölere. Şyhnazar Durdyýew.
Ynan! Ertir iň ajaýyp gün bolar, Iň owadan säher dogar alnyňdan. Arzuwlaryň ak ýoluňa gül bolar, Bagt dörär uzakdaky salgymdan! ***** Ertir saňa gurbat geler, güýç geler, Durmuşyň hem dünýäň gowa özgerer. Bagt diýleni ynjyk bolar, giç geler, Näme diýse, diýibersin özgeler! ***** Hany tur ýeriňden, galdyr başyňy, Ynamyň goluny goýberme hijem. Herne hasrat dolanynda daşyňy, Zähmet çek, zähmet çek,