Kim bolasyñ geler?....
Kim bolasyň geler?
Gysgadan anyk we çuňňur manyly şu sowaly saňa-da, özüme-de beresim gelýär. “Eger-de şu durmuşy täzeden ýaşap bilýän bolsak, onda kim bolup ýaşamagy saýlardyňyz?”. Taryhda bar bolan ýa-da tanyşlaryňyzdan haýsy şahsyýetiň ykbalyny saýlap alardyňyz? Siziň saýlan adamyňyz kim? Näme üçin şony saýlardyňyz? Onuň haýsy häsiýetlerini, nähili endiklerini eý görýäňiz?
Ýadyňda galan şahsyýetlerden birini saýlanyňdan soň, onuň göwnüňe eý görünen häsiýetlerini, aýratynlyklaryny ýatla. Göz öňüne getirdiňmi? Pikiriňi jemlediň dälmi? Gel, onda ikimiz bilelikde goşgy setirlerinden süzülip alnan aşaky jümleleri üns bilen okaly:
“Eger-de käbir adamlar göwnüňe ýaran bolsa, sen hem şolaryňky ýaly häsiýetlere büren. Şonda şeýle abraý sende hem bolar. Diňe haýran galmak ýa-da halamak bilen çäklenseň, beýikleriň hatarynda ornuň bolmaz.”
Hak aýdylan söz makul jümle. Käbir adamlar ýa-da olaryň käbir häsiýetleri barada diňe täsire gaplanyp otursak, halamak bilen kanagat etsek, şol häsiýetleri özümizde terbiýelmäge, bürenmäge yhlas-tagalla etmezlik asla kabul ederlikli däldir. Beýik mertebelere abraýly derejelere ýetmek üçin olary köre-körlük bilen gaýtalamak gerek däl. Ýa-da özümizde heniz ýokdugy, özgelerde bardygy üçin gyýylyp-gyýnanyp, kine-kitüwe çümmekligem bimany. Özümize erk etmegi öwrensek, özümize diýen etdirip bilsek, tijensek, şol ýagşy gylyk-häsiýetleri, ajaýyp keşpleri özleşdirip bileris. Gylyk-häsiýetleriň zerbap lybasyna bürenmegi başararys. Käbirimiziň eý görýän adamlarymyzdaky ýaly häsiýetleri özleşdirip, ählisini gaýtalap bilmezligimiz mümkin. Belki-de, şol şahsyýetiň hut özi ýaly bolmagy başarmarys. Muňa garamazdan, biziň her birimiz häsiýetlerini eý görýän birnäçe ýagşy adamlarymyzy saýlap bileris. Olaryň hersinden bir gowy häsiýeti öwrensegem, özgelere abraý-mertebe gazandyran köpsanly häsiýetleri kemala getirip bileris. Şeýdibem, başga bir adam bolmagy başarmarys, emma özümiz bolup galarys bu bolsa, iň uly utuşlaryň biri hasaplanýar. Özümizi iň ajaýyp häsiýetler bilen bezemegiň hötdesinden geleris. Şu hakykaty hemişe peýdalanmagy başaralyň – ýagşy gylyk-häsiýetlere beslenmek üçin hiç zat biziň öňümizi bökdeýän däldir. Eger, nämedir bir zat bize päsgel berýän ýaly görünýänem bolsa, ynanaýyň, bu diňe bahanadyr.
Gel, ýene bir ýola gaýtadan göz gezdireli:
1.Özüňden başgakim bolmagy arzuw edersiň?
2.Ol şahsyň nähili ajaýyphäsiýetleri bar?
3.Seniň göwnüňden turýan 5 sany has gowy adamlar kimler?
4.Seniň garaýşyňa görä, olaryň haýsy häsiýetleri seniň ünsüňi çekdi?
Indi bolsa, sen şolaryň şonça ýagşy häsiýetleriniň içinden birini ýa-da iki sanysy saýla hut şu günden başlap, özüňi şol häsiýete laýyk alyp barmaga çalyş. Şol häsiýetleri ymykly ornaşdyranyňdan soňra, beýleki gowy görýän häsiýetleriňe geçmegiňi dowam et. Seniň ädim-ädim ymtylyşyň kämillige eltýän ymykly güýje öwrüler.
Yokardaky 4 soragy jogaplamany hem yatdan cykarmañ...

11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.