Täze äpet planeta tapyldy.
Stokgolm uniwersitetiniň astronomiýa professory Markus Jansonyň ýolbaşçylygyndaky topar täze gözleg netijelerini çap etdi. Şol gözlegiň netijelerine görä, Çilide ýerleşýän Günorta Obserwatoriýasynyň örän uly teleskopynyň maglumatlary peýdalanylyp, Ýupiteriň massasyndan takmynan 11 esse köp bolan ägirt uly planeta tapyldy.
Öňki gözlegler, Günüň massasyndan 3 esse käbir kiçi planetalary tapmak üçin oňaýly netijeleri beripdi. Ýöne täze gözlegler, öňki gözlegleriň görkezişinden has uly ýyldyz ulgamlarynda planetalaryň hem emele gelip biljekdiginiň üstüni açdy.
“B Cen (AB)” diýlip atlandyrylan bu täze äpet planeta, Ýupiteriň häzirki orbitasyndan 100 esse giň we Ýer bilen Günüň arasyndaky aralyk 560 esse uludyr.
“B Cen (AB)” diýlip atlandyrylan täze planeta, astronomlaryň arasynda şu wagta çenli jedelleşilýän käbir meseleler boýunça birnäçe pikirleri berer diýlip çaklanylýar.
Şaweli MOMMOKOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby

13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.