Men guşlary gowy gördüm

Men guşlary gowy gördüm, Saýradylar öz dilinde, Ili hakda, dili hakda Ha diri, ha öli hakda. Men guş dilin bilmeýärdim Ýöne düşünjek bolup Käte peçan, käte gizlin Nagmalaryn diňleýärdim. Kä begendim, käte bolsa Olara örän gyýyldym Soňam diýdim öz-özüme Pähey-de bir akmak kelle Guşa däl-de, öz-özüňe gyýyl sen Guşuň näme derdi bolsun Nämä aglasyn olar? Guşlar uçup bilýärler, Islän wagty islän

Статью отредактировал: MILALIKA - 22-10-2023, 00:23
Причина: jiimomihubyu

Aý üstüne giden bolardym birwagt, Ýöne Ýerde ýakyn saýýan özümi Kimdir birine...?

Adaty zatlardan ýüregim gysýar, Köp zatlary alamogam piňime... Aý üstüne giden bolardym birwagt, Ýöne Ýerde ýakyn saýýan özümi Kimdir birine... Sesim ýetdiginden aýdym aýdýaryn, Çekjek bolup ümsümligiň ünsüni. Yhlaslarym puç bolupdyr, owarram! Gorkýan bilip-bilmän ýykaryn öýdüp Umydymyň göwnüni... Suwa bakyp öz keşbimi synlaýan, Seredip gözlermiň garajygyna. Goý, başgalar näme diýse diýsinler!