Döredijilik bäsleşigi

Salam agzalar akiwligi biraz galdyrmak üçin bäsleşik geçireli diýen pikire geldim. Bäsleşigiň şerti bir tekst ýa-da goşgy ýazmaly. goşgynyň ( tekstiň ) ähli sözleriniň birinji harpy bir bolmaly ýagny eger a harpdan ýazsaň ählisi a harp bolmaly b harpdan ýazsaň ählisi b harp bolmaly. Tekstleriň (goşgularyň) söz sanyna hem-de manysyna garap ýeňiji kesgitlener. Tekstler (goşgular) Iýun aýynyň 30- na çenli kabul ediler. Iýul aýynyň 1 nde ýeňiji yglan ediler. 1 nji ýere 20TMT 2 nji ýere 10 tmt we 3 nji ýere 5 tmt beriler. tekstleri (goşgulary) teswirlerde ýazyp bilersiňiz.
5 лайков 282 просмотров
14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Massimus
15 июн 2023, 14:54
Üstünlik! 1-nji ýere özüm goşmaça 20 manat berjek
Sapar aga
15 июн 2023, 15:35
Bäsleşigiň bolmagy üçin, gyzyklanyjy bolmaly, köp adam bolmaly.
murat yousef
15 июн 2023, 17:30
Kellä gelen pikirini aýtdy goýdy bula!)
Gerceknazar
15 июн 2023, 20:28
Emin agzalary kim bolmaly? Öňki ýazan goşgyň bolsada bolýarmy? Goşgy , text kimler tarapyndan saýlanýar , halk saýlaýarmy? Bu blog bir aýlap aktiw bolup ýokarrakda durarmyka ýa-da 2 günden ýitip gidermi?
lovely girl
Автор 15 июн 2023, 20:59
Gerceknazar,Blogyň aktiwligi agzalara bagly, howwa öňki ýazan goşgularyňam bolýa, halk saýlasa gowy bolar meniň pikirimçe
lovely girl
Автор 15 июн 2023, 21:00
menembiri1
Kellä gelen pikirini aýtdy goýdy bula!)

gowurak pikiriň bolsa aýdaý bilesim gelýä...
lovely girl
Автор 15 июн 2023, 21:03
Ahtopot
Bäsleşigiň bolmagy üçin, gyzyklanyjy bolmaly, köp adam bolmaly.

gyzyklanyjy, köp adam ýok diýýäňmi? Köp adamyň bolmagy üçin biraz jan çekmeli men saýta täze geldim. Şonuň üçin elimden gelenini edýän aktiwligi galdrmak üçin, kelläme gelen iň gowy pikirem şu boldy gowy pikiriň bolsa garaşýan. belläp geçäý
lovely girl
Автор 15 июн 2023, 21:04
Massimus
Üstünlik! 1-nji ýere özüm goşmaça 20 manat berjek

??
lovely girl
Автор 15 июн 2023, 21:06
Ahtopot, mowzuga dislike goýupsyň sebäbini aýdyp bilermiň
Suleyman
15 июн 2023, 21:13
Bular ýaly ýeňil-ýelpaý bäsleşik bilen aktiwligi galdyryp bolmaýar.
Hiç kimem şu ýere "bäsleşik" geçirilmeýänligi üçin gelmän oturandyr öýdemok.

Bäsleşik diýýäniňemä çagalara tapmaça aýdyp berilen ýaly bir zat eken. Tüýs çagalary aldamak üçin berilýän 5 manadam muny subut edip dur.
Sapar aga
15 июн 2023, 21:53
lovely girl,
10 adamlyk saýtda pul goýup bäsleşik geçireniň bilen agzalar aktiw bolmaz, arkaýyn bol. Disslike goýmagymyň sebäbi, pikiriň gaty gülkünç bolmagy.
lovely girl
Автор 15 июн 2023, 21:59
bolýa gülkünç däl, uly adamlar üçin bir zat tapaýyň onda
Gerceknazar
16 июн 2023, 12:56
Ilkinji goşgy menden bolsun.

Aýalymdan aýlanaýyn

Arzuwym, aladam, Aýym,
Aýalymdan aýlanaýyn .
Aldyňla aklymdan aňym,
Aýalymdan aýlanaýyn .

Ak alkymy, al almamy?
Aşygyndan ar almamy?
Aýtsam adyňam Almamy?
Aýalymdan aýlanaýyn

Akylym akylly , alçak
Aňkarsaň aňkaňy aljak
Armanmy alnymdan aňjak
Aýalymdan aýlanaýyn

Aýdylmadyk aýdymlarym
Artdy Aýyň aýdyňlygam
Alkymyndan aýrylmaryn
Aýalymdan aýlanaýyn

(16.06.2023)

© Gerçeknazar AMANNAZAROW
lovely girl
Автор 17 июн 2023, 13:07
Gerceknazar
Ilkinji goşgy menden bolsun.

Aýalymdan aýlanaýyn

Arzuwym, aladam, Aýym,
Aýalymdan aýlanaýyn .
Aldyňla aklymdan aňym,
Aýalymdan aýlanaýyn .

Ak alkymy, al almamy?
Aşygyndan ar almamy?
Aýtsam adyňam Almamy?
Aýalymdan aýlanaýyn

Akylym akylly , alçak
Aňkarsaň aňkaňy aljak
Armanmy alnymdan aňjak
Aýalymdan aýlanaýyn

Aýdylmadyk aýdymlarym
Artdy Aýyň aýdyňlygam
Alkymyndan aýrylmaryn
Aýalymdan aýlanaýyn

(16.06.2023)

© Gerçeknazar AMANNAZAROW

üstünlik hemraň bolsun