Gerçeklik ýolunda amal edip boljak pikirler

Kim bolasyň geler?
Gysgadan anyk we çuňňur manyly şu sowaly saňa-da, özüme-de beresim gelýär: «Eger-de şu durmuşy täzeden ýaşap bilýän bolsak, onda kim bolup ýaşamagy saýlardyňyz?». Taryhda bar bolan ýa-da tanyşlaryňyzdan haýsy şahsyýetiň ykbalyny saýlap tutardyňyz? Siziň
saýlan adamyňyz kim? Näme üçin hut şony saýladyňyz? Onuň haýsy
häsiýetlerini, nähili gylyklaryny eý görýärsiňiz?
Ýadyňda saklanan şahsyýetlerden birini saýlanyňdan soň, onuň göwnüňe eý görnen häsiýetlerini, aýratynlyklaryny ýatla. Göz öňüne getirdiňmi? Pikiriňi jemlediň dälmi? Gel, onda ikimiz bilelikde goşgy setirlerinden süzülip alnan aşaky jümleleri üns bilen okaly:
«Eger-de käbir adamlar göwnüňe ýaran bolsa, sen hem şolaryňky ýaly häsiýetlere büren. Şonda şeýle abraý sende hem bolar. Diňe haýran galmak ýa-da halamak bilen çäklenseň, beýikleriň hatarynda ornuň bolmaz».
Hak aýdylan söz, makul jümle. Käbir adamlar ýa-da olaryň käbir häsiýetleri babatda diňe täsire gaplanyp otursak, halamak bilen kanagat etsek, şol häsiýetleri özümizde terbiýelemäge, bürenmäge yhlas-tagalla etmezlik asla kabul ederlikli däldir. Beýik mertebelere, abraýly derejelere ýetmek üçin olary köre-körlük bilen gaýtalamak gerek däl. Ýa-da özümizde heniz ýokdugy, özgelerde bardygy üçin gyýylyp-gynanyp, kine-kitüwe çümmekligem bimany. Özümize erk etmegi öwrensek, özümize diýen etdirip bilsek, tijensek, şol ýagşy gylyk-häsiýetleri, ajaýyp keşpleri özleşdirip bileris. Gylyk-häsiýetleriň zerbap lybasyna bürenmegi başararys. Käbirmiziň eý görýän adamlarymyzdaky ýaly häsiýetleri doly özleşdirip, ählisini gaýtalap bilmezligimiz mümkin. Belki-de, şol şahsyýetiň hut özi ýaly bolmagy başarmarys. Muňa garamazdan, biziň her birimiz häsiýetlerini eý

görýän birnäçe ýagşy adamlarymyzy saýlap bileris. Olaryň hersin den
bir gowy häsiýeti öwrensegem, özgelere abraý-mertebe gazandyran
köpsanly häsiýetleri özümizde kemala getirip bileris. Şeýdibem, başga
bir adam bolmagy başarmarys, emma özümiz bolup galarys bu bolsa,
iň uly utuşlaryň biri ha saplanýar. Özümizi iň ajaýyp häsiýetler bilen
bezemegiň hötdesinden geleris. Şu hakykaty hemişe peýdalanmagy
başaralyň – ýagşy gylyk-häsiýetlere beslenmek üçin hiç bir zat bize
päsgel berýän däldir. Has gowy adam bolmak üçin hiç bir zat biziň öňümizi bökdeýän däldir. Eger, nämedir bir zat bize päsgel berýän
ýaly görünýänem bolsa, ynanaýyň, bu diňe bahanadyr.
Gel, ýene bir ýola gaýtadan göz gezdireli:
1. Özüňden başga kim bolmagy arzuw edersiň?
2. Ol şahsyň nähili ajaýyp häsiýetleri bar?
3. Seniň göwnüňden turýan 5 sany has gowy adamlar kimler?
4. Seniň garaýşyňa görä, olaryň haýsy häsiýetleri seniň ünsüňi
çekdi?
5. Indi bolsa, sen şolaryň şonça ýagşy häsiýetleriniň içinden birini ýa-da iki sanysyny saýla we hut şu günden, şu pursatdan başlap, özüňi şol häsiýete laýyk alyp barmaga çalyş. Şol häsiýetleri ymykly özleşdireniňden soňra, beýleki gowy görýän häsiýetleriňe geçmegiňi dowam et. Seniň ädim-ädim ymtylyşyň kämillige eltýän ymykly güýje öwrüler.
4 лайков 116 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ötegçi
01 июн 2022, 08:25
1. Ozumden bašga Muhammed Ali bolmagy arzuw ederdim.
2. Gönümel. Mert. Iñ esasam çydamly.
3. 5 kişini saýlamaly bolsa: Muhammed Ali, Brýus Li, Ipman, Maýkl Jordan, Altymyrat.
4. M.Ali-Gönümel,mert-çydamly.
Lee- çakgan, paýhasly.
Ipman-maşgalasyny has köp alada edýär.
Jordan-ruhubelent.
Altymyrat-pespäl
(Aslynda bulañ birinde agzalan häsýet hemmesine-de mahsus) ýöne ýazaýdym. Gyzykly boldy. Beýlekilerem ýazsa gowy hem pijirlendiriji bolardy. "Gamgyn bolma"da bardy oydýan ýalñyšmasam. Şeýle okap otyrkañ yazylanogam. Okap geçilýar. Açyp oñarypsyñ!
Ötegçi
01 июн 2022, 11:16
Dowam edýan ýokmy halaýyk?!?
Senyorita.
01 июн 2022, 13:09
Nuraý dugosh ýagdaýlaň niçik?!

1. Özümden başga "Kardeslerim" serialyndaky Kadir ýaly häsiýetli bolmagy arzuw ederdim.
2. Aýdyp gutarar ýaly däl. Hakyky adam hökmünde göz öňüme gelýä şol. Ruhy taýdan öte güýçli..
3. "Prison break" serialyndaky Maýkl, juda akylly.
"Jon Uik" filmindäki Jon Uik çydamly, sabyrly, güýçli ruhy tarapdan, fiziki tarapdanam.
Dynamo haýran galdyryjy, gowy häsiýeti köp.
Habib Nurmagamedow özüne ynamy güýçli, onuňam gowy häsiýeti köp.
Aslynda meniň iň meňzäsim gelýän adamym bu meniň papam. Azajyk gaharjaňrak bolsa-da, zähmetsöýer, ugurtapyjy, akylly, çydamly, ynamy güýçli, meň üçin hemmetaraplaýyn nusga bolýan adam.
3 bilen 4- i goşup jogaplaýdym men-ä.
5. Bolýa. Motiwasiýa bereniň üçin sag bol.
Meň üçin kyn soraglary berdiň. Aslynda meňzäsim gelýänler köp, gysgaltdyrdyň-da.
Ýöne umumylaşdyrsak şol meňzäsim gelýänleriň häsiýetleri meňzeşräk.
Senyorita.
01 июн 2022, 13:11
Dugosh özüňem soraglara jogap ýazyp goýber. :)))
Aýnur
Автор 01 июн 2022, 14:36
senyorita.
Dugosh özüňem soraglara jogap ýazyp goýber. :)))

Salam Göwher aý gowymy özüň? Menem gowyla bir egzamindenä dyndyk))
Bolýa ýazjakdyryn hökmän)