Ýa men akmakmykam?
ÝA MEN AKMAKMYKAM?
Näme üçin käbir adamlaryň täze pikirleri (analiz edip) kabul etmek ukyby olaryň baý durmuş tejribesine garamazdan pes bolýar? Ýa-da olar öz pikirleriniň, düşünjeleriniň, şu wagta çenli ynanyp gelen zatlarynyň ýalňyşdygyny boýnuna almakdan gorkýarlarmyka? Käbir adamlara duşýaň, daşyndan ylymly-bilimli, ençeme ýurtlarda ýaşap, giň gözýetimli adamdyr öýdersiň… Emma ýok, pikirlerini diňleseň “aý bula henizem şooo orta asyrda gapjap galypdyr” diýesiň gelýär. Şeýle bir adamlar bar: ýerini çalyşdygyndan täze jemgyýete şeýle bir çalt uýgunlaşýar, haýran galýaň. Bu diýilse, hökman jemgyýetiň erbet taraplarynam almaly däl. Her ýerden gowy zatlary alyp jemlesek nähili bolardyka? Dünýäniň iň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri bolardyk, meniň pikirimçäää. (Wait, what? Biz näme dünýäniň iň öňdebaryjy ýurdy dälmi näme?)
Ýenede: näme üçin adamlar (gowy) täze pikirleri kabul etmekden gaçýarlar? Eýsem ösüş şonda dälmi? (Ýa-da men akmakmykam?)
“Her döwür täze nesil konfliktlary bolar” diýýärler. Biziň döwürimiziň käbir “öňdengörüjileri” – “Meniň çagalarym bilen konfliktym bolmaz” diýýärler.. 15–20 ýyl soňra ogly gelip “Eje-kaka, men geý!” diýse, nujeli “Aý oglum, berekella, gel buny gutlap tort iýeli” diýäýerlerkä? Umuman heniz bilinmeýän konfliktlaram ýüze çykyp biler. Internediň döränine ýaňy 20 ýyl töweregi boldy dälmi eýsem? Onsaň nädip şu geljekki ene-atalar (iň bärkisi) öz çagalary bilen konfliktlardan gaçmagy planlaýarlarka.. “Eý dogan, indi senem şu orta asyr düşünjäňi “update” et” diýesiň gelýär welin.. Ýa-da men akmakmykam?..
@Cypress Anna
10/10/19 medium.com

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.